"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bir ýaryşdan dört medal

Türkmen pälwanlary ýakynda Hytaýyň Sian şäherinde göreş boýunça geçirilen «Bir guşak — bir ýol» atly halkara ýaryşda dört medala mynasyp boldular. Ýaryşa Hytaý Halk Respublikasyndan we Merkezi Aziýa döwletlerinden onlarça türgen gatnaşdy. Halkara ýaryşda erkin göreş boýunça 86 kilograma çenli agram derejesinde türkmen pälwany Döwlet Orazgylyjowa taý tapylmady. Göreşiň bu görnüşi boýunça 125 kilograma çenli agram derejesinde Zyýamuhammet Saparow kümüş, 70 kilograma çenli derejede Perman Hommadow bilen 97 kilograma çenli derejede çykyş eden Şatlyk Hemelýaýew dagy bürünç medala mynasyp boldular.

Ýylgyn

Ata-babalarymyz ýylgynyň syrdam, gaty çybyklaryny dürli maksatlar üçin peýdalanan bolsalar, ene-mamalarymyz onuň aşagyna dökülýän pürüni alyp, tamdyryň iç ýüzüni suwamakda ulanypdyrlar. Şonda suwag berk bolup, çöregiň arkasy keseksiz bolýar. Ine, şeýle bähbitli taraplary bilen tapawutlanýan ýylgyn agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde ösýär. Hatda şorluk, batgalyk ýerlerde hem ösüp bilýän bu agajyň birnäçe görnüşi belli. Ol tohumyndan-da, çybygyndan-da köpelip bilýär. Özem ýabany usulda köpelýär. Iň peýdaly taraplarynyň biri, ol şor ýerlerde hem ösmek bilen, toprakdaky duzuň gurap, biziň dem alýan howamyza aralaşmagynyň öňüni alýar. Şeýle şorluklar bolsa Garagumda Amyderýanyň kenar ýakalarynda-da az däl. Bu agajy az-azdan bogup, mal agyly, kaşar üçin ulanypdyrlar. Hatda ak öýleriň daşyna örtülýän gamşyň arasyna-da ýylgynyň syrdam çybyklaryny goşup çykypdyrlar.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurdumyzda Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabat, 18-nji noýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bilelikdäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu gezekki döredijilik çäresi hem munuň aýdyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu babatda Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden belläp geçmek hakynda Kararyň kabul edilendigi, türkmen we özbek kinematograflary tarapyndan akyldar şahyryň ömür ýoluna, döredijiligine bagyşlanan çeper filmiň surata düşürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi iki goňşy ýurduň arasyndaky dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Anyk ugurlar kesgitlenildi

Düýn Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň energetika boýunça kiçi komitetiniň 9-njy mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gönükdirilen mejlise gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň Energetika müdirliginiň başlygy Ç.Szýanhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi. Mejlisde birek-birege hormat goýmaga, özara bähbitlilige, dostlukly gatnaşyklara daýanýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar, şol sanda energetika boýunça ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. Energetika, hususan-da, gaz pudagyndaky özara hereketler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirip, ony geljekde has-da ösdürmegiň iki tarap üçin hem wajypdygy nygtaldy.

Türkmen-britan gatnaşyklaryny ilerledip

Ýakynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri bilen Beýik Britaniýanyň Hökümetiniň Işewürlik we söwda edarasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça eksport direktory hanym Sara Elizabet Çijiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda söwda we maýa goýum ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ösüşine baha bermäge şert döredýändigi, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň çäginde maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlygyň utgaşdyrylýandygy nygtaldy.

Saglygy goraýyşda tejribe alşylýar

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek ugrunda yzygiderli tagallalar edilýär. Şunda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Geçirilýän dürli çäreler, daşary ýurtly hünärmenleriň Türkmenistanda yzygiderli iş saparynda bolup, ýerli lukmanlar bilen tejribe alyşmaklary hem munuň aýdyň güwäsidir. Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adam abadançylygyna gözegçilik etmek boýunça federal gullugynyň Sankt-Peterburg şäheriniň Paster adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa ylmy-barlag institutynyň Ylmyň federal býujet edarasynyň ýolbaşçylar düzüminden we saglygy goraýyş işgärlerinden ybarat wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolýar. Bu sapar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen degişli federal gullugyň arasynda ýokançlara garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmek babatda baglaşylan Ähtnamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şeýle hem «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen guralýar. Bilermenler toparynyň saparda bolýan döwründe ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmek we ýurdumyzda birnäçe ýokançlara ilatyň populýasion goraýjylyk ukybyna baha bermek üçin barlag işini geçirmek meýilleşdirilýär. Baha beriş-barlag işiniň netijeleri

“Köki çuň daragtyň saýasy goýry”

Häzirki zaman dünýäsinde medeni diplomatiýa halklardyr döwletleriň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, medeniýetdir sungat arkaly parahatçylygy, dostlugy berkitmäge ýardam edýän «ýumşak güýç» hökmünde garalýar. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) hem indi 30 ýyldan gowrak wagt bäri türki dünýäde hut şu möhüm wezipäni ýerine ýetirýän ýeke-täk ýöriteleşdirilen düzüm bolmagynda galýar. Geçen döwürde Bitarap Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösüşiň täze derejesine çykarylyp, mazmun taýdan has-da baýlaşdyryldy. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», bu ýyl üçin gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýurdumyzyň bu abraýly düzüm bilen özara gatnaşyklary «şirwan perdä» çykdy. Geçen hepdäniň dowamynda bolsa Diýarymyzda şu wajyp wakalaryň jemleýji çäreleri üstünlikli geçirildi. Biz hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan RAÝEW bilen gürrüňdeş bolup, onuň çäreleriň netijeleri baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Sungatyň dilinde halklary ýakynlaşdyryp

«Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleriň jemleýji dabarasy doganlyk döwletlerden myhmanlary, medeniýet, bilim ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Täsirli geçen dabarada türkmen sungat ussatlary bilen birlikde, türki halklaryň medeniýet işgärleri hem joşgunly çykyşlary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar. Anargul NAZARKULOWA,Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti:

Dana Pyragy we gadymy Änew

türki dünýäniň ýaş döredijileriniň gözi bilen Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisiniň çäklerinde türki dilli ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda düzme ýazmak we surat çekmek boýunça ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy hem geçirildi. Oňa TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary S.Raýew, türki döwletleriň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Bilim, Medeniýet ministrlikleriniň we olaryň garamagyndaky edaralaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri gatnaşdylar.

Hozuň höziri

Gadym zamandamy ýa-da geçen asyr, onçasyny bilmedim. Ýöne güýz çigreginiň çynyny edip, gylyksyz gyşyň golaýlaýandygyny duýduryp ugran günleriniň birinde, uzak ýerden atyny säpjedip, aryp gelýän ýolagçy kişi bir äpet hoz agajynyň düýbünde goş ýazdyrypdyr. Agajyň saýasynda diň arkan düşüp, onuň syrdam boýuny, seleň şahalaryny synlap ýatyşyna, birdenkä nazary ho-ol beýik şahalardaky adaja şemala çalaja yranyp, görküni güjeňleýän düzüm-düzüm hozlara düşüpdir. Ol öz ýanyndan: «Ýak-he-eý, tebigat şun-a oňarmandyr. Muňa seretsene! Nähili äpet, belent agaç, syrdam boýy, berdaşly şahalary bar. Ýöne munuň miwesine bir seret, witjik, ed-dil barmagyň başy ýalyjak. Munuň ýaly daragtyň miwesi, iň bolmanda, kädi ýaly bir bolaýmal-a!» diýip içini hümledişine, meýmiräp uka gidipdir. Hor çekip ýatan ýolagçy birdenkä allaniçigsi bolup, maňlaýyny tutup, zöwwe ýerinden turupdyr. Nämäniň nämedigine-de golaýynda «Agaçdan aty, daşdan gaty» diýlip matala ýugrulan bir hozuň togalanyp barýandygyny görüp düşünip galypdyr: şahalardaky kiçijik hozlaryň biri şemala sapagyndan tänipdir-de, uklap ýatan kişiniň edil iki gözüniň arasyna patylap düşäýen eken. Maňlaýyny sypalaşdyryp, äm-säm bolup duran ýolagçy nämäň-nämedigine magat göz ýetirensoň: «Eý, Gudraty Güýçli Taňrym, sen bu hozlary kiçijik edip örän dogry ýaradan ekeniň! Eger-de olaryň her biri edil kädi ýaly dagy bolaýan bolsa-ha, meniň kellämi pyt

Sagdynlyk — bagtyýarlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşleriň täze belentliklerine çykýan ýurdumyz gysga döwrüň içinde ähli ugurlarda ýokary üstünliklere eýe boldy. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek babatda hem netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 11 — 16-njy noýabry aralygynda paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşyň ýokary derejede geçirilmegi we onda türkmen türgenleriniň uly üstünlikleri gazanmaklary hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Türkmenistan dünýäde sportuň işjeň ösdürilýän ýurdy hökmünde mynasyp orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ýokary netijeli sporty ösdürmek meselesine aýratyn üns berýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň, Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň we beýleki sport bäsleşikleriniň geçirilmegi ýatdan çykmajak wakalar boldy.

Ykjam goşundy — giň mümkinçilik

Maglumat tehnologiýalary boýunça işlenip düzülýän dürli görnüşli sanly taslamalar ulanyjylara giň mümkinçilikleri döredip, olaryň durmuşyny ýeňilleşdirýär. Bu ugurda türkmen hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylýan programma üpjünçilikleridir mobil goşundylar, web saýtlar hem uly gyzyklanma döredýär. «Belli Asman» hojalyk jemgyýetiniň täze işläp düzen «Alaja» atly ykjam goşundysy hem köpugurlylygy bilen ünsüňi çekýär. Täze programma üpjünçiligi ýakynda geçirilen «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara forumyň çäklerinde tanyşdyryldy. Ol özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu sosial platformada köpugurly mümkinçilikler jemlenen. Programmanyň sadadan düşnükli edilip düzülen sahypalarynda hat, surat, audio we wideofaýllary alyşmak hem-de paýlaşmak, elektron usulda söwda etmek, bildirişleri goýmak, täzelikleri yzarlamak, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň töleglerini tölemek ýaly hyzmatlar ýerleşdirilipdir. Bu bolsa ykjam enjam ulanylanda her günde ýüze çykýan köp sanly zerurlyklaryň çözgüdini bir goşundynyň kömegi bilen tapyp boljakdygyny görkezýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gonkongyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we yşyklandyryş kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň işewürleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny hem-de karbamidi satyn aldylar.

«Gazallardan» «Gül we Nowruza» çenli

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy, dil baýlyklarymyzy öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şol işleriň aýratyn bir şahyryň döredijiliginiň üsti bilen öwrenilmegi bolsa onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewanyň «XIV-XV asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň eserleriniň dili» atly kitaby hem şeýle işleriň biridir. Kitap alymyň köpýyllyk ylmy gözlegleriniň netijesi hökmünde täsirli ýazylandygy, gyzykly okalýandygy bilen özüne çekýär. Girişden, bäş bapdan hem-de netijeden ybarat neşirdäki ylmy maglumatlardyr pikirler bol sepilen bugdaý tohumyna meňzeýär. Alym Möwlana Lutfynyň döredijiligini dil serişdeleriniň dürli görnüşleriniň üsti bilen derňäpdir. Diňe şunuň özi-de işiň öňde goýan maksadyna ýetendigini görkezýär. Şahyryň eserleriniň diliniň leksikasy, olardaky sözleriň many aýratynlyklary, duş gelýän adalgalar, diliniň onomastikasy, toponimleriň, sinonimleriň, omonimleriň ulanylyşy barada giňişleýin durlup geçilýär. Lutfynyň eserleriniň dilinde duş gelýän ses hadysalary, diliniň morfologik gurluşy, olardaky söz toparlary, sintaktik gurluşy, söz düzümleri, sözlem, goşma sözlemler, durnukly söz düzümleri boýunça alymyň geçiren çuňňur ylmy derňewlerini okap çykanyňdan soňra, kitabyň girişindäki: «...Möwlana Lutfynyň dili çagataý ýazuw dilinden az täsirlenen gadymy türki (türkmen) dilidir» diýip yn

Türkmenistanyň Prezidenti Omanyň Soltanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Soltan Haýsam bin Tarik Al Saide berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Oman Soltanlygynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Bu günki gün Änew baý taryhy-medeni kuwwatly, häzirki zaman ulgamly, uly depginler bilen ösüp, geljege tarap ynamly barýan taryhy şäherdir

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy Ahal welaýaty, 16-njy noýabr (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de onuň çäklerinde türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleriň ýokary guramaçylykly geçirilmegi babatda döreden ähli şertleriňiz üçin Size tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, döwletli işleriňiziň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergä hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Belent mertebeli Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň maglumat-telekommunikasiýa pudagynda ýeten sepgitlerine bagyşlanan «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergä hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan bu çäräniň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegi ugrunda döreden ähli mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Foruma gatnaşyjylara iberen çuň manyly Gutlagyňyz, hoşniýetli arzuwlaryňyz biziň ählimizde ýakymly duýgulary döretdi.