Abraýly festiwaldaky üstünlik

15 Noýabr 2024
196

Şu ýyl Moskwada 8-nji gezek geçirilen Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. Ol sazandalardyr wokalçylara, kompozitorlardyr ýaş ýerine ýetirijilere, suratkeşlerdir çeper sözüň muşdaklaryna öz döredijilik mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmek üçin özboluşly meýdança bolup hyzmat etdi. Festiwalyň çäginde aýdymçy-sazandalaryň arasynda geçirilen onlaýn bäsleşikde türkmenistanly ýaşlar hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň adyny göterýän «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwaly 2015-nji ýyldan bäri aýdym-saz muşdaklaryna şatlyk paýlap gelýär. Geçen ýyllarda oňa 600-den gowrak adam gatnaşdy. Bu sungat baýramçylygynyň şu ýylky meýilnamasy dürli bäsleşikleri öz içine aldy. Şolaryň hatarynda etnomedeniýet däp-dessury esasynda dürli hünärlerden sazandalaryň akademiki sazynyň iň gowy ýerine ýetirilişi, Magtymguly Pyragynyň goşgularyna düzülen saz eserleri boýunça bäsleşikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsertler, «Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny» atly ylmy-amaly maslahat hem bar.

Erjel ÝAGŞYMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.