Ata-babalarymyz ýylgynyň syrdam, gaty çybyklaryny dürli maksatlar üçin peýdalanan bolsalar, ene-mamalarymyz onuň aşagyna dökülýän pürüni alyp, tamdyryň iç ýüzüni suwamakda ulanypdyrlar. Şonda suwag berk bolup, çöregiň arkasy keseksiz bolýar.
Ine, şeýle bähbitli taraplary bilen tapawutlanýan ýylgyn agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde ösýär. Hatda şorluk, batgalyk ýerlerde hem ösüp bilýän bu agajyň birnäçe görnüşi belli. Ol tohumyndan-da, çybygyndan-da köpelip bilýär. Özem ýabany usulda köpelýär. Iň peýdaly taraplarynyň biri, ol şor ýerlerde hem ösmek bilen, toprakdaky duzuň gurap, biziň dem alýan howamyza aralaşmagynyň öňüni alýar. Şeýle şorluklar bolsa Garagumda Amyderýanyň kenar ýakalarynda-da az däl. Bu agajy az-azdan bogup, mal agyly, kaşar üçin ulanypdyrlar. Hatda ak öýleriň daşyna örtülýän gamşyň arasyna-da ýylgynyň syrdam çybyklaryny goşup çykypdyrlar.