Ýyladyş ulgamlary: işler göwnejaý guralýar

21 Noýabr 2024
211

Güýz ahyrlap, gyş barha ýakynlaşýar. Ýylyň bu çaglarynda ýyladyş hyzmatlaryna möhüm orun degişlidir. Şoňa görä, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatlarynda ýyladyş möwsüminiň dowamynda sebitleriň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek barada ýerli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, bu wajyp meseläni üns merkezinde saklaýar. Bu möhüm talapdan ugur alnyp, ýyladyş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça Daşoguz welaýatynda hem göwnejaý işler alnyp barylýar. Welaýat jemagat hojalygy birleşigi demirgazyk sebitiň ilatynyň abadan durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly wajyp wezipeleriň ýerine ýetirilmeginde mynasyp orun eýeleýär.

Welaýatda aýratyn howa şertleri bilen tapawutlanýan häzirki günlerde birleşigiň ähli düzümlerinde işleriň gerimi has giňeldi. Bu ýerde hasaba alnan jemagat ýaşaýyş jaýlaryny ýylylyk bilen kadaly üpjün etmek we olarda beýleki zerur amatlyklary döretmek babatda hojalyk-tehniki işler yzygiderli alnyp barylýar. Birleşigiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginde bu möwsüme ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Häzirki wagtda müdirligiň hasabyndaky ýyladyş desgalaryndan 349-sy arkaly jemagat we hususy ýaşaýyş jaýlaryna, edara binalaryna ýyladyş hyzmaty edilýär. Durmuş maksatly binalaryň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň hatary ep-esli artdy. Şäheriň gözel keşbine görk berýän täze binalarda jemagat hyzmaty göwnejaý ýola goýuldy. Häzir hereket edýän ýyladyş desgalaryndan saglyk öýleriniň 2-si, başlangyç hünär mekdepleriniň 4-si, orta mekdepleriň 32-si, şeýle-de çagalar baglarynyň 31-si ýylylyk bilen kadaly üpjün edilýär. Mekdeplerdir çagalar baglarynda kadaly ýylylyk derejesiniň üpjünçiligi aýratyn gözegçilikde saklanýar.

Amanmyrat SAPAROW.
«Türkmenistan».