"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Taryhy-medeni miras — halkyň ruhy baýlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen neşirde täze açyşlar, halkymyzyň taryhy-medeni, ruhy mirasy boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri, şol sanda golýazmalar, dil bilimini ösdürmegiň meseleleri, edebiýatşynaslyk hem-de ýurdumyzyň taryhy baradaky makalalar ýerleşdirilipdir. Žurnalyň täze sanynyň ilkinji sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine, Watanymyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlaglary ýerleşdirilipdir.

Parlament diplomatiýasy: asuda we bitewi geljegi nazarlap

27-28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň mejlislerinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, abadan geljegi gurmak üçin ýaşlarda raýdaşlygy kemala getirmek ýaly giň ugurlarda parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Maslahata gatnaşyjylaryň bu babatdaky pikir-garaýyşlaryny ýazga geçirip, okyjylara ýetirmegi makul bildik.  

Daşky gurşawy goramakda Durnukly energetika

Düýn Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda «Daşky gurşawy goramakda durnukly energetika. Halkara tejribäni öwrenmek» atly halkara maslahat geçirildi. Oňa BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada, şol sanda Türkmenistanda «ýaşyl» şäherleri we durnukly energetikany ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän taslamalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýadan, Latwiýadan, Gazagystandan bilermenler, agzalan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar institutyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda talyplaryň durnukly ösüşi gazanmak, ekologik taýdan arassa önümçilik desgalary, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini netijeli ulanmak babatda işläp taýýarlan taslamalaryna, oýlap tapyşlaryna orun berildi.

Goşmaça mümkinçilikler netijeli peýdalanylýar

Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar şu ýylyň geçen 10 aýynda tutuş konsern boýunça 198 müň tonna golaý «gara altynyň» hem-de 42 million kub metre barabar mawy ýangyjyň goşmaça çykarylmagyny üpjün etdiler. Abatlaýjylaryň bu döwürde goşmaça alan nebitiniň has köp bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde, hasabat döwründe tutuş trest boýunça jemi 447 guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 341-sine derek 396-sy gaýtadan hatara goşuldy. Trest boýunça goşmaça nebit almak baradaky meýilnamanyň 121,4 göterim, tebigy gaz babatda bolsa 296,5 göterim berjaý edilmegi öwgä mynasypdyr. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşmagy başardylar. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 82 müň 587 tonnadan gowragy «Goturdepe», 63,6 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 52 müň tonna barabary bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň paýyna düşýär. «Türkmennebit» döwlet konserni Diýarymyzyň ýangyç-energetika ulgamynda iň iri önümçilik-hojalyk düzümi bolup, soňky ýyllarda nebit-gazly ýataklary tapmakda we olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda tutumly işleri durmuşa geçirmek bilen birlikde,

Türkmenistan — halkara zähmet guramasy: durmuş abadançylygynyň bähbidine

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeler ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasyny» kabul etmegi zerur hasaplaýaryn. Bu Konsepsiýa iş üpjünçiligi boýunça halkara guramalar, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde, hususan-da, Halkara Zähmet Guramasynyň konwensiýalaryna goşulmakda möhüm ädim bolar diýip pikir edýärin» diýip belledi. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasynyň bu abraýly edarasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyz üçin möhüm ähmiýete eýediginiň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Şu jähetden ugur alyp, Halkara Zähmet Guramasynyň işi, düzgünleridir ugurlary barada giňişleýin söhbet etmegi makul bildik. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi hökmünde zähmet gatnaşyklaryny we durmuş üpjünçilik meselelerini düzgünleşdirýän köptaraplaýyn halkara edaradyr. Ol 1919-njy ýylda Wersal parahatçylyk şertnamasynyň esasynda Milletler Bileleşiginiň ýanynda özbaşdak gurama hökmünde döredildi. Guramanyň Düzgünnamasynyň 2-nji maddasyna laýyklykda, onuň esasy edaralary Halkara Zähmet konferensiýasy, Administratiw geňeş we Sekretariat — Halkara zähmet býurosy

Netijeli maliýe syýasaty

ýurdumyzyň abraýyny artdyrýar 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, hususan-da, Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Bu agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy.

«Ak altyndan» nah ýüplükler

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabrigi häzirki bazar gatnaşyklary şertlerinde dokma önümçiliginde ýokary ösüşlere eýe bolýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji gurlan pagta egriji kärhanalaryň biri bolmak bilen, häzir bu fabrik tehnologik taýdan doly döwrebaplaşdyryldy, onuň önümçilik ulgamlaryna kämil pagta egriji enjamlar ornaşdyryldy. Kämil tehnologiýalar, öndürijilikli zähmet çekmek, iş arasynda dynç almak üçin döredilen amatly şertler işçi-hünärmenleriň has netijeli işlemegine, esasan hem, ýokary hilli önümiň öndürilmegine täze mümkinçilikleri açdy. Täze eýýamyň ösen talaplaryna laýyklykda netijeli hereket edýän fabrikde nah ýüplükler bilen bir hatarda, dokma materiallaryndan alynýan pamygyň önümçiligi hem ýola goýuldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 10 aýynda dürli ölçegdäki nah ýüplügiň 967 tonnasy öndürilip, içerki hem daşarky bazarlara ugradyldy. Şu döwrüň içinde pagta süýüminden taýýarlanylan nah ýüplügiň möçberi 26 million 867 müň manatlyga barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,5 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Mebel üçin pamyk önümleriniň 357 tonnadan gowragy öndürilip, ösüş depgini 182,9 göterime deň boldy. Önümçiligiň bu ugry boýunça jemi 2 million 122 müň manatlykdan gowrak iş edildi.

Demir donly Atilla

2023-nji ýylyň 9-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ugra aýratyn ornuň degişlidigi, hususan-da, iki halkyň taryhy şahsyýetleriniň döredijiligini öwrenmegiň hem-de olaryň şöhratly ömür ýoluny wagyz etmegiň aýratyn ähmiýete eýe boljakdygy, munuň iki dostlukly halkyň özara gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde egsilmez güýje öwrüljekdigi barada bellenilip geçildi. Şeýlelikde, türkmen-wenger medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşandygy nygtalmaga mynasypdyr. Şu ýylyň 6 — 12-nji awgustynda Wengriýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, türkmen döredijilik toparynyň dostlukly ýurduň «Hungarian-Turan» gaznasy tarapyndan geçirilýän «Kurultaý» atly halkara medeni çärä gatnaşmagy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda wenger edebiýatynyň görnükli wekili Şandor Petefiniň heýkeliniň oturdylmagy hem munuň guwandyryjy mysallarydyr. Biz şu makalamyzda şanly geçmişde wenger topragynda döwlet gurup, adalatly hökümdar hem gaýduwsyz serkerde hökmünde dünýä taryhynda öçmejek yz goýan Atilla barada söhbet etmegi makul bildik. Soňky ýyllarda Atillanyň gahrymançylykly taryhy, gazanan ýeňişleri hem-de onuň bil

Wenger edebiýatynyň mähek daşy

Şandor Petefi Wengriýanyň nusgawy edebiýatynda öçmejek yz galdyran, wenger halkynyň milli şahyrydyr. Onuň goşgular we poemalar kitaby ýurdumyzda 1955-nji ýylda, «Ýanoş pälwan» atly kitaby bolsa 1956-njy ýylda neşir edildi. Häzirki döwürde hem türkmen okyjylary şahyryň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar. Beýik şahyryň hormatyna dogduk mekanynda birnäçe medeni edaralara, habar beriş serişdelerine onuň ady dakyldy. 2023-nji ýylda Wengriyada Şandor Petefiniň doglan gününiň 200 ýyllygy giňden bellenilip geçildi. Görnükli söz ussadynyň Aşgabatdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda heýkeliniň oturdylmagy türkmen-wenger halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýandygynyň anyk güwäsidir.

Türkmen sazlary dünýäde ýaňlanýar

Niderlandlar Patyşalygynyň «Belinfante Quartet» kirişli saz gurallar topary Ýer togalagynyň daşyny gurşaýan 40-njy parallelde ýerleşýän ýurtlaryň kompozitorlarynyň sazlaryny çalyp, ýazgy etmek kararyna gelipdir. Bu parallele Türkmenistan hem degişli bolup, sazandalar internet arkaly türkmen kompozitorlarynyň eserleri bilen tanşypdyrlar. Şunlukda, olar Nury Halmämmedowyň «Aýgytly ädim» kinofilmine «Küştdepdiniň» heňinde ýazan «Gyzlaryň aýdymyny» we Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Ýylgaýlar» halk sazynyň esasynda kirişli saz gurallar orkestri üçin döreden adybir konsertinasyny saýlap alypdyrlar. «Belinfante Quartet» topary bu sazlary kirişli saz gurallar kwarteti üçin işläp, Ýewropa ýurtlarynyň ençemesindäki çykyşlarynda ýerine ýetirýär. Sungaty söýüjileriň köpüsi Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijiligi bilen tanyşdyr. Halypa entek ýokary okuw mekdebine talyplyga kabul edilmänkä, şirin labyzly aýdymlary bilen meşhurlyk gazandy. Biz çagakak onuň «Çalsana, bagşy!», «Gözleriň», «Zenan göründi», «Goňşy gyz», «Gel, obamyň lälesi!», «Ak, derýam!», «Derýa» ýaly aýdymlaryny ürç edip aýdardyk. Olar milliligi bilen, eýýäm dörän gününden dilden-dile geçip, halk aýdymlaryna öwrülip gitdi.

Bilim we terbiýe — gymmatly miras

Giň gözýetimli, ýurduň ösüşlerine öz goşandyny goşýan, häzirki zaman tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, jemgyýetçilik durmuşyndaky özgertmelere işjeň gatnaşýan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň esasy maksadydyr. Bu ugurda bilim işgärleriniň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş özgertmelerinde bilim ulgamyna möhüm orun berilýär. Milli ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde, halkara hyzmatdaşlykda gazanylýan üstünlikler bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen berk baglanyşyklydyr. Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde şu günki ýaş nesle uly ynam bildirilýär. Milli Liderimiziň: «Biziň şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýpden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris» diýen buýsançly sözleri hem munuň aýdyň güwäsidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly” atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekilini kabul etdi

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine salamyny we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda guramanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigi bellenildi. Jenap Žan Todt 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň çakylygy boýunça ýurdumyza gelendigini hem-de saparynyň çäklerinde Milli Liderimiz bilen geçirilen duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, 2016-njy ýylda paýtagtymyzda guralan Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahata gatnaşandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana YHG-nyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Asad Majid Hana berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de abadançylyk arzuwlap, YHG-nyň Sekretariatynyň ähli işgärlerine bolsa mähirli gutlaglaryny, täze üstünlikleri gazanmak baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty 30-njy noýabrda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär. Deputatlary bellige almak 30-njy noýabrda sagat 9:00-da başlanýar.

Parlament diplomatiýasy — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine hyzmatdaşlygy ilerletmegiň guraly

Aşgabat, 27-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Maslahat Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäräniň esasy maksady sebitleýin dialogy pugtalandyrmakdan, geljek nesilleriň abadançylygynyň bähbidine howpsuzlygy, pugta parahatçylygy üpjün etmek üçin toplumlaýyn çemeleşmeleri öňe sürmekden hem-de ilerletmekden ybaratdyr. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we deputatlary, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Foruma gatnaşmak üçin ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy Pia Kauma, assambleýanyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, halkara bilermenler, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Italiýanyň, Kipriň, Norwegiýanyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Fransiýanyň, Horwatiýanyň, Şwesiýanyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň görnükli jemgyýetçilik hem-de syýasy işgärleri, parlamentarileri Aşgabada geldiler. Foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi okgunly ösýän Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň artýandygyny, halkara jemgyýetçiligiň howpsuzlygy, durnuklylygy we ählumumy durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň möhüm şert

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli Aşgabatda üstünlikli geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen çuňňur mazmunly Gutlagyňyz hem-de forumyň ýokary derejede geçmegi ugrunda döreden giň mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Size «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyna gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, şeýle-de forumyň ýokary derejede geçmegi babatda döreden mümkinçilikleriňiz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk we dostluk ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky başlangyçlaryňyzyň, ylmy diplomatiýada köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

“VISA” töleg tehnologiýasy: sanly geçişiň 30 ýyly

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Visa» töleg tehnologiýasynyň forumy: Merkezi Aziýada we Türkmenistanda innowasiýalaryň hem-de sanly geçişiň 30 ýyly» atly halkara işewürlik forumy geçirildi. «Dünýä tejribesine laýyklykda bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar», «Maliýe innowasion tehnologiýalarynyň puluň dolanyşygyna täsiri», «Merkezi Aziýa banklarynyň «Visa» halkara töleg ulgamy bilen utgaşygy», «Visa» kompaniýasynyň tejribesine laýyklykda töwekgelçilikleriň öňüni almak we dolandyrmak» ýaly mowzuklar boýunça geçirilen mejlisleri öz içine alan forumda sebit döwletleriniň arasynda degişli ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu forum «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Onuň barşynda Türkmenistanyň «Halkbank» we «Senagat» paýdarlar-täjirçilik banklaryna hyzmatdaşlyk üçin baýraklar berildi. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna bolsa «Visa International» kompaniýasy bilen 30 ýyl bäri hyzmatdaşlykda has tapawutlanandygy üçin baş baýrak gowşuryldy. Paýtagtymyza iş sapary bilen gelen daşary ýurtly myhmanlara özümizi gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olaryň beren gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmegiň ýolunda

Düýn paýtagtymyzda «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy öz işini tamamlady. Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda himiki tehnologiýalar, tebigy çig mallary gaýtadan işlemekde innowasion tehnologiýalar, nanotehnologiýalar hem-de başga-da birnäçe ugurlar boýunça wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň senagat-innowasion taýdan sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, häzirki zamanyň ylmy-tehniki işläp taýýarlamalarynyň, täze tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy sanly ykdysadyýetiň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegini şertlendirýär. Bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde täzeçil tehnologiýalary özleşdirmek boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň öňdebaryjy ylmy ojaklary bilen tejribe alyşmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň hatarynda kesgitlenildi.