Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Wengriýada iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, 25-nji noýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyzy geňeşiň agzasy hem-de hormatly myhman hökmünde Budapeştde guraljak nobatdaky mejlise gatnaşmaga çagyrypdy.
Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasynda geçirilýän mejlise Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşýar. TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Onda türki dünýäniň hormatly ýaşululary Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyp, anyk teklipdir başlangyçlary beýan ederler.