Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.
Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçdi.