"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy

Ýakynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa žurnalistler, gazet-žurnallaryň döredijilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýaly asylly ýörelgelerine pugta eýerilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Döwür bilen aýakdaş gidýän žurnalistler öz täsirli çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasaty, ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda gazanylýan üstünlikler, ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ýaşlaryň durmuşyndaky orny, ýurdumyzda žurnalistikanyň ösüşi, ýaş žurnalistlere berilýän goldawlar dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmeginde, olaryň watançylyk duýgularynyň metbugat sahypalarynda şöhlelenmeginde «Nesil» gazetine uly ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi.

Söz joş edip dillerde

Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan, täze — 2025-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşy alýan günlerimizde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynyň giň eýwany Täze ýyl öwüşginine beslendi. Ol ýerde beýik söz ussadynyň ýubileý toýy mynasybetli «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde yglan eden «Magtymguly — söz ummanynyň ägirdi» atly döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanan dabara geçirildi. Magtymguly atamyzyň goşgy setirlerinde «Köňül gaýnar, söz joş eder dillerde» diýlişi ýaly, şygryýetiň şanly ýylynda dana Pyragyny wasp edip aýdylýan sözler dillerde joş eýleýär. Ol çagalar baglaryna gatnaýan körpejelerden başlap, ýaşlaryň, ýaşuly nesliň, ildeşlerimiziň ählisiniň dilinde dessan bolup ýaňlanýar. Bu hakykaty bäsleşigiň Düzgünnamasynyň metbugatda çap edilmegi bilen, ýylyň başyndan bäri «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasyna gelen 80-den gowrak hatyň many-mazmuny hem tassyklaýar. Olarda beýik akyldaryň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi, ynsanperwerlige, päk ahlaga, watansöýüjilige ýugrulan şygyrlarynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly atamyza we onuň baý edebi mirasyna goýýan çuňňur hormat-sarpasy,

Naz-nygmatly toý saçagy

Ata-babalarymyz toý bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlary nesillerimize miras galdyrypdyrlar. Şolaryň biri-de saçagy bezemek däbidir. Ynanja görä, toý saçagyny dürli naz-nygmatdan näçe dolduryp bilseň, rysgal-döwletiň hem şonça bol bolýar. Bu Täze ýylyň toý desterhanynyň başynda has-da äşgär duýulýar. Sebäbi saçak başynda oturan adamlar täze gelýän, garşylanýan ýylyň-da, edil toý saçagynyň üsti ýaly, bolçulykly ýyl bolmagyny arzuw edýärler. — «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda bellenilişi ýaly, biri-birinden süýji tagamlar türkmende näçe diýseň bar. Olaryň ählisi diýen ýaly sahy topragymyzda bitýän önümlerden taýýarlanýar. Şeýle bolansoň, olarda türkmen ruhunyň, türkmen dünýäsiniň özboluşly ýakymy we özüne çekiji taraplary bar. Men şeýle tagamlaryň 50-ä golaýyny taýýarlap, ildeşlerimize hödür edip gördüm — diýip, köp ýyllaryň dowamynda Kerki şäherindäki işçiler jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynda zähmet çeken we ylmy işleri ýazan Çary Rozymyradow gürrüň berýär.

Türkmenistan — Malaýziýa: dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi Kuala-Lumpur — Putrajaýa, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA

1. Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri hormatly Dato Seri Anwar bin Ibrahimiň çagyrmagy boýunça 2024-nji ýylyň 18-19-njy dekabrynda Malaýziýa resmi sapary amala aşyrdy. 2. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa ilkinji sapary Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky berk gatnaşyklaryň tassyklanmasy bolup durýar. 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, iki döwlet gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Nebitgaz senagaty babatda hyzmatdaşlygyň netijesinde gatnaşyklar has-da pugtalandy. Bu bolsa iki ýurt üçin hem örän möhüm bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy

Aşgabat, 19-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň säheriniň irki pursatlarynda Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljak binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri gyş paslynyň tenekar howaly ir säherinde Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumynyň gurulmagy meýilleşdirilýän ýerine geldi. Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow Gahryman Arkadagymyza Awtomobil sport toplumynyň binalarynyň taslamalarynyň taýýarlanandygy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky ÇYKYŞY

(Putrajaýa şäheri, 2024-nji ýylyň 19-njy dekabry) Hormatly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri!Hanymlar we jenaplar!

«Akylly» şäher: häzirki we geljekki mümkinçilikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» ady bilen geçirilen halkara ylmy-amaly maslahat dünýäniň 23 döwletinden abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 55-siniň professor-mugallymlaryny, ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryny, edara-kärhanalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Utgaşykly görnüşde guralan forumyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynyň 3-siniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Biz hem maslahata gatnaşyjylaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Sergeý STANOWKIN,Ýewropa habarlar akademiýasynyň dolandyryjy müdiri (Beýik Britaniýa):

Aziýa birinjiliginden bäş medal

Ýylyň tamamlanmagyna barmak büküp sanaýmalyja günleriň galandygyna garamazdan, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan medallarynyň, tüweleme, yzy üzülenok. Ýakynda olaryň üsti ýurdumyzyň ýaş küştçüleri tarapyndan gazanylan bäş medal bilen ýetirildi. Ýurdumyzyň çagalar we ýetginjekler ýygyndylarynyň agzalary Tailandyň Bangkok şäherinde geçirilen Aziýanyň birinjiligine gatnaşdylar. 7, 9, 11, 13, 15 we 17 ýaş derejelerinde geçirilen yklym birinjiligi 31 döwletden 555 küştçini özünde jemledi. Bu ýaryşdan türkmen küştçüleri medallaryň bäşisi bilen dolanyp geldiler.

Türkmen-malaý gepleşikleriniň jemleri: möhüm resminamalar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesinde öz beýanyny tapdy. Malaýziýanyň Hökümet binasynda döwlet Baştutanymyzyň hem-de dostlukly ýurduň Premýer-ministriniň gatnaşmaklarynda resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda diplomatlary taýýarlamak we ylmy alyş-çalyş pudagynda hyzmatdaşlyk etmek babatda özara düşünişmek hakynda diplomatik notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň wiza talaplary kem-käsleýin ýatyrmak hakynda arasynda Ylalaşygy hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda howa gatnawy hakynda Ylalaşygy we awiýasiýa senagaty babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda notalar bilen alyş-çalyş; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Malaýziýanyň Hökümetiniň arasynda syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Malaýziýanyň Halkara söwda-senagat edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän «

Türkmen-malaý gepleşikleri geçirildi

Şu gün Kuala-Lumpurda ilkinji gezek resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Dato Seri Anwar Ibrahimiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Däp bolşy ýaly, belent mertebeli türkmen myhmanyny resmi taýdan garşylamak dabarasy Kuala-Lumpurdan 20 kilometr uzaklykdaky Malaýziýanyň häzirki zaman dolandyryş merkezi hasaplanýan Putrajaýa şäherinde geçirildi. 1995-nji ýylda esaslandyrylan bu şäherde Premýer-ministriň we Hökümetiň iş kabulhanasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy

Aşgabat — Kuala-Lumpur, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Malaýziýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisi bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugurda başyny başlan strategiýasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz! Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň halkyna Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy ibermek meniň üçin uly hormatdyr. Bu şanly gün Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we diplomatik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň özara ynanyşmaga, netijeli dialoga esaslanýan halkara gatnaşyklara çemeleşmesi dünýädäki köp sanly adamlar üçin ylham çeşmesidir. Siziň ýurduňyzyň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy berkitmek babatdaky tagallalary diňe bir Siziň döwletiňiziň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşine-de uly goşant goşýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen paýtagtynda guralan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu çäreleriň ýokary derejede geçirilmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Aşgabat, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň çuň many-mazmunly bu eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan we türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin möhüm gollanma öwrülen bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösüşinde nobatdaky möhüm ähmiýetli waka boldy. Şeýle hem bu ýokary okuw mekdebi bilen hyzmatdaşlykda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly edebi-filosofik eseri terjime edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby şu ýylyň ýanwarynda ýapon dilinde çapdan çykdy.

Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär

Aşgabat, 18-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynda sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr.

Köňülleri birleşdirýän gymmatlyk

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasynda ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty esasynda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmakda bu ajaýyp eseriň gymmatly gollanma öwrüljekdigi biragyzdan bellenildi. Biz hem çärä gatnaşan wekilleriň käbiriniň bu barada beren gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik. Atadurdy BAÝRAMOW,Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

Türkmen-rus gatnaşyklarynyň şanly sepgitleri

Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň resmi taýdan ýola goýlan senesinden bäri, dostluk, açyklyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklary yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna möhüm sahypalar hökmünde ýazylan wakalara baý boldy. Bular barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan WOLYNKIN türkmen we rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin düýn geçiren metbugat maslahatynda giňişleýin gürrüň berdi. Syýasy dialog hereketde

Çagalaryň sagdyn we bagtyýar geljegi ugrunda

Çagalar — biziň geljegimiz, ýurdy has-da beýik sepgitlere ýetirjek, merdana pederlerimizden miras galan mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özerkliligini gorap saklajak nesillerimiz. Her bir halka mahsus bolşy ýaly, türkmenlerde hem körpe çaga, perzent durmuşyň gülüne, altyn aşyga deňelýär. Olar aýratyn üns-alada, mähir bilen gurşalýar. Bu barada halkymyzda «Çagaly öý — bazar» diýen dürdäne söz hem bar. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda öý-ojak, maşgala mukaddesligi, ene-ata bilen perzentleriň arasyndaky mähribanlyk kökeni barada: «Ata-ene öýüň mähir ojagydyr. Perzentler onuň mähir alawydyr» diýýär. Ine, «mawy» ekran arkaly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde garalan meseleler, kabul edilen çözgütler bilen tanşanymdan soňra şeýle oýlara berildim. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gazna tarapyndan tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda bitirilen işler barada hasabatlary diňlemegi, düzümiň işini has-da kämilleşdirmek barada çözgütleriň kabul edilmegi bu haýyr-yhsan işleriň geriminiň has-da giňeldiljekdiginden, kämilleşdiriljekdiginden habar berýär. Şeýle pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden çykyşynda aýdan bir jümlesi hakydaňa berk ornaýar, ol hem Milli Liderimiziň: «Ý

Ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn ösüş we özgertmeler strategiýasy häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan giň möçberli işler döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alyp, täzeçilligi bilen tapawutlanýar. Olar halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ýurdumyzyň ösüş ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegine gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýurdumyzda täze durmuş-ykdysady özgertmeleri çuňlaşdyrmaga, senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda maglumatlar makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalary işläp taýýarlamakda örän möhümdir. Olar ilatyň demografik görkezijilerini, iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş derejesini, şonuň ýaly-da, milli hasaplary, maliýe-maýa goýum işini, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek babatda görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, jemi içerki önüm yzygiderli artýar. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanylýar. Ähli pudaklara sanly ulgamy hem-de innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda daşary ýurtly alymlar, hünärmenler bilen hyzma