Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde diplomatik gatnaşyklaryň resmi taýdan ýola goýlan senesinden bäri, dostluk, açyklyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-rus gatnaşyklary yzygiderli ösdürilip, hil taýdan täze derejä çykaryldy. Tamamlanyp barýan 2024-nji ýyl hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhyna möhüm sahypalar hökmünde ýazylan wakalara baý boldy. Bular barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan WOLYNKIN türkmen we rus köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin düýn geçiren metbugat maslahatynda giňişleýin gürrüň berdi.
Syýasy dialog hereketde