"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Özara bähbitli pikir alyşmalar

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň ýolbaşçylarydyr alymlary, Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Siniň ýolbaşçylygynda Aşgabada sapar bilen gelen wekiliýet agzalary gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň geçen ýylyň noýabrynda Pekin şäherinde geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişini we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda dürli ugurlarda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigi bilelikdäki komitetleriň alyp barýan işlerinden hem aýdyň görünýär.

Pyragynyň şygyrlary — watansöýüjilik mekdebi

Döwürleriň we köňülleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň, asal dilimiziň gymmatly hazynasydyr. Onuň ähmiýeti wagt geçdigiçe barha artmak bilen. Akyldar şahyrymyzyň öňe sürýän pikirlerinden terbiýe meselesi eriş-argaç bolup geçip, adamyň hemişe kämillige ymtylmagy, ylym-bilim öwrenmegi barada pent edilýär. Şoňa görä-de, dana şahyryň edebi mirasy ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar. Şahyr hemişe Watan, il-gün hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr, «Gözel ilim, sen diýip sökerem ýollar», «Saba turup, Watan, seni çaglar men» ýaly setirleriniň üsti bilen watansöýüjiligi ündäpdir. Ol «Gürgeniň» atly ajaýyp goşgusynda hem şygyr sungatynyň ýokary çeperçilik tärleri, çeper dil serişdeleri arkaly Watanyň gözel keşbini göz öňüňde janlandyrýar:

Ýaş maliýeçiler bäsleşdiler

Golaýda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Russiýa, Belarus, Ermenistan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan ýaly döwletleriň jemi 70 sany ýokary okuw mekdebinden 300-e golaý talyp gatnaşdy. Açyk halkara internet olimpiadasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini äşgär etmek bilen birlikde, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalary, maliýe çemeleşmelerini ulanmakda ukyp-başarnyklaryny hem ýüze çykardy. Şeýle olimpiadalar milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmagy we çylşyrymly maliýe meselelerini özbaşdak çözmegi başarýan zehinli talyp ýaşlary höweslendirmekde örän ähmiýetlidir. Üstünlikli geçirilen olimpiada ylmy we amaly meseleler boýunça amatly dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply ýaşlaryň bilim derejeleriniň döwrüň ösen talaplaryna kybap gelýändigini äşgär etdi. Olimpiadada jemi 105 sany baýrakly orun yglan edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden 17 talyp 1-nji orny, 33 talyp 2-nji orny, 55 talyp 3-nji orny eýelemegi başardy. Zehin bäsleşiginde ýurdumyza wekilçilik eden ýaşlaryň hatarynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary Jennet Berdiýewa, Arslan Şaýymow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek — döwlet syýasatynyň baş ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe gitmegini şertlendirýär. 18-nji noýabrda döwlet Baştutanymyzyň geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumyny ösdürmek, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda welaýatlarda pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, hasyly gaýtadan işlemek üçin kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreleriň görülýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Y.A.GAÝYPOWA Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermek hakynda

Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda 4485 metr çuňlukda buraw işleri üstünlikli geçirilip, netijede, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralyklardaky gatlaklarda çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metr bolan täze tebigy gaz akymy alyndy. Burawlaýjylaryň bu işde netijeli, şol bir wagtda-da ýokary hünär derejesini talap edýän çylşyrymly tehnologiýalary ulanýandyklary bellärliklidir. Gorlary boýunça ägirt uly, tehniki görkezijileri boýunça deňsiz-taýsyz hasaplanýan “Galkynyş” gaz käni bu gün mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi tebigy gazyň gorlary babatda dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň kuwwatly energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklaýar.

Milli ykdysadyýetiň rowaç gadamlary

15-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalarynyň taýýarlanylandygy aýdyldy. Geljek ýylda Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen bu resminamalar «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de şu ýylyň maýynda kabul edilen degişli Kararyň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny Mejlisiň garamagyna iberdi. Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen umumymilli, pudaklaýyn, sebitleýin maksatnamalaryň giň gerimi we bellenilen wagtda üstünlikli ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlygy bolup durýar. Üstünliklere getirýän şertler hakda aýdylsa, ol içerki we daşarky ykdysady ýagdaýlara dogry baha berilýänligidir, ähli mümkinçiliklerden, has anygy, geografik şertlerden, adam, maliýe, çig mal, intellektual, önümçilik serişdelerinden akylly-başly, ýerlikli peýdalanylýanlygydyr. Munuň özi halkara maliýe hem ykdysady düzümleriň ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde Türkmenistana ynamyny artdyrýar.

Gender syýasaty: gazanylan üstünlikler, wajyp wezipeler

Türkmen wekiliýeti Tailandda geçirilen maslahata gatnaşdy Golaýda Tailand Patyşalygynyň Bangkok şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň gender deňligi we zenanlaryň ygtyýarlyklaryny artdyrmak boýunça «BMG — Zenanlar» düzümi bilen bilelikde guramagynda zenanlaryň ýagdaýy boýunça IV Bütindünýä maslahatynyň Pekin jarnamasynyň hem-de Hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan ministrler maslahaty geçirildi. Oňa Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

MÖHÜM MÖWSÜME TAÝÝARLYK

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çägindäki «Dowardarçylyk» hem-de Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalyklarynda öňde duran möhüm möwsüme taýýarlyk görmek, maldarlar üçin aýratyn synaga öwrülýän aýgytly döwürde mallary ýyly we dok gyşlatmak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda agzalan hojalyklaryň garamagyndaky jemi 30 kaşaryň ählisi-de abatlanyp, gyşa doly taýýar edildi. Şu ýyl welaýat boýunça ätiýaçlyk ot-iýmleriň 11 müň tonna golaýyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Ot taýýarlaýjylar toparynyň tutanýerli zähmeti bilen ýygnalan ot agyr gum şertlerinde işlemäge ukyply kuwwatly awtoulaglar arkaly mallaryň gyşladyljak ýerine daşalýar hem-de agyl-kaşarlaryň gapdalyna rejelenip basylýar. Mallaryň baş sanyny köpeldip, olardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmakda ýokary netijeleri gazanýan bu iki hojalygyň garamagynda jemi 77 müňden gowrak baş dowar, 3,5 müň baş düýe bolup, olar Garagum sährasynyň uzak öri meýdanlarynda idedilýär. Hojalyklaryň «Böwürdeşik», «Bakgal», «Ak guýy», «Göbe» ýaýlalarynyň kärendeçi çopanlary gyşa taýýarlyk işlerini bellenilen möhletinde tamamladylar.

Beýik Pyragynyň filosofiýasy — parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesi

Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bilen bagly halkara derejede geçirilýän çäreler onuň edebi mirasynyň adamzadyň şu günki durmuşynda tutýan ornuny giňden açyp, bu mirasyň parahatçylygyň we ösüşiň ýol-ýörelgesidigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda eden çykyşynda: «Magtymgulynyň şygryýeti watançylyk senasydyr. Ol öz halkyny, topragyny söýen, ony goramagy we onuň gadyryny bilmegi ündän watançy şahyrdyr. Adamzada abadançylyk islän we onuň dogry ýoluny görkezen beýik akyldardyr» diýip, söz ussadynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi. Bu hakykat foruma gatnaşan dostlukly döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda-da öz beýanyny tapdy. Beýik akyldaryň edebi mirasynyň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygynda tutýan ornuny Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda:

Türkmen kinosynyň günleri — Gruziýada

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan ýubileý çäreleriniň çäginde söz ussadynyň baý edebi mirasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmek bu günki gün daşary ýurtlarda Watanymyza wekilçilik edýän türkmen diplomatlarynyň işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biz hem dostlukly döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarymyz tarapyndan Zeminiň çar künjeginde geçirilýän çäreler baradaky habarlary gazetimizde yzygiderli beýan edip gelýäris. 22 — 24-nji noýabrda Tbiliside guralan Türkmen kinosynyň günleri-de şu babatda özboluşly çäreleriň birine öwrülip, gruziýaly sungat söýüjilerde uly gyzyklanma döretdi. 22-nji noýabrda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy bilen Gruziýanyň Kino akademiýasynyň bilelikde guramagynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň açylyş dabarasyna dostlukly ýurduň degişli ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň, Tbiliside akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylmy-döredijilik işgärleri, talyplar gatnaşdylar. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow hem-de gruziýaly kinematograf D.Okropiridze ýygnananlaryň öňünde gutlag sözleri bilen çykyş edip, bu özboluşly çäräniň iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösüşine goşant goşjakdygyna, kino sungaty arkaly türkmenleriň dünýäsine içgin aralaşmaga ýardam berjekdigine

Ökdeler öňe saýlandy

Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, 20 — 22-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasy geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmekden ybarat boldy. Türkmen talyplary bilen birlikde, bu halkara olimpiada 25 döwletiň jemi 109 sany ýokary okuw mekdebinden, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen özara ylalaşyklar, ähtnamalar esasynda iş alyp barýan daşary ýurtlaryň ylym-bilim ojaklaryndan 730-dan gowrak talyp gatnaşdy. Olar 150 minudyň dowamynda berlen ýumuşlary we soraglary çözmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň eminler toparyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň tejribeli işgärleri, Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ugurdaş ders boýunça professor-mugallymlary wekilçilik etdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi

18 — 27-nji noýabr aralygynda paýtagtymyzda Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Bu hepdelik üçin Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyzdaky wekilhanasy Germaniýanyň ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde medeni çäreleriň maksatnamasyny taýýarlady. 22-nji noýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Germaniýadan gelen döredijilik toparynyň wekilleri kirişli saz gurallarynda konsert berdiler. Tomaşaçylar nemes nusgawy sazlaryndan we opera eserlerinden lezzet aldylar.

Koreý owazlary ýaňlandy

22-23-nji noýabrda Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi. Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan eýýäm birnäçe ýyl bäri guralmagy asylly däbe öwrülen çäre bu ýyl hem täsirli pursatlara baý boldy. Medeni çäräniň ilkinji gününde “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen çäre köp adamly boldy. Bu ýerde tematiki surat meýdançasy, dürli öwüşginli täsin sowgatlyklary ýasamak boýunça ussahana hereket etdi. Bu ýere gelenlere milli koreý tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi. Bu çäre paýtagtymyzyň ýaşaýjylarydyr myhmanlarynda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Taryhymyzyň şamçyragy

Müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Täjigistanyň telekeçileri bolsa “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, Owganystanyň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 42 million 586 müň dollaryna barabar boldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine, “Türkmenpagta” döwlet konsernine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine: — ýerleriň kärendeçileriniň, peýdalanyjylarynyň we eýeleriniň işini ýokary derejede guramak arkaly 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmek;

Adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri

Ynsanperwer ugur Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, onda adam jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilendir. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygyň we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini goramak we kepillendirmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagynyň döwletimiz tarapyndan kepillendirilýändigini doly tassyklaýar. Onda berkidilen demokratik ýörelgeler adamyň, raýatyň durmuş hem-de ykdysady kepillikleriniň, syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegine, erkin ýaşamagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Esasy Kanunymyzda adamyň we raýatyň hukuklarynyňdyr azatlyklarynyň deňligi, milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk, wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, olaryň kanunyň, kazyýetiň öňündäki deňligi, erkekleriň we aýallaryň deňhukuklylygy kepillendirilýär. Bu ýörelgeler öz gözbaşyny Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasyndan alyp gaýdýar.

Halkara giňişlikde

Türkmen-täjik syýasy geňeşmeleri Duşenbede geçirilen Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmelerde türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow, täjik tarapyna hem daşary işler ministriniň orunbasary I.S.Aşurboýzada ýolbaşçylyk etdi. Duşuşykda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik ugry ara alnyp maslahatlaşylyp, şunda ýokary derejedäki dialogyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.