Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasyna dürli pudaklaryň ýolbaşçylary bilen birlikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, medeniýet ulgamynyň wekilleri, Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, mugallymlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň sergisi guralyp, onda sungat eserleri-de ýerleşdirildi.
Täze kitabyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasynyň Arkadag şäherinde geçirilmegi onuň ýaşaýjylarynyň buýsançly başyny göge ýetiren waka boldy. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň çakylygy boýunça bu düzümiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde onuň 16-njy mejlisine gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş sapary dogrusynda-da durlup geçildi.