ýurdumyzyň abraýyny artdyrýar
22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, hususan-da, Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Bu agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy.