"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň “Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesi” transmilli hödürnama toplumynyň iş toparynyň wekilleri we milli utgaşdyryjylary, ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň (IKOMOS), Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Beýik Ýüpek ýolunyň gadymyýetde Gündogar we Günbatar ýurtlaryny baglanyşdyran hem-de häzirki Türkmenistanyň çäginden geçen deňi-taýy bolmadyk yklymara geçelge bolandygy aýratyn bellenildi. Munuň şeýledigi gadymy, orta asyr alymlarynyň ylmy işlerinde hem tassyklanylýar. Saklanyp galan taryhy-medeni ýadygärlikler, türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan toplanan baý arheologik tapyndylar hem muňa güwä geçýär. Bu maglumatlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly düýpli eseriniň ylmy binýady bolup hyzmat etdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwh

Halkara medeni dialogy işjeňleşdirjek gymmatly eser

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyza sowgat eden «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerime eýe bolýar. Iki dilde neşir edilen täze kitabyň halklaryň arasynda medeni dialogy işjeňleşdirmek babatda hem ähmiýetli boljakdygy şübhesizdir. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabarada çykyş eden daşary ýurtlaryň ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalarynyň käbiriniň ýolbaşçylary şeýle diýýärler: Ahmet DEMIROK,Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi:

“Syýasat we jemgyýet” žurnalynyň täze sany

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy tarapyndan neşir edilýän «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-nazaryýet žurnalynyň 11-nji sany çapdan çykdy. Nobatdaky sanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen 2023-nji ýylyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda bolup geçen möhüm wakalary, ýurdumyzyň döwlet strategiýalarynyň, halkara gatnaşyklarynyň esasy wezipelerini beýan edýän 20-ä golaý makala ýerleşdirilipdir. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösdürmegiň meselelerine, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Žurnalyň ilkinji makalasynda geçen ýylda türkmen halkynyň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygyny giňden baýram edendigi bellenilýär. Şunuň bilen birlikde, ähli ulgamlarda 2023-nji ýylda gazanylan üstünliklere gysgaça syn berilýär. Žurnalyň 11-nji sany üçin ýörite taýýarlanylan seljerme häsiýetli makalada ýurdumyzyň içeri syýasatynyň baş maksatlary barada gürrüň berilýär. Onda getirilýän statistiki maglumatlar Watanymyzyň toplumlaýyn ösüşine, dünýä giňişliginde abraýynyň belende göterilmegine, ykdysady kuwwatyň berkidilmegine, türkmenistanlylaryň bagtyýar

Uly çille

Ýurdumyzda gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Ata-babalarymyz bu pasly dörde bölüp, onuň her bölegini häsiýetine, wagtyna görä atlandyrypdyrlar. Ata-babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda ýöredip gelen milli senenamasy boýunça 7-nji dekabrda garagyş döwri tamamlanyp, 8-nji dekabrdan uly çille başlanýar. Çille — bu pars dilindäki «çil» sözi bilen baglanyşykly bolup, ol «kyrk» diýen manyny aňladýar. Şondan bolsa gerek, uly çille hem kyrk gün dowam edýär we ol gyşyň örküji hasaplanýar. Dogrudan-da, 8-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli bolan döwri alyp görseň, aýazly, sowuk günleriň hut şu döwürde köp bolýandygy äşgärdir. Ýöne käte bu döwürde maýyl günler hem köp bolýar. «Edil ýazyň güni ýaly» diýdirýän şol günlerde maldarlar öňde boljak aýazly günlere taýýarlyk görýär, daýhan hem suw akabalaryny arassalap, gyş suwunyň aladasy bilen bolýar. Garaz, gyşyň maýyl gününi her kim özüçe peýdalanýar. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, bu döwürde ätiýajy elden bermeli däl. Her pursatda gyşyň gar-ýagşyna, şatlama aýazyna taýýar bolmaly.

Türkmen karateçilerinden medallar çemeni

Germaniýanyň Hemnis şäherinde sportuň karate-do görnüşi boýunça geçirilen açyk çempionatda türkmenistanly türgenler dürli derejeli medallaryň 45-sine mynasyp boldular. Halkara ýaryşa bäş döwletden müňe golaý türgen gatnaşdy. Ol karate-donyň kata (görkezme çykyşlar) we kumite (tutluşyklar) görnüşleri boýunça geçirildi. Türkmen ýygyndysy bu ýaryşa 18 türgen, 7 emin we 2 sany tälimçi bilen gatnaşdy. Halkara ýaryşda türkmen türgenleri altyn medallaryň 21-sini, kümüş we bürünç medallaryň her haýsysyndan 12-sini gazandylar. Şeýlelikde, ildeşlerimiz toparlaýyn hasapda ýer eýelerinden — Germaniýanyň ýygyndysyndan soň ikinji orny eýelediler. Polşanyň, Çehiýanyň we Nepalyň ýygyndylary bolsa, degişlilikde, üçünji, dördünji hem-de bäşinji orunlary paýlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we hoşniýetli arzuwlaryny iberdi. “Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Gyrgyzystan döwlet gurluşyny berkitmekde, halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrmakda we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazandy” diýlip, hatda nygtalýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha bermek bilen, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde Sadyr Žaparowyň uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Stubba ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Aleksandr Stubba tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Finlýandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Prezidentine şu gezekki telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda Oman Soltanlygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, men jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini Oman Soltanlygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Onuň ýokary hünär derejesi we ukyp-başarnyklary özüne ynanylan wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň ynamyna, hormatyna mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, jenap Saif bin Raşid bin Saif Al-Jahwarini hoşniýetli kabul etmegiňizi we meniň adymdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize abadançylyk, bagtyýarlyk, ýurduňyza rowaçlyk baradaky arzuwlarymy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary boýunça halkara maslahat

Aşgabat, 5-nji dekabr (TDH). Şu gün Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Utgaşykly görnüşde geçirilýän foruma Türkmenistanyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň 30-dan gowragyndan dil bilimi hem-de daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça iş alyp barýan professor-mugallymlar, bilermenlerdir hünärmenler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Şu gezekki maslahat we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilim ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda guralan çäreleriň üstüni ýetirdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde milli bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylýandygyny, orta we orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň ýokary derejesiniň üpjün edilýändigini bellemek gerek. Sanly ulgamy ösdürmegiň we daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň öňdebaryjy usullary we tejribeleri ornaşdyrylýar.

Bitewülik berekedi

Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary barada söhbet Mukaddes Käbä zyýarat

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly tagalla edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy bolan Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini hem görkezmek bolar. Resminamada halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm ugurlar öz beýanyny tapdy. Ylalaşygyň çäklerinde, 18 — 26-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda russiýaly kärdeşlerimiziň alyp barmagynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary guraldy.

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Öňňin Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi düýn öz işini dowam etdi. Türk kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir meýdança jemlän serginiň ikinji gününde täze önümleriň, döwrebap tehnologiýalaryň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Biz hem serginiň çäklerinde türkiýeli işewürleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Adem TAÝFUN,«Hilal Alüminyum» kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjysy:

Tejribe — kämillige ýol

Islendik hünäriň hakyky ussady bolmakda tejribe zerurlyk hasaplanýar. Ol kämillige ýetmegiň iň netijeli ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmaklary babatda uly aladalar edilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda geçmekleri olaryň saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak baradaky asylly başlangyjynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, 2014-nji ýyldan bäri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeligini geçip gelýärler. Ýakynda hem institutyň halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistikasy fakultetleriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 12-si ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeliginde boldular. Talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, syýasy sowatlylygyny artdyrmak, ýokary de

«Arkadag» topary — Naýbaşy kubogyň eýesi

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçirilen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Balkanabat şäherinde bolan duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ilkinji gezek mynasyp boldy. Onuň şu ýylyň dowamynda duşuşyklaryň 35-sini geçirendigini bellemek gerek. Topar olaryň 29-syny Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda, 2-sini Kubok bäsleşiginde, 3-sini bolsa AFK-nyň Çagyryş kubogynda geçirdi.

Taýýarlykly garşylandy

Gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Maldar üçin synag döwri bolan bu pasla Lebap welaýatynyň maldarlary-da ykjam taýýarlyk gördüler. Güýzde mallar üçin 8169 tonna dürli görnüşli ot taýýarlanyp, bu baradaky meýilnama 101 göterim berjaý edildi. Güýz gyrkymynda 103,8 tonna ýüň almagy başaran maldarlar dessine kaşarlary abatlamagyň ugruna çykdylar. Netijede, uzak örüdäki 317 kaşar doly abatlanyp, çopanlara berkidildi. Şonuň ýaly, mallary wagtlaýyn saklamak üçin gurnalan agyllaryň-da ählisi doly abatlanyldy. Mahlasy, welaýatyň öri meýdanlarynda hiç bir desga ünsden düşürilmedi. Hatda bar bolan 551 guýynyň ählisiniň gyşda ýyly suw berip durmagy üçin ätiýaçlyk serişdeler bilen üpjün edildi. — Welaýatymyz boýunça şu ýyl iri şahly mallaryň 1158-sini, dowarlaryň hem 69 müň 127-sini gyşlatmaga girişdik. Düýeleriň baş sany 2396-a ýetdi. Köşekleriň-de sany az däl. Olaryň-da gyşladyljak ýerlerinde ot gorlaryny döretdik. Esasan-da, iri çöpli, ýandaga baý ýerleri düýelere gyş örüsi üçin saýlap goýduk. Öňki ýyllaryň gyşynda ýüze çykan käbir kynçylykly ýagdaýlar indi gaýtalanmaz ýaly, çopan-çoluklaryň we sarwanlaryň ünsüni halypa çopanlaryň iş tejribelerini öwrenmäge gönükdirdik — diýip, Lebap welaýat Maldarçylyk we guşçulyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Ruslan Jumakulyýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy. Şundan soň bizde hem şeýle tejribeli, halypa çopanlaryň biri bi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Resmi habar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Mämmet Aýmyradowiç Mämmedow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.