"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bitewülik berekedi

Gahryman Arkadagymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna iş sapary barada söhbet Mukaddes Käbä zyýarat

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary

Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň abraýly bilim we ylmy merkezleri, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly tagalla edýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda «Saglygy goraýyş, bilim we sport: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahatyň geçýän günlerinde Türkmenistanyň Milli bilim instituty bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ýokary bilimiň döwlet býujet bilim edarasy bolan Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga gol çekilmegini hem görkezmek bolar. Resminamada halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hünäri kämilleşdiriş we gaýtadan hünär taýýarlygy okuwlarynda okatmak ýaly möhüm ugurlar öz beýanyny tapdy. Ylalaşygyň çäklerinde, 18 — 26-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda russiýaly kärdeşlerimiziň alyp barmagynda ýurdumyzyň pedagogik işgärleri üçin hünär derejesini ýokarlandyryş usuly-amaly okuwlary guraldy.

Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Öňňin Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi düýn öz işini dowam etdi. Türk kompaniýalarynyň 70-den gowragynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenlerini bir meýdança jemlän serginiň ikinji gününde täze önümleriň, döwrebap tehnologiýalaryň mahabat-tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi. Biz hem serginiň çäklerinde türkiýeli işewürleriň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Adem TAÝFUN,«Hilal Alüminyum» kompaniýasynyň marketing boýunça dolandyryjysy:

Tejribe — kämillige ýol

Islendik hünäriň hakyky ussady bolmakda tejribe zerurlyk hasaplanýar. Ol kämillige ýetmegiň iň netijeli ýoludyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ýaşlaryň saýlap alan hünärleri boýunça nazary bilimlerini tejribe bilen utgaşdyrmaklary babatda uly aladalar edilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljekki türkmen diplomatlaryny, halkaraçy hünärmenleri taýýarlaýan Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyplarynyň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda geçmekleri olaryň saýlap alan hünärleriniň hakyky ussatlary bolup ýetişmeklerine uly itergi berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak baradaky asylly başlangyjynyň durmuşa geçirilip başlanmagy bilen, 2014-nji ýyldan bäri, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeligini geçip gelýärler. Ýakynda hem institutyň halkara gatnaşyklary, halkara hukugy, halkara ykdysady gatnaşyklar, halkara žurnalistikasy fakultetleriniň 5-nji ýyl talyplarynyň 12-si ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky, Täjigistandaky diplomatik wekilhanalarynda önümçilik tejribeliginde boldular. Talyplaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, syýasy sowatlylygyny artdyrmak, ýokary de

«Arkadag» topary — Naýbaşy kubogyň eýesi

«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogy ugrunda geçirilen oýunda «Ahaly» ýeňlişe sezewar etdi. Balkanabat şäherinde bolan duşuşyk 3:1 hasabynda Arkadag şäheriniň adybir toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda döredilen «Arkadag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna ilkinji gezek mynasyp boldy. Onuň şu ýylyň dowamynda duşuşyklaryň 35-sini geçirendigini bellemek gerek. Topar olaryň 29-syny Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynda, 2-sini Kubok bäsleşiginde, 3-sini bolsa AFK-nyň Çagyryş kubogynda geçirdi.

Taýýarlykly garşylandy

Gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Maldar üçin synag döwri bolan bu pasla Lebap welaýatynyň maldarlary-da ykjam taýýarlyk gördüler. Güýzde mallar üçin 8169 tonna dürli görnüşli ot taýýarlanyp, bu baradaky meýilnama 101 göterim berjaý edildi. Güýz gyrkymynda 103,8 tonna ýüň almagy başaran maldarlar dessine kaşarlary abatlamagyň ugruna çykdylar. Netijede, uzak örüdäki 317 kaşar doly abatlanyp, çopanlara berkidildi. Şonuň ýaly, mallary wagtlaýyn saklamak üçin gurnalan agyllaryň-da ählisi doly abatlanyldy. Mahlasy, welaýatyň öri meýdanlarynda hiç bir desga ünsden düşürilmedi. Hatda bar bolan 551 guýynyň ählisiniň gyşda ýyly suw berip durmagy üçin ätiýaçlyk serişdeler bilen üpjün edildi. — Welaýatymyz boýunça şu ýyl iri şahly mallaryň 1158-sini, dowarlaryň hem 69 müň 127-sini gyşlatmaga girişdik. Düýeleriň baş sany 2396-a ýetdi. Köşekleriň-de sany az däl. Olaryň-da gyşladyljak ýerlerinde ot gorlaryny döretdik. Esasan-da, iri çöpli, ýandaga baý ýerleri düýelere gyş örüsi üçin saýlap goýduk. Öňki ýyllaryň gyşynda ýüze çykan käbir kynçylykly ýagdaýlar indi gaýtalanmaz ýaly, çopan-çoluklaryň we sarwanlaryň ünsüni halypa çopanlaryň iş tejribelerini öwrenmäge gönükdirdik — diýip, Lebap welaýat Maldarçylyk we guşçulyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Ruslan Jumakulyýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy. Şundan soň bizde hem şeýle tejribeli, halypa çopanlaryň biri bi

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Watanymyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň işini sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylary üçin talabalaýyk gulluk we iş şertlerini döretmek, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny hem-de türkmen halkyna rowaçlyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkiýäniň ýurdumyz bilen köpugurly hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.

Resmi habar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, 1-nji derejeli ýurist Annageldi Akmämmedowiç Magtymow Balkan welaýatynyň harby prokurory wezipesine; 1-nji derejeli ýurist Mämmet Aýmyradowiç Mämmedow Daşoguz welaýatynyň harby prokurory wezipesine;

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bitewi suw” sammitindäki ÇYKYŞY

Hormatly sammite gatnaşyjylar!Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, Fransiýanyň, Gazagystanyň we Saud Arabystanynyň Hökümetlerine ählumumy gün tertibinde duran hem-de birnäçe möhüm soraglary çözmäge ýardam etjek bu sammiti çagyrandygy üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Gümrükçiler üçin döwrebap bina

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär. Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary üçin şu ýylyň iýulynda Türkmenbaşy şäherinde açylyp ulanmaga berlen 4 gatly, 32 öýli ýaşaýyş jaýy hem şu hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlupdy.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisiniň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň iki ýurduň dost-doganlyga esaslanýan ygtybarly döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, haryt dolanyşygyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Watanymyzyň hem halkymyzyň bähbidine döredijilik we hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Geçen hepdäniň wakalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň innowasion esasda yzygiderli ösdürilmegine, ilata döwlet tarapyndan berilýän durmuş goldawynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine, Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende göterilmegine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň 25-nji noýabrda geçiren iş maslahatynda sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişine berk gözegçilik etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýyl möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary abatlamak, welaýatlarda önüm öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, sebitlerde Ob

Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz!

Jöwher paýhasyň «hakyda göwheri»

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen «Arkadagly Serdarymyz», «Ýaşa, Arkadagym!», «Arkadagym, Arkadagly Serdarym» ýaly aýdymlar oňa gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Biz dabarada çykyş edenleriň täze kitabyň many-mazmuny hem-de ähmiýeti barada buýsançly sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Geljek ýylyň Döwlet býujeti: oýlanyşykly çözgütler, möhüm wezipeler

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynda deputatlar ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasy bolan «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de biragyzdan kabul etdiler. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm resminama gol çekdi. Halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy, işlemegi, dynç almagy üçin amatly şertleri döretmekde wajyp orun eýeleýän, döwletimiziň möhüm wezipelerini berjaý etmegiň guraly bolan Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 2-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Häkim sebitiň ekerançylyk meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.