Pyragynyň şygyrlary — watansöýüjilik mekdebi

26 Noýabr 2024
240

Döwürleriň we köňülleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi nusgawy edebiýatymyzyň, asal dilimiziň gymmatly hazynasydyr. Onuň ähmiýeti wagt geçdigiçe barha artmak bilen. Akyldar şahyrymyzyň öňe sürýän pikirlerinden terbiýe meselesi eriş-argaç bolup geçip, adamyň hemişe kämillige ymtylmagy, ylym-bilim öwrenmegi barada pent edilýär. Şoňa görä-de, dana şahyryň edebi mirasy ýaş nesli milli ruhda terbiýelemegiň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar.

Şahyr hemişe Watan, il-gün hakyndaky oý-pikirler bilen ýaşapdyr, «Gözel ilim, sen diýip sökerem ýollar», «Saba turup, Watan, seni çaglar men» ýaly setirleriniň üsti bilen watansöýüjiligi ündäpdir. Ol «Gürgeniň» atly ajaýyp goşgusynda hem şygyr sungatynyň ýokary çeperçilik tärleri, çeper dil serişdeleri arkaly Watanyň gözel keşbini göz öňüňde janlandyrýar:

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň uly mugallymy.