Energetika — ykdysadyýetiň möhüm pudagy

8 Ýanwar 2021
2263

Türkmenistanyň energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýedigi, elektrik energiýasynyň bolsa dünýäde iň girdejili pudaklaryň biri bolup durýandygy hemmämize mälimdir. Ýurdumyzda bu geljegi uly ugra gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberi yzygiderli artdyrylýar we energetika pudagynyň ösüş tapgyrlary täze başlangyçlara itergi bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Bu möhüm resminamalary durmuşa geçirmek, bu ugurda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde peýda bolýan täze-täze ýaşaýyş jaýlaryny, senagat kärhanalaryny, halk hojalygynyň sarp edijilerini elektrik hem-de ýylylyk energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün etmek, artykmaç elektrik energiýasyny daşary ýurtlara ibermek, şeýle-de degişli hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň paýyna düşýän esasy wezipeleriň biridir. Bu wezipeleriň çözülmegine ministrligiň düzümine girýän «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, «Türkmenenergotaslama» institutynyň, «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň goşýan goşandy uludyr.

Baý tebigy serişdelere eýe bolan hem-de «Açyk gapylar» syýasatyny işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ynamly goşulyşyp, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşini görkezýär. Elektrik energetikasy onuň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm pudagyň okgunly ösüşinde ýurdumyzyň täze senagat-innowasion keşbini kemala getirmegiň, onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň wajyp şertleri jemlenendir.

Çarymyrat AMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň dolandyryş hojalyk müdirliginiň başlygy.