"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Aşgabadym — aşyk abadym meniň

Aziýanyň ak mermerden merjeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.Saňa bolan buýsanjymyň ýok çeni,Aşgabadym — aşyk abadym meniň. Behişt bilen bäs edişýär bu ýerler,Gujagyňda söýülerler, söýerler,Owal adyň yşkdan dörän diýerler,Aşgabadym — aşyk abadym meniň.

Penjiräniň öňündäki adam

Bilemok, bu endik nireden galypdyr, haçan döräpdir, emma men boş wagtlarym penjireden daşaryny synlamagy halaýaryn. Islendik pasyl hem bolsa tapawudy ýok, ýöne hasam güýzüne ýagyş çisňeýärkä ýa-da gyşyna gar petdeläp ýagýan pursady ýolýakadaky, öýümiziň penjiresiniň öňündäki arçalaryňdyr beýleki daragtlaryň ýagşa ezilişini ýa-da kem-kem aklyga bürelip barşyny synlamagy halaýaryn. Güýzüň ýagyşly günleri eger mümkinçiligim ýa-da keýpim bar bolsa, men daşary çykyp, ýagyşly şäherde gezim etmegi halaýaryn. Emma uzaga gitmeýärin, öýümiň töwereginde aýlaň-çaýlaň edip oňýaryn. Penjire bilen bagly mende aýdara, deňeşdirere, gussa çekere, küýsege berlere kän-kän ýatlama bar. Olary hut häzir şu setirleri ýazýarkam, birme-bir, emma yzygiderli däl, başly-barat ýatlap, men ömrümiň agramly böleginiň ötendigi, adamlara aýdara nämedir bir zatlaryň peýda bolandygy barada oýlanýaryn.

Baýzy ýüňden basylan keçe

Ylmy barlaga çekilen etnografik gymmatlyklaryň arasynda baýzy ýüň keçe baradaky maglumatlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu keçäni taýýarlamak üçin baýzy ýüň 5 — 7 aýlyk tokludan gyrkylyp alynýar. Goýnuň ýüňi bilen deňeşdirilende gysga bolýandygy sebäpli, ol gyrkylanda, bitewi bir düýrüm ýüňi emele getirmeýär. Şoňa görä-de, baýzy ýüň silkme telpegiň buýralary ýaly seçelenip, saýlanyp durýar. Bu ýüň beýleki ýüňlere görä has ýumşak we ýüpeksow bolýar. Baýzy ýüňde malyň derisinden bölünip çykyp, ýüňe siňýän ýagyň mukdarynyň az bolmagy onuň ýüňüniň seçelenip, owadan öwüşgin bermegine şert döredýär. Ýokary hilli baýzy ýüňi almak üçin ýylyň başynda doglan toklulary tomsuň ahyrlarynda, ýagny 20-nji awgustdan soň gyrkýarlar.

Ýaşuly göreldesi

Halkymyzyň arasynda «Garryly öý — gazna» diýen pähim bar. Munuň özi ýaşuly nesle goýulýan çuňňur hormat-sarpanyň nyşany bolup, gadymy däplere ygrarly halkymyz häzirki wagtda bu milli ýörelgäni mynasyp dowam etdirýär. Magtymguly atamyz «Türkmeniň» diýen goşgusynda:

Saglygyň gadyryny bilgil...

Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keseller, sowuklama ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär. Howanyň häli-şindi üýtgäp durmasy, aram-aram ýagyşdyr garyň ýagmagy ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döredip ýa-da gaýra üzülmelere sebäp bolup bilýär. Adam bedeninde Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi bedeni tapdan düşürip, nerw ulgamyny gowşadýar. Bu bolsa, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygymyz hakynda öz wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly. Bu günki gün Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän köpugurly öňüni alyş barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biridir. Olar keselleriň döremegine getirip biläýjek näsazlyklary gaýra goýman ýüze çykarmaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ene süýdüniň ähmiýeti, dermanlyk ösümlikleriň saglyga peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 7-nji ýanwar (TDH). Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

“Türkmen arhiwi” žurnalynyň nobatdaky sany

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan neşir edilýän «Türkmen arhiwi» taryhy-resminama, ylmy-usulyýet žurnalynyň 21-nji sany çapdan çykdy. Neşiriň nobatdaky sany 2019-njy ýylda kabul edilen resminamalar bilen açylýar. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyna degişli Permanlary we Kararlary, ýurdumyzyň Mejlisiniň hem-de Halk Maslahatynyň Kararlary bar.

Bagt gadamy mübärek!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň hem asudalygyň mekany hökmünde at-owazasy dünýä dolan eziz ýurdumyzyň gül gujagynda bagtyýar ýaşaýan mähriban halkymyz ýagşy umytlar, ganatly arzuwlar bilen täze, 2021-nji ýyly garşy aldy. Beýik döwrüň döredijilikli işleriniň ruhunda gülläp ösýän, özgerýän türkmen topragyna mübärek gadamy bilen gelen bu ýylda ata Watanymyzy şöhratlandyrýan uly toýumyz — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanar. Eziz Diýarymyzda geçen ýyl baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenildi. Türkmen döwletiniň berkararlygynyň synmaz sütünleri, goşa ganaty bolan Garaşsyzlygyň hem Bitaraplygyň şanly seneleri sazlaşykly utgaşyp, toýlary goşa-goşadan gelýän ýyllary bagta besleýär. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň täze ýylyň bosagasynda geçirilen bilelikdäki mejlisinde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýerine ýetirilen işler hakynda aýdyldy hem-de geljek ýylda öňde durýan maksatnamalaýyn wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň 73-nji mejlisinde ähli agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýär. Milli Liderimiziň ählumumy parahatçylyk we ynanyşmak esasynda halkara

Türkmen karbamidine isleg artýar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary, baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir içerki zerurlyklara däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesinde 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ulanyşa girizilen karbamid zawody hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýaponiýaly hem-de türkiýeli hyzmatdaşlar tarapyndan bina edilen kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belentliklere göterilip, rowaçlyklara beslenýändiginiň güwäsine öwrüldi. Geçen ýyly uly üstünlikler bilen jemlän karbamid kärhanasynda şu günler işler ýokary sazlaşykda alnyp barylýar. Geçen ýyl bu ýerde karbamid öndürmek baradaky meýilnama üstünlikli amal edildi. Taýýarlanylan önümiň ähli möçberiniň diýen ýaly daşarky bazarlara çykarylandygy has-da buýsançly görkezijidir. Işleriň depgini häzirki zaman kärhanasynyň ýakyn wagtda öz taslama kuwwatlylygyna çykaryljakdygyny aňladýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

TEJRIBE ALŞYLDY AHAL. Welaýatyň şäherdir etraplarynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçirildi. Okuwlaryň barşynda okuw maksatnamalaryny özleşdirmegiň, innowasion tehnologiýalary, sanly serişdeleri sapakda giňden peýdalanmagyň netijeli usullaryny, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribesini öwrenmek, ýaýratmak, şeýle-de ýaş nesli ylmy-gözleg işlerine ugrukdyrmak bilen baglanyşykly wezipelere üns çekildi. Bilim işgärleriniň ýanwar maslahatynyň çäginde geçirilen bu okuwlaryň barşynda umumybilim berýän orta mekdeplerde, çagalar baglarynda okuw-terbiýeçilik işini talabalaýyk guramak, okuw maksatnamalarynyň özleşdirilişini hem-de ýaş nesle netijeli bilim-terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça tejribeli hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berildi.

Daşky gurşaw we innowasion tehnologiýalar

Eziz Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, olary geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli milli maksatnamalar ekologiýa ýagdaýy bilen sazlaşykly amala aşyrylýar. Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli we maksadalaýyk içeri hem-de daşary syýasaty alyp barýar. Döwletimiz bu ugurda uly tejribe toplady we halkara derejede ekologik ýörelgelere hem-de kadalara eýermek arkaly, ýurdumyzda durmuş-ykdysady maksatnamalary toplumlaýyn amala aşyrmakda uly möçberli işleri ýerine ýetirilýär.

Energetika — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Ýurdumyzda bu geljegi uly ugra gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar we energetika pudagynyň ösüş tapgyrlary täze başlangyçlara itergi bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu möhüm resminamalary durmuşa geçirmek, bu ugurda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek, artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek, şeýle-de degişli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň paýyna düşýän esasy wezipeleriň biridir. Bu wezipeleriň çözülmegine ministrligiň düzümine girýän «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, «Türkmenenergotaslama» institutynyň, «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň goşýan goşandy uludyr. Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşyp, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini görkezýär. Elektri

Gyş aladalary

Çillede ýagan gar, ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, ýere dökün bolsa-da, maldar üçin käbir kynçylyklary döredýär. Sebäbi ol Nowruz gary ýaly aňsat eräp gidibermeýär. Öri meýdanlaryny, hatda iri çöplerine çenli örten gar ýene-de asmana garap, «entäkler gitmerin» diýip dur. Şonuň üçin Lebap welaýatynyň Garagumda we Gyzylgumda mal bakýan çopan-çoluklaryna goşmaça adam güýçleri we tehnikalar berkidildi. Welaýat maldarçylyk birleşigine degişli bolan 8 sany maldarçylyk hojalygynyň hasabynda jemi 222 müňe golaý dowar bolmak bilen, olaryň 100 müňden gowragy ene goýunlardyr. Eýýäm agralyp başlan ene goýunlar ýyly kaşarlara geçirildi. Gyşdan öň kemsiz abatlanyp, ätiýaçlyk otlar bilen üpjün edilen 373 sany kaşardyr agyl mallary ýyly gyşlatmagy üpjün edýär. Meýdan otlaryndan taýýarlanan küdelerde kaşarlaryň ýakynynda ýerleşdirilipdir. Gury oty köp iýen malyň suwa bolan talaby-da güýçli bolýar. Şonuň üçin her gün mallar guýynyň ýyly suwundan gandyrylýar. «Lebapörisuw» kärhanasynyň hünärmenleri bolsa ähli guýulara wagtly-wagtynda aýlanyp, olaryň kadaly işlemegi üçin tagalla edýärler. — Gyşyň häzirki ýaly doňaklyk döwründe guýynyň ýyly suwy, aýratyn-da, ene mallar üçin zerurlyk. Suwy wagtynda bermän, gijikdirseň, mallar doňan gary ýalap başlaýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, bogaz mala zyýan edýär — diýip, guýy ussasy Jumamyrat Ahmedow gürrüň berýär. Hakykatdan-da, 40 — 50 metr çuňlukdan çyk

Halk gahrymanynyň çeper keşbi

Arka berip daýandygym,Goja daglar ýerindemi?! «Görogly» eposyndan.

Ýaraşykly dünýä

Türkmen zenanlarynyň milli lybaslarynda toý öwüşginleri bar. Olar, edil, ýaz güllerinden dokalan ýaly owadan, nepis hem näzik. Olar waspynyň şygra, dessana laýykdygyny öz şowurdysy, öwüşgini bilen dünýä ýaýyp ýör. Ýüpek jemally öýme

Zehin zehinden zyýada

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak 1992-nji ýyldan bäri zehinli çagalara gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Baýraga mynasyp bolanlaryň arasynda döredijilikde, aýdym-sazda, sportda, ylymda, bilimde tapawutlanan çagalaryň has köp bolmagy ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyny goşjak bagtyýar nesilleriň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär.

Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

Gyşda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, pasla görä gün tertibini dogry alyp barmak, howanyň derejesine laýyklykda geýinmek zerur bolup durýar. Lukmanlaryň bellemegine görä, ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň howa-tozan ýoly hem bar. Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy adam bedenine täsirini ýetirýär. Tozanly we sowuk howanyň täsiri bilen käbir adamyň elleriniň deri örtüginde gyzarma, awuşama ýaly allergik ýagdaýlar we deri örtüginiň sowuklamasy ýüze çykýar. Häzirki döwürde howadaky tozan bölejikleriniň kadadan artmagy hem-de howanyň derejesiniň peselmegi netijesinde, adamlaryň ýokary dem alyş beden agzalarynyň nemli bardasynda hem edil şol görnüşdäki üýtgeşmeler ýüze çykyp bilýär. Netijede, adaty ýiti respirator keseliň has agyr geçmegine getirýär. Dürli gaýraüzülmelere sebäp bolýar. Şonuň üçin hem her birimiziň agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmagymyz zerurdyr. Örtügi dogry ulanyň, nädogry ulanylanda, dem alyş ýollaryna howadaky tozan bölejikleri düşýär! Agyz-burun örtügi ýokanja garşy netijeli böwetdir.

Armydyň peýdasy barada

Bereketli türkmen topragy adam bedeniniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan witaminleriň köp mukdaryny özünde saklaýan miwelere diýseň baýdyr. Düzüminde witaminleriň köp möçberini saklaýan we wirusdyr ýakymsyz howa şertlerine garşy göreşýän miweleriň biri-de armytdyr.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde wideomaslahat ulgamy arkaly ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdirmek boýunça korporasiýasynyň (USIDFC) baş ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi Kaleb Makkerri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edarasynyň, şeýle hem Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Daşary işler ministrliginiň hem-de ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak: ýy­lyň şy­ga­ry tä­ze müm­kin­çi­lik­le­re ýol aç­ýar

Düýn BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň paý­tag­ty­myz­da ýer­leş­ýän eda­ra bi­na­syn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri üçin met­bu­gat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Mil­li hem-de Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen da­şa­ry ýurt köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, şol san­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň žur­na­list­le­ri­niň on­laýn ar­ka­ly gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len çä­re­de mer­ke­ziň ta­mam­la­nan ýyl­da ýe­ri­ne ýe­ti­ren iş­le­ri­niň jem­le­ri sel­je­ril­di hem-de Aş­ga­bat jem­leý­ji res­mi­na­ma­sy­nyň BMG-niň res­mi dil­le­rin­de çap edi­lip, köp­çü­lik­le­ýin ýaý­ra­dyl­ma­gy­nyň äh­mi­ýe­ti we Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len dün­ýä de­re­je­sin­de «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän 2021-nji ýyl­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler barada gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­di. Biz BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li, BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa GER­MA­NYŇ met­bu­gat mas­la­ha­tyn­da­ky çy­ky­şy­nyň maz­mu­ny­ny oky­jy­la­ry­my­za ýe­tir­me­gi ma­kul bil­dik.