"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Telekommunikasiýa pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy — innowasion ösüşiň kepili

Paýtagtymyzda “Türkmentel — 2024” halkara sergisi we ylmy maslahat geçirilýär Aşgabat, 14-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu halkara forum ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan nobatdaky «Türkmenistanyň ýyllyk statistik neşiri» taýýarlanylyp, çap edildi. Ol 2007 — 2023-nji ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, statistik hasabat ykdysadyýet bilen bagly dürli işjeňlikdäki ýagdaýlarydyr hadysalary seljermek we olara baha bermek üçin iň möhüm gurallaryň biri bolup durýar. Hasabatyň bu görnüşi hakyky ýagdaýlardyr sanlara esaslanýan, netije çykarmak babatda binýat bolup hyzmat edýän toplumlaýyn we yzygiderli maglumatlardan ybaratdyr. Ol aýry-aýry çeşmelerden ýygnalan maglumatlary özünde jemleýär hem-de olary umumylaşdyrmak üçin statistik seljermäniň dürli usullaryndan peýdalanylýar. Ýurdumyzda düzümleýin özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyna esaslanýan täze durmuş-ykdysady nusga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, maliýe ulgamynda, durmuş çygrynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge geçilýän häzirki döwürde statistikanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda örän möhümdir. «Statistika hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Statistika baradaky döwlet komitet

Parahatçylyk döredijilikli ýörelgeler

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly şygrynda parahatlygyň geljege iň mukaddes mirasdygy, Bitaraplygyň, dost-doganlygyň saýlan aýdyň ýolumyzdygy hakyndaky pikirler çeper beýan edilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna uly taýýarlyk görülýän, Halkara Bitaraplyk gününiň barha golaýlaýan häzirki günlerde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik syýasaty dünýäde barha dabaralanýar. Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen barha ösdürilýän Bitaraplyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde örän zerurdygyny, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyny görkezýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ideologiýasyna, döwletimiziň halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlaryna, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

«Türkmentel — 2024»: Tehnologiýalar. Sanly ulgam. Hyzmatdaşlyk

Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat ýokary guramaçylyk derejesi bilen tapawutlanýar. Halkara forumda ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň häzirki zaman ösüşi, milli aragatnaşygyň geljegi uly taslamalary, maglumat tehnologiýalary pudagynda durmuşa ornaşdyrylýan sanly hyzmatlar ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem nobatdaky gözden geçirilişde ýurdumyzyň döwlet edara-kärhanalarynyň, hususy düzümleriň, hyzmatdaş daşary ýurt kompaniýalarynyň öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary tanyşdyrylýar. Halkara forum sanly ykdysadyýet, «akylly» hem-de emeli aň tehnologiýalary, «Elektron hökümet», emeli hemra, ýokary tizlikli internet ulgamy ýaly tehniki we tehnologik ösüşiň dünýä ýüzünde ýörgünli bolan ugurlarynda ýurdumyzyň gazanan tejribesine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi milli telekommunikasiýa ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, onuň gazananlaryny ykdysady pudaklaryň işine ornaşdyrmaga, mahlasy, innowasion özgertmeleriň esasynda köptaraplaýyn ösüşi gazanmaga gönükdirilendir. Milli aragatnaşygyň ösüş depgini ýokary

Sungat sapaklary

Paýtagtymyzda dowam edýän «Gorkut ata» halkara kinofestiwalyna gatnaşmak üçin türki döwletlerden gelen tejribeli kino işgärleri düýn Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplar bilen duşuşyp, ussatlyk sapaklaryny geçdiler. Özboluşly döredijilik duşuşygyna gatnaşan türki dilli döwletleriň kino wekilleriniň arasynda Mete Soýdan, Altynaý Nogerbek, Anarkul Nazarkulowa, Mammadli Aghasi Sara Saad Han, Rejep Renan Bilek ýaly sungat ussatlary bar. Olar talyplara baý iş tejribeleri barada gürrüň berdiler.

Dostlary doganlaşdyrýan kino baýramy

Düýn paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda ýurdumyzda geçirilýän «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwalyň çäklerinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygy geçirildi. Olar soňky bir ýylyň dowamynda eden işleri, geljekde ýerine ýetirilmeli taslamalar, edilmeli işler dogrusynda pikir alyşdylar. Biz hem oňa gatnaşyjylaryň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Israfil KURALAÝ,«Yedirenk» kommunikasiýalar toparynyň baş direktory, kinofestiwalyň emini (Türkiýe):

Netijeli gatnaşyklar işjeňleşdirilýär

Öňňin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalarynyň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kataryň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 34-sinden, daşary ýurt kompaniýalarynyň 4-sinden wekiller, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryndan hünärmenler, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar işjeň gatnaşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň gutlag sözünden soňra, maslahatda daşary ýurtly alymlaryň, hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň esasy inžener-tehnology I.Zakaria çykyş edip, ýurdumyzda 30 ýyla golaý wagt bäri üstünlikli işläp gelýän bu kompaniýada alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra onlaýn maslahat «Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary», «Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar», «Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň ykdysady we ekologik meseleleri» atly bölümçelerde dowam etdi. Çykyşlarda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolma

Azyk bolçulygyna goşant

Daşoguz welaýatynyň maldarçylyk toplumynda ähli ugurlar boýunça uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap toplum boýunça şu ýylyň on aýynda 50 tonna golaý et, 20 tonna golaý şöhlat, süýt önümleriniň 1 müň 300 tonnadan gowragy, 90 tonna mesge, peýnir we dorogyň 60 tonnadan gowragy taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirildi. Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bu azyklyk önümler ýylyň ähli paslynda artygy bilen öndürilýär. Toplum welaýat merkezinden gözel paýtagtymyza uzap gidýän ýoluň ugrunda, Şabat etrabynyň Adalat geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. 8 gektara barabar meýdanda edara jaýy, dört sany bölüm üçin ýöriteleşdirilen binalar, ot-iým ammarlary, önümçilikde ulanylýan tehnikalara we ýük ulaglaryna niýetlenen jaýlar, şeýle-de naharhana ýerleşýär.

«Tebigy dermanhananyň» syrlaryny açyp...

Gündogaryň meşhur alym lukmanlary Abu Aly ibn Sinanyň we Abu Reýhan Birunynyň nusgawy kitaplarynda hem türkmen topragynda bitýän örän gymmatly, ýaşaýyş üçin zerur dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlara duş gelinýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa häzirki döwürde dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşantdyr. Milli Liderimiziň bu ylmy eserinde bütin adamzat jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini dogry berjaý etmekde dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti barada baý maglumatlar berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda lukman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynyň XVI jildini okyjylara peşgeş berdi. Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze jildinde gadymy türkmen topragynda bitýän ýabany hem-de medeni ösümlikleriň 106-sy barada etnobotaniki we etnolukmançylyk taýdan maglumatlar beýan edilýär. Olaryň aglaba bölegini otjumak ösümlikler (96 görnüş) tutýar. Olar hem, öz gezeginde, köpýyllyk otlara (42 görnüş), birýyllyklara (50 görnüş) we ikiýyllyklara (4 görnüş) bölünýär. Bulardan başga-da, agaçlar (2 görnüş), gyrymsy agaçlar (2 görnüş) we ýarym gyrymsyjalar (6 görnüş) barada maglumatlar berilýär. Kitapda gürrüňi edilýän dermanlyk ösümlikler 28 maşgala we 73 uru

Abraýly festiwaldaky üstünlik

Şu ýyl Moskwada 8-nji gezek geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Ol sazandalardyr wokalçylara, kompozitorlardyr ýaş ýerine ýetirijilere, suratkeşlerdir çeper sözüň muşdaklaryna öz döredijilik mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi. Festiwalyň çäginde aýdymçy-sazandalaryň arasynda geçirilen onlaýn bäsleşikde türkmenistanly ýaşlar hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly 2015-nji ýyldan bäri aýdym-saz muşdaklaryna şatlyk paýlap gelýär. Geçen ýyllarda oňa 600-den gowrak adam gatnaşdy. Bu sungat baýramçylygynyň şu ýylky meýilnamasy dürli bäsleşikleri öz içine aldy. Şolaryň hatarynda etnomedeniýet däp-dessury esasynda dürli hünärlerden sazandalaryň akademiki sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişi, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri boýunça bäsleşikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsertler, «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly ylmy-amaly maslahat hem bar.

«Ashgabat Open 2024»: finala bir ädim galdy

Paýtagtymyzda 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilýän «Ashgabat Open 2024» halkara tennis ýaryşynda düýn ýarym finalçylar belli boldy. Onda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda ýekelikde hem-de jübütleýin görnüşde ýarym finalçylar kesgitlenildi. Oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda türkmen ýygyndysyndan Süleýman Hudaýberdiýewiň ýeňişli ýoluny dowam etdirip, ýarym finala çykandygyny aýratyn nygtamak gerek. Ol çärýek final duşuşygynda Birleşen Arap Emirliklerinden gelen Mohamed Saleh Al Alini 2:0 hasabynda utup, adyny ýarym finala ýazdyrmagy başaran ilkinji türgen boldy. Onuň bu tapgyrdaky garşydaşy malaýziýaly tennisçi Garet Lim Hao Zhe bolar.

Hassa bolmazdan burun...

Güýzde howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli; Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly;

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!Gadyrly myhmanlar! Sizi ata Watanymyzda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa ornaşdyrmakda, aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2024» atly XVII halkara sergisiniň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanda «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly badalga aldy

Aşgabat, 13-nji noýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal badalga aldy. Türki döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän bu forumyň baş maksady kinematografiýa boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, kino sungatyny ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr. Çärä türki döwletler bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasyndan meşhur kino hünärmenleriniň, aktýorlaryň we bilermenleriň gatnaşmaklary bu ugurda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyna şaýatlyk edýär. Halkara kinofestiwalyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýandygyny bellemek gerek. Geçen ýyl türki dünýäniň III kinofestiwalynda Türkmenistana “Gorkut ata” kinofestiwalyny geçirmek nobatynyň nyşany bolan “Durna” heýkeljigi gowşurylypdy.

Jebislik we parahatçylyk — kinonyň dilinde

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde badalga alan «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly kino sungaty arkaly türki dünýäniň doganlyk halklarynyň arasynda özara düşünişmegi we jebisligi pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Biz hem bu kinoforuma gatnaşýan ildeşlerimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Mämmetnazar SAPARMYRADOW,Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygy:

«Ýaşyl» ösüş boýunça tagallalara ygrarlylyk

170-den gowrak ýurtda we sebitlerde iş alyp barýan Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä döwletlerine ýardam bermek babatda-da möhüm orny eýeleýär. Bu düzüm indi 30 ýyla golaý wagt bäri BMG-niň Türkmenistandaky iň uly agentligi hökmünde ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýar. Türkmen topragynyň baý tebigy serişdelerini netijeli dolandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek üçin täze mümkinçilikleri peýdalanmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde pes uglerodly we durnukly çözgütleriň toplumyny ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga goşant goşmak özara gatnaşyklarda ileri tutulýan ugurlardyr. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýanyň 10-11-nji noýabrda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iki günlük iş saparynyň maksady hem degişli hyzmatdaşlyk maksatnamasynda ýurdumyzyň şu sebiti babatda bellenen wezipeleriň durmuşa geçirilişi bilen ýakyndan tanyşmakdan ybarat boldy.

Akyldaryň döredijiligini wagyz edip

12-nji noýabrda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň binýadynda hereket edýän «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO klubunda onlaýn görnüşde «Magtymguly Pyragy — asyrlaryň paýhasy» atly sebitara maslahat geçirildi. Ony ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde gurady. Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerime eýe bolan şeýle halkara duşuşyklar Gündogaryň beýik söz ussadynyň edebi mirasyna has çuň akyl ýetirmäge, şahyryň ynsanperwerlik, parahatçylyk, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny rowaçlandyrmak baradaky pikirlerini dünýäde wagyz etmäge bagyşlanýar.

Polşadaky olimpiadadan medallar çemeni

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kämil düşünjeli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýaşlarymyzyň täze ylmy açyşlary, halkara bilim bäsleşiklerindäki üstünlikleri bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 7 — 10-njy noýabr aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde matematika dersi boýunça geçirilen halkara olimpiadada hem üstünlikli çykyş edip, oňat netijeleri görkezdiler. Olimpiadanyň netijeleri boýunça türkmenistanly talyplar şahsy bäsleşikde 6 altyn, 9 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular. Şahsy bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Balkan Jepbarow, Meňli Rahmedowa, Emir Wellekow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Medine Ödäýewa, Nurmyrat Ataýew, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Döwran Myradow altyn medala; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Söhbet Maksadow, Hajymuhammet Ataýew, Döwlet energetika institutynyň talyby Muhammet Annaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Batyr Öwezmyradow, Muhabbat Zafarjanowa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Döwletgeldi Esenow, Daniýar Emirkulyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institu

Düşewüntli ekin

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, daýhanlardyr kärendeçileri, telekeçilerdir beýleki önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldap, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek babatdaky tabşyryklaryna Mary welaýatynyň gaýratly ýer eýeleri-de netijeli zähmet bilen jogap berýärler. Olar oba hojalyk ekinlerinden bereketli hasyl alýarlar. Sebitiň daýhanlarynyň gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmekde-de baý tejribeleri bar. Welaýatyň hasyl ussatlary şu ýyl 17 müň 900 gektar meýdanda gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Hasyl toýunyň öň ýanynda bu düşewüntli ekiniň hasylyny ýygnamaga köpçülikleýin girişildi.

Önümlere isleg uly

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşligindäki mermer we granit işlenilýän zawod «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýyny guwandyryjy görkezijilere besledi. «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň bu öňdebaryjy kärhanasynyň agzybir we zähmetsöýer işçi-hünärmenleri tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 5 million 660 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Munuň özi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 102,7 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini aňladýar. Şol döwürde kärhanada 22 müň inedördül metre barabar önüm öndürildi. Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bu iri kärhanasynda işlenip taýýarlanylýan mermer we granit daşlaryna bolan islegiň artmagy önümleriň hiliniň ýokarydygy bilen baglanyşyklydyr. Kärhananyň önümçilik bölümlerindäki kämil tehnologiýalar köçeleri we ýanýodalaryň gyralaryny jäheklemek üçin dürli bezeg daşlaryny, arhitektura şekillerini we sütün üçin örtgi plitalary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Geçen döwürde bu önümler sarp edijilere bökdençsiz ýetirildi.