"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Göwher sözüň gymmaty

Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna dürli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen birlikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisi guralyp, onda sungat eserleri-de ýerleşdirildi. Täze kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasynyň Arkadag şäherinde geçirilmegi onuň ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetiren waka boldy. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde onuň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş sapary dogrusynda-da durlup geçildi.

Ýagtylyk paýlaýan önümler

Diýarymyzyň milli ykdysadyýetinde döwlete degişli bolmadyk ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçiligi ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligiň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bolşy ýaly, bu ugurda Balkan welaýatynda amala aşyrylýan işler hem ajaýyp netijelerini berýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rysgally nesip» hojalyk jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde ýerleşýän önümhanasy-da şolaryň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hususy ulgamy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanýan hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri geljekde hem döwrebap işleri alyp barmagy asylly maksat edinýärler. Bu ýerde ösen tehnologik enjamlaryň ornaşdyrylmagy dürli görnüşli önümleri taýýarlamaga giň mümkinçilik berýär. Ýakynda hojalyk jemgyýetiniň Jebel şäherçesindäki önümhanasynda «Çyrag» haryt nyşanly LED lampalar öndürilip başlandy. Ýaşlaryň birbada 40-a golaýyny iş bilen üpjün eden önümhanada taýýarlanylýan ýokary hilli lampalar sarp edijileriň uly isleginden peýdalanýar. Önümhanada ýagtylyk güýji 6 — 50 wat aralygynda bolan LED lampalaryň 10-dan gowrak görnüşi öndürilýär.

“Arkadag” toparynyň ýeňişli ýoly dowam edýär

Ýakynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 31-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Futbol çempionatymyzyň tamamlanmagyna birnäçe tapgyr galanda bassyr ikinji çempionlygyny gazanan Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňişli ýoly bu tapgyrdan soň hem dowam etdi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Köpetdag» bilen duşuşan “Arkadag” topary garşydaşynyň derwezesine jogapsyz toplaryň 8-sini geçirmegi başardy. Topara ýeňiş getiren toplaryň üçüsini çempionatyň iň köp gol geçiren oýunçylarynyň arasynda öňdäki orny eýeleýän Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy. Netijeli oýny ezber hüjümçä çempionatyň dowamynda geçiren toplarynyň sanyny 29-a ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şeýle-de bu duşuşykda Ilýa Tamurkin, Begmyrat Baýow, Şamämmet Hydyrow, Nazar Towakelow hem-de Enwer Annaýew tapawutlandylar. Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde “Arkadag II” toparynda çykyş edýän Enwer Annaýewiň uly toparyň düzüminde tapawutlanandygy örän begendirýär. Çünki “Arkadag” toparynyň düzüminde ýaş futbolçylaryň hem netije bermekleri golaý geljekde milli ýygyndymyzyň halkara giňişlikdäki çykyşlaryna öz oňyn täsirini ýetirjekdigine ynamyňy artdyrýar.

Garagumuň täsin jandary

Garagum sährasynyň haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde oňurgasyz we oňurgaly haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň, süýdemdirijileriň köp görnüşlerine gabat gelmek bolýar. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde duşýan süýdemdirijileriň biri-de gum pişigidir. Ylma mälim bolan ilkinji gum pişigi Alžiriň Saharasyndan tapylyp, 1858-nji ýylda bu barada habar berilýär. Şu güne çenli Marokkoda, Alžirde, Nigeriýada, Çadda, Müsürde, Arap ýarymadasynda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda gum pişigi hasaba alyndy. Merkezi Aziýada 1925-nji ýylda Garagum sährasynda ilkinji gezek bu jandaryň bardygyny görýärler. Ol 1960-njy ýyllaryň ahyryna çenli Üstýurt düzlügine, Köpetdaga, Amyderýa we Syrderýa aralygyna (Gyzylgum), Garaguma ýaýrap başlaýar. Ilat sanynyň köpelmegi hem-de tebigy şertleriň üýtgemegi nazara alnyp, gum pişigi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik tarapyndan hasaba alynýar.

Bilim – üstünlikleriň gözbaşy

Ylym-bilim uçar ganata deňelýär. Halkymyz ir döwürlerden bäri ylym-bilimliligi döwletlilik saýypdyr. Hut şonuň üçin hem pederlerimiziň ylym-bilimde, edebiýatda goýan yzlary häli-häzirem dünýä ýalkym saçýar. Magtymguly atamyzyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz, Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy» diýmeginiň aňyrsynda-da uly many bar. Munuň özi diňe bir ylym-taglym beren ussada däl, şol baýlygy bagyş eden topraga-da hormatyň uly bolmalydygyny görkezýär. Abu Nasr Farabynyň: «Ýurtda alymlaryň köpelmegi ylmyň ösmegine getirer. Ylmyň ösmegi bolsa ýurduň abraýynyň zyýada bolmagyna we raýatlaryň ýaşaýşynyň has gowulaşmagyna getirer. Ylym hakynda ýa-da ylmyň adyndan gürleýän adam päk göwünli, terbiýeli, erjel we ylmy söýýän adam bolmalydyr» diýen sözlerinde halkymyzyň asyrlar içre geçen şöhratly ýolunyň keşbi görünýär. Syrlardan doly ylym-bilim dünýäsine eltýän ýol her birimiziň bilim ojagymyzdan, çagalygymyzdan gözbaş alýar. Mähriban ojagymyzda ilkinji öwrenen harpymyza, alan oňat bahamyza, iň bir ýönekeýje üstünligimize ene-atamyz özümizden gowy begenýändirler. Bu ýöne ýerden däl. Sebäbi şol ilkinji ädimlerden başlan durmuş menzillerinde saňa üstünlikleriň, ýeňişleriň hemra bolmagynda ene-atanyň orny uludyr. Olaryň ýürekden çykýan şatlygy, egsilmez söýgi we yhlasy çaganyň kalbynda ynam döredýär, polat taplan ýaly taplaýar. Şonda ol ynam ýylsaýyn mäkämleşip, ynsany üstün

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem Mejlisiň şu ýylyň 30-njy noýabrynda geçiriljek nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Onda “Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen birlikde, maslahatyň gün tertibine administratiw hukuk bozulmalary, zähmet gatnaşyklary, Adalatçynyň hukuk ýagdaýy, döwlet gullugy, salgytlar, daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek, ýurdumyzyň halkara şertnamalary, daşary syýasy ugry boýunça gol çekilen ylalaşyklary tassyklamak, degişli konwensiýa goşulmak bilen bagly kanun taslamalary giriziler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow! Sizi «Hakyda göwheri» atly täze kitabyňyzyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilipdir. Ol bagtyýar halkymyzyň ýankitabyna öwrüljek gymmatly eserdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Wengriýa iş sapary

Aşgabat, 29-njy noýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş saparyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Halkara töleg ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk

27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy «Visa» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekde, öňdebaryjy töleg usullaryny durmuşa ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri ählitaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmakda uly ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, «Visa» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada we Türkmenistanda 30 ýyllyk işi — munuň özi bu gün ählumumy maliýe ulgamynda möhüm orny eýeleýän innowasiýalary, sanly özgertmeleri we hyzmatdaşlygy berkitmegiň taryhydyr. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky 1994-nji ýylda «Visa International» halkara töleg ulgamynyň agzasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ählumumy maliýe giňişligine goşulyşmagynda täze sahypany açdy. Bu gün, otuz ýyldan soňra biz öz hyzmatdaşlygymyzyň möhüm gazananlaryny buýsanç bilen belleýäris.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip

Düýn Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň guramagynda geçirilen forumyň gün tertibine ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Foruma dünýäniň abraýly bilermenleri, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, Russiýanyň, Belarusuň, Şweýsariýanyň, Awstraliýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Pakistanyň ylym-bilim merkezleriniň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Merdana nesliň bäsleşigi

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy: möhüm wezipeler, aýdyň maksatlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň, täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ylmy-barlag edaralary, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy merkezleri, önümçilik kärhanalary bu ugurda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Toplanan tejribelerden ugur alnyp taýýarlanan we 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasy» ýurdumyzyň ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary we ylmy-amaly barlaglary alyp barmak, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmak, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň, täjirçiligiň özara baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak, giň gözýetimli, täzeçil pikirlenip bilýän ýaş alymlaryň neslini kemala getirmek ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýa

Magtymguly, adyň dillerde sena

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahatlar, dabaralar, şahyryň eserleriniň terjimeleriniň tanyşdyryşlary ýaly çäreler yzygiderli geçirilýär. 22 — 26-njy noýabrda Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäreleriň biri guraldy. Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky ilçihanasy hem-de Poznan şäheriniň Aragatnaşyk we dolandyryş uniwersiteti, Adam Miskewiç adyndaky Polşa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi we filosofik mirasy — Aziýa we Ýewropa sebitleriniň arasynda medeni köpri hökmünde» atly halkara maslahata gatnaşdy.

Himiýa ugurly halkara olimpiada we maslahat

netijeli häsiýete eýe boldy Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça geçirilen III halkara olimpiadanyň jemi jemlenip, onuň bilen ugurdaşlykda guralan «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, uniwersitetiň baş binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamynda ýetilen sepgitler, himiýa tehnologiýalarynyň ösüş ugurlary, milli amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklary görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlara beslenen dabara oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Kümüş hakda kelam

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň döredijiligi barada alymlardyr ýazyjy-şahyrlar örän köp işleri bitirdiler. Dana Pyragynyň edebi mirasy umman ýaly giň we çuň. Onuň içine aralaşdygyňça, täze giňişlikler açylyp gidip otyr. Biz şu ýazgymyzda Magtymguly Pyragynyň:

Şahyryň şygyrlary — ajaýyp aýdymlar

Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdym döretmek däbi sungat ussatlarymyz tarapyndan bu günki günde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ozal şahyryň sözlerine bagşy-sazandalarymyz, mukamçy kompozitorlardan Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Sahy Jepbarow «Ýusup owgan» türkmen halk sazyna «Bu gün», Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Akmyrat Çaryýew «Içmeýen jamym», Türkmenistanyň halk artisti Nurýagdy Baýramow «Aýryldym», «Türkmeniň» ýaly birnäçe aýdymlary döretdiler. Şol aýdymlaryň halkyň hakydasynda ebedilik orun tutandygyny bellemek gerek. Akyldar şahyryň goşgularyna döredilen aýdymlar dürli temalara bagyşlanandyr. Şahyryň «Bu gün» goşgusy halypa bagşy Sahy Jepbarowyň kalbyndan joşup çykan mukam bilen özara sazlaşyp, ajaýyp aýdyma öwrülipdir. Täsin ýeri: awtoryň özüniň ýerine ýetirmegi, onda-da her aýdanda bir üýtgeşme girizmegi bilen aýdym täzeçe ýaňlanýar. Biziň halypa bagşylarymyz öz şägirtlerine-de Sahy halypanyň hut öz ýerine ýetirmeginde ýazylan ýazgylary diňläp, bu aýdymy şol durkunda ýerine ýetirmegi öwredýärler.

Gahryman Arkadagymyz Wengriýada saparda bolýar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Wengriýada iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, 25-nji noýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyzy geňeşiň agzasy hem-de hormatly myhman hökmünde Budapeştde guraljak nobatdaky mejlise gatnaşmaga çagyrypdy. Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasynda geçirilýän mejlise Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşýar. TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Onda türki dünýäniň hormatly ýaşululary Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyp, anyk teklipdir başlangyçlary beýan ederler.

Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de olaryň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Mill

Resmi habar

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.