Döwrüň talaplaryna eýerip

20 Noýabr 2024
211

Ylmyň gazananlaryny, innowasiýalary, sanly ulgamy önümçilige ornaşdyrmak işine, bilim ulgamynyň ösdürilmegine, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ylym-bilim, önümçilik ulgamlaryndaky gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Şunda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ykdysadyýetiň işjeň ösüşini gazanmak, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şert bolup, ol ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

ürkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda Gahryman Arkadagymyz geljek ýylda geçiriljek mejlise 2026 — 2052-nji ýyllarda ýurdumyzyň daşary ykdysady işini; döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny; sanly ykdysadyýeti; ulag diplomatiýasyny; medeni diplomatiýasyny; ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny; ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýalarynyň; intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň; 2030-njy ýyla çenli bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamalaryny hödürlemegi teklip etdi.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.