Ählumumy dialoga ygrarlylyk

12 Dekabr 2024
106

Dmitriý ŞLAPAÇENKO,
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy.

Şu gün — 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär. Ol parahatçylygy, durnuklylygy we ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekde bitaraplygyň döredijilik kuwwatyny subut etmäge bagyşlanan baýramçylykdyr. Bu ýyl ol Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki ornuny kesgitleýän özboluşly hukuk derejesi bolan hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen hem gabat gelýär. 1995-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilen döwründen bäri, Türkmenistan Bitaraplygyň ählumumy diplomatiýanyň, sebitleýin hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň özeni bolup biljekdigini aýdyň görkezip gelýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir hukuk derejesi bolman, eýsem, halkara gatnaşyklarda özara düşünişmegi, hormatlamagy, ynanyşmagy berkitmek babatda ýurduň çemeleşmelerine ornan filosofiýadyr hem.