"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze önümçilik kärhanalary

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman önümçilik desgalarynyň birbada ikisi — kofe we kofe önümlerini hem-de nah ýüplük öndürýän kärhanalar dabaraly açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli döwrebap kärhanalar Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Açylyş dabaralaryna welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Täze önümçilik desgalarynyň öňündäki giň toý meýdançalaryny welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk döredijilik toparlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary gurşap aldy. Dabaralarda çykyş edenler kärhanalaryň ähmiýeti we mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak babatdaky tagallalary barada aýdyp, hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwrebap bina — ilatyň hyzmatynda

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy Balkan welaýatynda hem toý dabaralaryna beslenip bellenilýär. Düýn Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan, täze üç gatly edara binasynyň ulanyşa girizilmegi hem bu dabaralaryň üstüni ýetirdi. Döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän täze binanyň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Oňa Balkan welaýat, Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň mähriban Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ralli-reýd boýunça ýurdumyzyň çempionaty

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garagum sährasynda awtomobil sportunyň ralli-reýd görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ahal we Balkan welaýatlarynyň çäginde guralan ýaryşa gatnaşyjylar jemi 161 kilometr aralykda bäsleşdiler. Şonuň 138 kilometri ýaryşyň birinji gününde, galany bolsa ikinji günde geçildi. Çempionat Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň hem-de Türkmenistanyň Awtomobil sport federasiýasynyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar. Ýaryşlar «T2» we açyk synply awtoulag görnüşleri boýunça geçirildi. «Nissan Patrol», «Mitsubishi Pajero» we «Toyota Hilux» awtoulaglarynda iň gowy netije görkezen türgenler ýaryşyň ýeňijileri boldular.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň wekillerini kabul etdi

Aşgabat, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadini we Merkezi bankynyň başlygy Mohammad Reza Farzini kabul etdi.

Netijeli başlangyçlar we çözgütler — täze üstünlikleriň binýady

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna hem-de Oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, möwsümleýin işlerde daýhanlary zerur serişdeler bilen üpjün etmek, biokärhanalarda işleri ýokary derejede guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmek, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işleri üçin sarp edilen nebit önümlerine tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, Mary welaýatynda ýetişdir

Resmi habar

Türkmen elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek baradaky meýilnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda elektroenergetika pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy bilen ozal baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Ösüp gelýän nesillerimiz baradaky alada beýik we ýagty geljegimiz baradaky aladadyr

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi Arkadag şäheri, 7-nji dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi geçirildi. Oňa müdiriýetiň agzalary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisindäki ÇYKYŞY

(Arkadag şäheri, 2024-nji ýylyň 7-nji dekabry) Hormatly müdiriýetiň agzalary!

Hoşniýetli ýörelgeleri dabaralandyryp

Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, bu ugurda halkara resminamalara goşulyşmaga we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär. ürkmenistan ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmek bilen, şunda parlament diplomatiýasyna möhüm gural hökmünde garaýar. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly diplomatiýanyň bu görnüşini işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklar kanun çykaryjylyk we parlament işlerinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda, halkara guramalaryň, Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «ÝHHG-niň çäginde parlam

Halk hakydasynyň hazynasy

Mälim bolşy ýaly, taryhy ýyl ýazgylar diýen düşünje bar. Emma ondan hem has giň we çuňňur köklere uzan taryhy hakyda barada hem oýlanmak zerur. Gahryman Arkadagymyz ilimize serpaý eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde hut şu babatda täze pikirleri öňe sürýär. Aslynda, her bir geçen waka, pursatlar geçmişiň bir parçasy bolsa-da, gadymyýetiň awtorlaryna degişli bolan ýyl ýazgylaryň arasynda taryhy hakykata laýyk ornuny alyp bilmedikleri hem bar. Milli Liderimiziň pikir-garaýyşlaryna görä, taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda öten ata-babalaryndan galan üzülmejek ruhy bagdyr, köňül rişdesidir, buýsançly watançylyk çeşmesidir.

Gadymy ýoluň müdimi dostlary

Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda iki günläp dowam eden Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça halkara bilermenleriň sebitleýin duşuşygy üstünlikli tamamlandy. Onda ÝUNESKO-nyň, Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça halkara institutynyň, Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak boýunça halkara geňeşiň, Ýaponiýanyň Teýkýo uniwersitetiniň, Beýik Britaniýanyň London uniwersitet kollejiniň bilermenleri tarapyndan Ýüpek ýolunyň Hazar — Wolga geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän döwletleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlän taryhy-medeni obýektleri baradaky tekliplerine seredildi. Biz hem duşuşyga gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň bu baradaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk.

Sagdyn jemgyýetiň goragynda

Düýn Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň bikanun dolanyşykdan alnan neşe we beýleki serişdeleri ýakyp ýok etmek üçin niýetlenen toplumynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde geçiren işleriniň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýakyp ýok etmek çäresi boldy. Asylly maksady esasy ugur edinýän bu çärä Hökümet agzalary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna degişli düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýaşlara ynam – ýagty geljege ynam

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly şanly wakalara, uly üstünliklere beslenip, şöhratly taryhymyzyň zerbap sahypalarynda öçmejek yz goýýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny halkymyza serpaý ýapmagy hem ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän ynamyň örän ýokarydygyny görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň geljegini ýurdumyzyň röwşen ertiri we şanly ösüşleri, olaryň ukyp-başarjaňlygyny ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty bilen baglanyşdyrmagy biziň her birimizde ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan şadiwanlarynda ynamyň ganatlandyryjy, güýçlendiriji we ruhlandyryjy gudrata eýedigini belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagynda hem çuň many-mazmun jemlenýär. Ajaýyp eseri okap başlan badyňa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy, olaryň gazanýan üstünliklerine bolan buýsanjy kalbyňy gaplap alýar. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri barada giňişleýin söz açylmagy, şeýle-de olaryň durmuşyny bezeýän ýol-ýörelgeler, asylly gylyk-häsiýetler dogrusynda paýhasly pikirleriň öňe sürülmegi ýaşlary belent maksatlara, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ylymly ýaşlara eýe bolan döwlet beýik döwletdir» diýip belleýşi ýaly, ylymly-bilimli ýaşlaryň ýurdumyzyň ösüşine saldamly go

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ileri tutulýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Şol döwürde milli parlamentiň 3 maslahaty geçirilip, olaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň 36-sy, Mejlisiň kararlarynyň 22-si kabul edildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine, halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk toýuna barýan günlerimizde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmegi, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleriniň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Resmi habar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri häzirki wagtda ähli görkezijiler babatda nusgalykdyr. Ýakynda bu ajaýyp şäheriň Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna mynasyp bolmagy munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherine bu abraýly baýragyň gowşurylmagy mynasybetli geçiriljek dabara gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2024-nji ýylyň 8 — 10-njy dekabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň dowamynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda bu wakanyň hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän daşary syýasat strategiýasynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygy bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

«Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onda ileri tutulýan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Uzak ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramanyň agentlikleri hem-de düzümleýin edaralary ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uzak möhletli, strategik hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek we utgaşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goldaw bermegi esasynda şu ýylyň martynda «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşi döredildi. Geňeş däp bolan dialogy giňeltmäge gönükdirilen täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança öwrüldi.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda gaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 6-njy dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň “BOTAŞ” kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şunda bu pudagyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan dünýä ýurtlary, halkara guramalar, öňdebaryjy energetika kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça işjeň syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda Türkiýe Respublikasyna aýratyn orun degişlidir.

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagyna ýardam eden ýokary derejeli serginiň guramaçylykly geçirilmegi babatda döredilen şertler üçin Size çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.