"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Brýusseldäki duşuşyk

bilelikdäki tagallalara ygrarlylygy tassyklady Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda bu guramanyň ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitarap döwletimiziň ýoly — dostluk, doganlyk ýoly

Her bir halkyň bagtyýarlygy raýatlaryň bagtynyň jeminden hasyl bolýar. Sebitiň abadançylygy hem onda ýerleşen her bir döwletiň gülläp ösüşinden kemala gelýär. Bitarap Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna mynasyp goşulyşmagy üçin ulag-kommunikasiýa, logistika taslamalaryny amala aşyrmak boýunça başyny başlan işleri-de şu asylly maksada ýetmäge gönükdirilendir. Pederlerimiziň «Ýodalar ýola elter, ýollar — ile» diýen parasatly sözleri bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen yzygiderli ilerledilýän özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalaryň mysalynda aýdyň açylýar. Şoňa görä, 11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi we gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hataryndan aýratyn orun aldy. Mälim bolşy ýaly, dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzyň ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýetiň pudaklarynda, energetika, ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit we halkara ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynda, beýleki möhüm resminamalarda öz

Netijeli gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumynyň hem-de Özbegistanda öndürilen harytlaryň sergisiniň çäklerinde işewürlik duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Düýn günüň ikinji ýarymynda Türkmenabat şäher häkimliginde geçirilen duşuşykda türkmen tarapyna degişli ministrlikleriň, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, özbek tarapyna hem degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri wekilçilik etdi. «Tegelek stoluň» başyndaky pikir alyşmalarda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda taraplar öz mümkinçilikleri barada gürrüň berip, özara gatnaşyklary ilerletmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Myhmanlara söz berýäris

Düýn Türkmenabat şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II sebitara forumy hem-de özbek harytlarynyň milli sergisi iki ýurduň işewürleri üçin hem täze mümkinçilikleriň meýdançasyna öwrüldi. Biz bu çärelere gatnaşyp, özbegistanly myhmanlaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Dilşod RASULOW,Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary:

Medeni-ruhy gymmatlyklara daýanyp

Bahodir AHMEDOW,Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministriniň orunbasary: — Özbek hem türkmen halklary owaldan ýakyn dost, gadyrly goňşy, strategik hyzmatdaşlar hökmünde aýdyň maksatlar ugrunda agzybirlikde ýaşaýarlar. Bu bolsa döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň kökleriniň uzak geçmişden gözbaş alýandygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýandygyna şaýatlyk edýär.

Ýyladyş ulgamlary: işler göwnejaý guralýar

Güýz ahyrlap, gyş barha ýakynlaşýar. Ýylyň bu çaglarynda ýyladyş hyzmatlaryna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatlarynda ýyladyş möwsüminiň dowamynda sebitleriň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek barada ýerli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, bu wajyp meseläni üns merkezinde saklaýar. Bu möhüm talapdan ugur alnyp, ýyladyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça Daşoguz welaýatynda hem göwnejaý işler alnyp barylýar. Welaýat jemagat hojalygy birleşigi demirgazyk sebitiň ilatynyň abadan durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly wajyp wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde mynasyp orun eýeleýär. Welaýatda aýratyn howa şertleri bilen tapawutlanýan häzirki günlerde birleşigiň ähli düzümlerinde işleriň gerimi has giňeldi. Bu ýerde hasaba alnan jemagat ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk bilen kadaly üpjün etmek we olarda beýleki zerur amatlyklary döretmek babatda hojalyk-tehniki işler yzygiderli alnyp barylýar. Birleşigiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginde bu möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Häzirki wagtda müdirligiň hasabyndaky ýyladyş desgalaryndan 349-sy arkaly jemagat we hususy ýaşaýyş jaýlaryna, edara binalaryna ýyladyş hyzmaty edilýär. Durmu

Bagtyň gadyry

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa: — Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

Taryhyň janlanýan ýeri

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanyny elime alýaryn, onda şeýle jümleler bar: «...Onsoň Berdimuhamediň aýdany boldy: hakykatdanam, şaraňlap duran, polly-potolokly, täze tipli ak mekdep guruldy. Klaslaryň içine çäge suwag etdiler, soň agartdylar, partalary klaslara saldylar. Onsoň başga ýerlerden gelip okatjak mugallymlar üçin diýibem üç sany, hersi üç otagly jaý guruldy. Şolaryň birinde-de, ine, häzir otyrys. Bu jaýyň ähli ýerinde Berdimuhamediň eliniň yzy galandyr...».

Kadaly iýmitlenmek — sagdynlygyň gözbaşy

Ýurdumyzda ilat arasynda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sport çärelerini ýaýbaňlandyrmak, zyýanly endiklere garşy göreşmek bilen bir hatarda, jemgyýetimizde sagdyn iýmitlenmek ýörelgesini berkitmäge-de uly üns berilýär. Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly usuly bolup durýar. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, adamyň saglygynyň 60 — 70 göterimi onuň iýmitine we şahsy durmuş düzgünlerine, ýagny özüne baglydyr. Kadaly iýmitlenmegiň dürli görnüşli bozulmalary keselleriň döremegine getirýär. Halkymyzda iýmite rejeli çemeleşmek we oýlanyşykly iýmitlenmek medeniýeti kämil derejä ýetipdir. Naharlanmak ähli fiziologik kadalara we ekologik talaplara laýyk gelipdir. Iýmite aýawly garalypdyr, ony uzak möhletiň dowamynda saklamagyň düzgün-kadalary, usullary işlenip düzülipdir. Türkmen maşgalasynda özüňi alyp barmagyň belent ýörelgeleri, şol sanda beden terbiýesi, naharlanmak edebi we dogry iýmitlenmek çaganyň aňyna guýlupdyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda jemgyýetçilik durmuşyndaky şeýle ýörelgeleri berkitmek babatynda uly işler ýerine ýetirildi. Ýurdumyzda duzuň ählumumy ýodlaşdyrylmagy gazanyldy.

Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 11-nji noýabrda geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bellenilişi ýaly, welaýatlarda pagta hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda bolsa sürüm işleri geçirilýär. Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasyly, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasyly ýygnalyp alynýar. Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde ilaty dürli görnüşli azyk önümleri, senagat kärhanalaryny çig mal bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtady we bu ugurdaky işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «ak altyny» Watan harma

Bitaraplyk syýasaty we milli aňyýet

Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. Ine, şeýle kesgitleme biziň halkymyz üçin Garaşsyz eýýamyň ösüş ugurlaryny, maksatlaryny, geljegini kepillendirýän ilkinji şertleriň biri bolup durýar. Bitaraplygyň kepillikleriniň täsiriniň uludygyny wagt barha äşgär edip, saýlanyp alnan bu syýasy-jemgyýetçilik ösüş ýolunyň diňe döwletiň syýasy esasy bolmak çäginden has giňdigini ýüze çykarýar. Bitaraplyk türkmen halkynyň dünýägaraýşyna, ruhuna, aňyýetine düýpli ornaşan düşünjedir. Çünki hemişelik Bitaraplyk baradaky konstitusion kesgitlemede bellenen halkara borçlardan başga-da, bu babatda döwlet syýasatynyň täsiri bilen halkyň jemgyýetçilik aňy, özboluşly garaýyşlary kemala geldi. Şol garaýyşlar, düşünjeler tarp ýerden täzeden döremedi. Munuň özi türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen, milli garaýyşlaryna laýyk bolmadyk dürli syýasy-jemgyýetçilik, ruhy, aňyýet täsirleri netijesinde belli bir derejede öçügsileşen milli ýolunyň täzeden galkynmasy boldy. Köp asyrlardan soň dünýä ösüşine Garaşsyz döwlet hökmünde, halkara hukugyň kadalary esasynda goşulyşan türkmen döwletiniň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň düýp mazmunynda halkyň gadymy durmuş, döwletlilik ýolunyň dikeldilmeginiň ilkinji hem esasy alamaty bolsa Bitaraplyk syýasatydyr.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Guwandyryjy görkezijiler

Döwrüň talaplaryna eýerip

Ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine, bilim ulgamynyň ösdürilmegine, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym-bilim, önümçilik ulgamlaryndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ykdysadyýetiň işjeň ösüşini gazanmak, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şert bolup, ol ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. ürkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda geçiriljek mejlise 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.

Dostlugyň we döredijiligiň döwresinde

Hiç bir halkyň medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň öz-özünden ösmeýändigi jedelsiz hakykat. Ýakyn-u-uzakdaky halklar biri-biriniň maddy hem ruhy ýörelgelerine, ylym-bilim, terjime hem medeni gatnaşyklar arkaly täsir edýär. Türkmen we özbek halklarynyň gadymy taryhy, urp-adatlary, milli däp-dessurlary biri-birine juda ýakyn. Bu iki halkyň arasyndaky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ykdysady, söwda, medeni we edebi gatnaşyklar häzirki günlerde-de işjeň ösdürilýär. Munuň şeýledigini şu günler ýurdumyzda geçirilýän Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Onuň ikinji gününde, düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjy-şahyrlarynyň arasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda hem bu barada giňişleýin pikir alşyldy. Duşuşykda çykyş edenler türkmen hem özbek halklarynyň edebi gatnaşyklarynyň kökleriniň neneňsi çuňlukdan gözbaş alyp gaýdýandygyna, umumadamzat ähmiýetli didaktik temalaryň beýanynyň iki halkyň nusgawy şahyrlarynyň, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň eserlerinde aýdyň ýüze çykýandygyna, Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiliginde bu temanyň has-da ösdürilýändigine, çuň şahyrana kämillige eýedigine ünsi çekdiler. Bu hakykaty öz wagtynda dürli halklaryň alymlary hem ykrar edipdirler. Ýeri gelende, Magtymguly, Mollanepes, Kemine ýaly türkmen şahyrlary özbekleriň edebi-me

Köpöwüşginli sungat baýramçylygy

Düýn ýurdumyzda dowam edýän Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň çäklerinde «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde doganlyk döwletiň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň bilen ugurdaşlykda özbek milli lybaslarynyň görkezilişi, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi hem guraldy. Dostlukly halkyň wekilleriniň Magtymguly Pyragynyň goşgularyny özbek dilinde ýerine ýetirmekleri has-da täsirli boldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi boýunça yzygiderli ösdürilýär. Ýurdumyzda goňşy döwletiň nobatdaky Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem şunda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň aýratyn orun tutýandygyna şaýatlyk edýär. Şunda Daşkentde «Aşgabat», Aşgabatda-da «Daşkent» seýilgähiniň bardygyny aýratyn bellemelidiris. Şu gezekki konserti we beýleki çäreleri geçirmek üçinem hut dostlukly döwletiň paýtagtynyň adyny göterýän dynç alyş seýilgähiniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir.

Myhmanlara söz berýäris

Abdukaýum ÝULDAŞEW, Özbegistan Respublikasynyň at gazanan medeniýet işgäri, «Adalat» gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary, ýazyjy:

Bag eken barly bolar

Halkymyz asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Bagbançylyk işine hem aýratyn üns berlipdir. Asylly ýörelgelerdir döwrebap tejribeler utgaşyp, bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň özenini düzýär. Her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi asylly ýörelgä öwrüldi. Ýakynda, has anygy, 9-njy noýabrda geçirilen ählihalk bak ekmek dabarasynyň barşynda hem tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallarynyň 539 müň 185 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak hem-de abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde jemi 2 million 67 müň 630 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Munuň özi täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak, onuň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça ählumumy tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýurdumyzda asylly däbe öwrülen bag nahallaryny ekmek boýunça köpçülikleýin çäreler täze seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredilmegine, türkmen topragynyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna, amatly howa şertleriniň emele gelmegine ýardam berýär. Munuň özi ekologik howpsuzlygyň, halkymyzyň saglygynyň we abadançylygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Golýazmalar — milli baýlygymyz

Golýazma ýadygärlikleri türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Golýazmalara diňe bir beýik akyldarlarymyzyň döreden eserleri hökmünde garalman, olara kagyz taýýarlaýjy ussalaryň, hatdatlaryň, suratkeşleriň, zer çaýyjylardyr jiltleýjileriň ellerinden çykan gymmatly miras hökmünde hem baha berilmelidir. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilýän döwründe TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda önjeýli orny bolan golýazma mirasymyzy toplamak, ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak, halkymyzyň ýazuwly ýadygärliginiň altyn hazynasyny düzýän seýrek eserleri — golýazmalary abat saklamak, ylmy taýdan teswirlemek, gadymy taryhymyz, müdimi edebiýatymyz, asal dilimiz bilen baglanyşykly ylmy barlaglary geçirmek, nusgawy şahyrlarymyzyň we halk döredijilik eserlerini ylmy taýdan öwrenip, neşire taýýarlamak işini dowamly alyp barýar. Şu ýylda institutda akyldar şahyrymyzyň edep-terbiýe, ylym-bilim, ahlak, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, milli döwlet ýaly pelsepewi garaýyşlaryny, türkmen tebigatynyň gözelligini beýan edýän 271 sany şygryny özünde jemleýän «Magtymguly. Saýlanan eserler» (Aşgabat, TDNG, 519 sah.) atly neşir üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde halk köpçüligine ýetirildi.

Halal zähmetiň rehneti

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan nobatdaky mejlisinde hasabat döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen birlikde, oba hojalyk pudagynda hem ösüş depgininiň 5,3 göterim artandygy bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, edermen daýhanlarymyzyň özleri barada döwletimiz tarapyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly we ýokary ruhubelentlik bilen yhlasly zähmet çekendiklerini aňladýar. Daýhan zähmetiniň miwesi, ajaýyp güýz paslynyň bolluk bilen eçilen berekedi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilen Hasyl toýunda hem giň beýanyny tapdy. Halkymyzda güýz pasly, köplenç, “altyn güýz”, “bereketli güýz”, “hasylly güýz” ýaly, manysy goýazy jümleler bilen aňladylýar. “Türkmen güýzi” diýlende, göz öňüňde hasyl bolçulygy, rysgal-bereket janlanýar. Miwesinde baly süýjäp, harmanynda “ak altynyň” dagy dörän, gujagynda zähmet joşup, rehnet çogýan güýz paslyna babadaýhanlarymyz “jüýje sanaşylýan döwür” hem diýýärler. Bu pasyl arly ýyllap çekilen zähmetiň netijesinde ýetişdirilen bol hasylyň ak bazarlarymyza, her öýe, her ojaga rehnet bolup dolýan döwri.

Aýna gaplara Isleg artýar

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän «Ynamly ojak» hususy kärhanasy ýurdumyzda senagatyň dürli pudaklarynda aýna gaplara we çüýşelere bolan islegleri kanagatlandyrmakda netijeli işleri alyp barýar. 2014-nji ýylyň aprel aýynda açylan kärhana, ilki bilen, alýumin we metal gapaklary öndürip başlaýar. Geçen ýylyň ikinji ýarymynda bolsa aýna gaplaryň önümçiligini ýola goýdy. Aýna önümleriniň daşarky bazarlara eksportynyň ýola goýulmagy işleriň barha rowaçlanýandygyndan habar berýär. Häzirki wagtda 5,67 gektar meýdany tutýan kärhanada 150 adam zähmet çekýär. «Ynamly ojagyň» hünärmeni Söhbet Annamyradow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bu ýerde alnyp barylýan işler barada şeýle gürrüň berdi: — Öndürýän çüýşelerimiz hem-de aýna gaplarymyz ýurdumyzda mineral we gazlandyrylan içgilerdir duzlanan gök-bakja önümlerini, miweleri gaplamakda giňden ulanylýar. Kärhanada Türkiýäniň we Germaniýanyň tehnologiýalary ornaşdyryldy. Ýokary hilli önümlerimizi «Altyn asyr» Gündogar bazaryna, «Owadan ülke» hojalyk jemgyýetine, «Berzeňňi» mineral bejeriş suwuny öndürýän kärhana ýollaýarys, şeýle hem Türkiýä we Özbegistana eksport edýäris.