"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar» atly halkara maslahat geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatlary, halkara, sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň we onuň ugurdaş düzümleriniň, ÝB-niň, TDG-niň wekilleri, halkara gatnaşyklar, howpsuzlyk ulgamy boýunça iş alyp barýan bilermenler, ýaşlar, raýat jemgyýetiniň, ylmy-barlag merkezleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasy ugruna berk eýermegini dowam etdirýär. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň geljege gönükdirilen dogry we öňdengörüjilikli ädim bolandygyny bellemek gerek.

Ählumumy dialoga ygrarlylyk

Dmitriý ŞLAPAÇENKO,BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy. Şu gün — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Ol parahatçylygy, durnuklylygy we ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekde bitaraplygyň döredijilik kuwwatyny subut etmäge bagyşlanan baýramçylykdyr. Bu ýyl ol Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny kesgitleýän özboluşly hukuk derejesi bolan hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen hem gabat gelýär. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen döwründen bäri, Türkmenistan Bitaraplygyň ählumumy diplomatiýanyň, sebitleýin hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň özeni bolup biljekdigini aýdyň görkezip gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir hukuk derejesi bolman, eýsem, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, hormatlamagy, ynanyşmagy berkitmek babatda ýurduň çemeleşmelerine ornan filosofiýadyr hem.

«Sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigine buýsanýarys»

Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde işini tamamlaýan hanym Teri Hakalany kabul etdi. Bu jogapkärli wezipede üç ýarym ýyla golaý zähmet çekip, ýurdumyz bilen ýygjam hyzmatdaşlygy ýola goýan diplomat saparynyň çäginde öz alyp baran işleriniň netijelerine syn berip, ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň geljegi baradaky pikir-garaýyşlaryny paýlaşmaga gyzyklanma bildirdi. Biz hem hanym Teri Hakala öz sowallarymyz bilen ýüzlenip, söhbetdeşligi okyjylara ýetirmegi makul bildik. — Hanym Teri Hakala, Siz Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hökmünde üç ýyldan gowrak alyp baran işiňizi tamamlaýarsyňyz. Ilki bilen, Size bu jogapkärli wezipede sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda eden tagallalaryňyz üçin hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris. Siz şu geçen döwürde gazanylan netijelere nähili baha berýärsiňiz?

Baş maksat — halkyň durmuş abadançylygy

Watanymyzyň sebitlerinde baýramçylyk mynasybetli täze binalar açyldy Asylly däbe görä, şanly senäniň — Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binalaryň açylyş dabaralary boldy. Häzirki wagtda tutuş Diýarymyz boýunça giň gerimli gurluşyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi sebitleriň ösüşine täze depgin berýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. Täze binalaryň daş-töweregi baýramçylyk görnüşinde bezelip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden we jöwher

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Ýaşulular — ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mübärekläp, giňden bellenilýän baýramçylyk günlerinde myhmansöýer türkmen topragynda duşuşmaga şatdygyny belledi. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini halkara giňişlikde yzygiderli goldaýar. Binali Ýyldyrym Türkmenistandaky dabaralara gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident!

Türkmenistanda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident!

Türkmenistanda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOWA Jenap Prezident!

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy

Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi. Dabaralar ähli toplumlarda geçirilip, olara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary Halkara Bitaraplyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler. Sylaglananlaryň hatarynda Mejlisiň deputatlary, daşary ýurtlarda döwletimiziň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatlar, döredijilik, medeniýet we sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bilim, ylym, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, maliýe, söwda, bank, ykdysadyýet, ýangyç-energetika, gurluşyk-senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa pudaklarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaral

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmeniň beýik akyldar ogly we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyrdy. Onuň juda giň mazmunly şygyrlary kalbyňy heýjana salyp, ajaýyp durmuşy söýmäge, ynsan mertebesini belent tutmaga, adalatlylyga çagyrýar. Ähli döwürleriň nusgawy şahyrynyň il-ýurt, durmuş, adam ykbaly, söýgi baradaky örän düýpli pelsepä ýugrulan ölmez-ýitmez şygyrlary diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, külli adamzada ençeme asyrlaryň dowamynda ruhy lezzet berip gelýär. Şoňa görä-de, milli şahyrymyz we buýsanjymyz her bir türkmeniň öý-ojagynda, kalbynda we aňynda hemişelik ýaşaýar. Häzirki döwürde ynsanperwer beýik söz ussadynyň düýpsüz döredijilik dünýäsi hemmetaraplaýyn içgin öwrenilýär hem-de halk köpçüligine giňden ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

«Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!»

Aksoltan ATAÝEWA,Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi.

Magtymguly Pyragynyň dünýäsi köňülleri birleşdirýär

Düýn ýurdumyzyň dürli pudaklarynda hormatly Prezidentimiziň Permany we Karary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly raýatlaryň köp sanlysyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň, ýadygärlik nyşanlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Biz döwletimiziň sylag-serpaýyna mynasyp bolanlaryň käbirleriniň ýürek sözlerini ýazga geçirdiler. Orazgeldi HÜMMEDOW,Türkmenistanyň Mejlisiniň umumy bölüminiň terjime bölümçesiniň müdiri:

Daşary ýurt dillerini öwretmekde täzeçil usullar

Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan wekiller gatnaşdylar. Iki günläp dowam eden maslahatda dilleri öwrenmegiň we okatmagyň döwrebap usullary, Türkmenistanda dil bilimini ösdürmekde ýetilen sepgitler, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda ýurdumyzda aýry-aýry dilleri öwretmekde daşary ýurtlar bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň çykyşy hem bu ugurdaky türkmen-fransuz gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 9-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we ähli halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady. Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!Hormatly mejlise gatnaşyjylar!