Pyragynyň ilinden Afrika yklymyna

2 gün öň
62

Hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragyny «Türkmen şygryýetiniň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy» diýip atlandyrmak bilen, onuň döredijiligine örän ýokary baha berýär. Doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň bolsa söz ussadynyň adynyň arşa göterilip, «parlak ýyldyz» hökmünde has ýiti ýalkym saçan ýylyna öwrülendigi aýdyň hakykatdyr. Ýylyň dowamynda onuň ýubileýi mynasybetli Ýer ýüzüniň çar künjeginde — Aziýa, Ýewropa, Amerika yklymlarynda dürli mazmunly çäreleriň 170-e golaýynyň geçirilmegi-de muňa anyk delil. Şahyryň gymmatly mirasy ÝUNESKO, TÜRKSOÝ ýaly ýöriteleşdirilen düzümleriň hem üns merkezinde boldy. Şanly ýylyň ahyrky günlerinde-de türkmen halkynyň beýik oglunyň ady ýene bir täze meýdançada — Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) ştab-kwartirasynda ýaňlandy. 18-nji dekabrda şol ýerde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde iş saparynda boldy.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».