Mälim bolşy ýaly, 11-nji dekabrda Gökdepe metjidinde sadaka berlip, oňa Milli Liderimiz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem köp sanly ildeşlerimiz gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna berlen bu sadaka halkymyzyň asyrlarboýy eýerip gelýän ruhy däp-dessurlarynyň, häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsine öwrüldi.
Sadaka gatnaşan ýaşuly nesliň wekilleri ýürek sözlerini şeýle beýan edýärler: