«Akylly» şäherde jaý toýlary tutuldy

13 Dekabr 2024
133

Ýurdumyzda bellenilýän şanly baýramçylyklar mynasybetli Arkadag şäherinde geçirilýän dabaralary täze şähere göçüp gelen maşgalalaryň jaý toýlary bilen utgaşdyrmak asylly däbe öwrüldi. Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralandyrylan günlerinde hem bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesine «akylly» şäherden jaýly bolmak bagty miýesser etdi.

Şanly sene mynasybetli jaý toýlary ähli amatlyklar üpjün edilen, iki gatly jaýlardan ybarat bolan kottej toplumynda ýaýbaňlandyryldy. Dabara Arkadag şäheriniň we onuň etraplarynyň häkimlikleriniň, beýleki edaralarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleri joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň şatlygyny has-da belende göterdiler. Dabara gatnaşyjylar halkymyzyň eşretli durmuşynyň üpjün edilmegi ugrunda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Myrat BAÝRAMOW.