Ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny pugtalandyryp

15 sagat öň
40

Häzirki wagtda ýurdumyzda milli ylym-bilim ulgamy döwrüň ösen talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça öňde duran uly wezipelere ünsi çekmek bilen, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi hem şolaryň hatarynda belläpdi. Bu wajyp wezipäni durmuşa geçirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde degişli işler dowam etdirilýär. Milli ylmy-tehniki ösüşiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça bäsdeşlige ukyply, ykdysady taýdan netijeli ylmy-barlag, taslama işleri alnyp barylýar we ylmy taýdan esaslandyrylan işläp düzmeler önümçilige ornaşdyrylýar.

Talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde we ylymda pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binýadynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýöriteleşdirilen binýatlyk kafedralary döredildi. «Türkmenistanda himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksadyndan ugur alnyp, uniwersitetimizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň garamagyndaky «Lebapgazçykaryş» we «Marygazçykaryş» müdirlikleri bilen şertnama esasynda gaz guýularynyň önümçilik işlerine zerur maglumatlaryň takyk we tiz wagtda elýeterli bolmagyny gazanmak hem-de guýulardaky iş hadysalarynda bolup geçýän üýtgeşmeleri öz wagtynda seljermek, şeýle hem önümçiligiň iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak boýunça ylmy-barlag we taslama işleri alnyp barylýar. Önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler berilýär.

Ýakupgeldi AMANIÝAZOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory.