Her bir öýe şatlyk nuruny saçsyn!

16 Dekabr 2024
106

Düýn paýtagtymyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Arkadag şäherinde hem Täze ýyl arçalarynyň yşyklaryny ýakmak dabaralary geçirildi. Baýramçylyk dabaralary täze taryhy eýýamyň şanly ýylynyň ösüşler bilen jemlenip, geljek ýyla uly ynam bilen gadam basyljak ajaýyp günleriniň toý şatlygyny has-da artdyrdy.

Welaýatlaryň «Türkmeniň ak öýi» binalaryndaky we Arkadag şäheriniň «Arkadag Binasynyň» öňündäki baş arçalary yşyklandyrmak üçin ýola düşen Aýazbabadyr Garpamyk hem-de ertekileriň gahrymanlary Diýarymyzyň giňişliklerindäki taryhy ýadygärliklere seýran etdiler, medeni merkezlere, sungat ojaklaryna, bilim-terbiýeçilik edaralaryna, önümçilik desgalaryna baryp gördüler. Olary bu ýerlerde şadyýan çagalar gujak açyp, uly şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Täze ýylyň arzyly myhmanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň çäginde açylyp ulanmaga berlen täze desgalarda myhman bolup, tamamlanyp barýan ýylda sebitlerde halk hojalygynyň ähli ugurlary boýunça gazanylan ösüşlere ýakyndan syn etmäge mümkinçilik aldylar. Olar Diýarymyzyň çar künjeginde giň gerimde amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler barada çagalara uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Soňra körpeleriň ýerine ýetiren goşgudyr aýdym-sazly çykyşlary diňlenildi, olara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

«TÜRKMENISTAN»
Surata düşürenler Myrat BAÝRAMOW, Begençmyrat ATAÝEW, Merdan ORAZOW.