Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary

6 Dekabr 2024
155

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly tagalla edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy bolan Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini hem görkezmek bolar.

Resminamada halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm ugurlar öz beýanyny tapdy. Ylalaşygyň çäklerinde, 18 — 26-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda russiýaly kärdeşlerimiziň alyp barmagynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary guraldy.

Sapargeldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň bilim işgärleriniň hünärini kämilleşdiriş bölüminiň müdiri.