Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Gutlag hatlarynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän ýurtlar, halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýändigi nygtalýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamanyň iki gezek kabul edilmegi ata Watanymyzyň belent abraýynyň dünýä giňişligindäki ykrarnamasydyr. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan köpugurly işinde üstünlikleri arzuw edýärler.
Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlady.