Geçmişden geljege ruhy köpri
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran ylmy gözlegleriniň netijesi bolan «Hakyda göwheri» atly kitabynyň neşir edilmegi bilim işgärleri üçin aýratyn buýsançly waka öwrüldi. Ylmy maglumatlara esaslanýan bu kitap «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji baby türkmen halkynyň baý taryhyna, ikinji baby bolsa bahasyz ruhy mirasyna bagyşlanypdyr. Onlarça kitaby, düýpli ylmy işleri ýazyp, halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby taryh ylmynda möhüm waka bolmak bilen, ol, ilkinji nobatda, bu ugurdaky alymlar üçin aýratyn gymmatlydyr. Geçmişde bolup geçen wakalary, gadymy medeniýetleriň we döwletleriň döremegine, ösmegine sebäp bolan şertleri öwrenmek, beýan etmek taryh ylmynyň esasy wezipelerindendir. Bu wezipäni amala aşyrmagyň birnäçe ýollary bolup, taryhçynyň ylym äleminde üstünlik gazanmagy, düýpli ylmy işleri ýazyp bilmegi köp babatda onuň peýdalanýan usullaryna baglydyr. Geçmişde onlarça alymlar taryhy öwrenmegiň we beýan etmegiň dürli usullaryny döredipdirler. Gündogaryň beýik alymy, sosiolog Abu Zeýd ibn Haldun taryhy wakalaryň sebäplerini seljermekde tebigy şertleri we durmuş-ykdysady ýagdaýlary öwrenmegi teklip edipdir. Nemes alymy Wilgelm Dilteý taryhy wakalara şahsyýetleriň häsiýetleriniň, bilim we medeni derejeleriniň täsir edýä