«Tebigy dermanhananyň» syrlaryny açyp...

15 Noýabr 2024
205

Gündogaryň meşhur alym lukmanlary Abu Aly ibn Sinanyň we Abu Reýhan Birunynyň nusgawy kitaplarynda hem türkmen topragynda bitýän örän gymmatly, ýaşaýyş üçin zerur dermanlyk ösümlikler baradaky maglumatlara duş gelinýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby bolsa häzirki döwürde dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşantdyr. Milli Liderimiziň bu ylmy eserinde bütin adamzat jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesini dogry berjaý etmekde dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti barada baý maglumatlar berilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda lukman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynyň XVI jildini okyjylara peşgeş berdi.

Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik kitabynyň täze jildinde gadymy türkmen topragynda bitýän ýabany hem-de medeni ösümlikleriň 106-sy barada etnobotaniki we etnolukmançylyk taýdan maglumatlar beýan edilýär. Olaryň aglaba bölegini otjumak ösümlikler (96 görnüş) tutýar. Olar hem, öz gezeginde, köpýyllyk otlara (42 görnüş), birýyllyklara (50 görnüş) we ikiýyllyklara (4 görnüş) bölünýär. Bulardan başga-da, agaçlar (2 görnüş), gyrymsy agaçlar (2 görnüş) we ýarym gyrymsyjalar (6 görnüş) barada maglumatlar berilýär. Kitapda gürrüňi edilýän dermanlyk ösümlikler 28 maşgala we 73 uruga degişlidir.

Allamyrat AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynyň doktoranty, biologiýa ylymlarynyň kandidaty.