Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

23 Noýabr 2024
275

Aşgabat, 22-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.

Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwrüň talaplaryna laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň hasabyna ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şunuň bilen baglylykda, hereket edýän kanunlaryň seljerilýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, olara üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilýändigi aýdyldy.