"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lukmanlar maslahat berýär

Howanyň sowuk döwründe adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup, möwsümde ýiti ýokanç keselleriň ýokuşma howpy artýar. Bu döwürde dürli kesellerden goranmak üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmek maslahat berilýär. — Jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly we howpsuz aralygy saklamaly.

Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy

AŞGABAT, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy öz işine başlady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän forum türkmen we nemes kärdeşleriň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmaga, ylmy işgärleri hem-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Ähli reňkleriň başlangyjy ak reňkde!

Ynha, indi her gezek gözüň düşende, buýsançly kalbyňa ganat bekledýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» eserindäki Ýer togalagynyň daşyndan aýlanyp, ak ýol çekip barýan guşuň — parahatçylygyň ilçisi hökmünde bütindünýä söýgüsini gazanan ak kepderiniň şekili bu eýjejik guşuň halkyň ruhy dünýäsine girip, hemişelik orun alşy, şeýle-de «ak ýol» diýen aňlatmanyň giň hem-de nurana many öwüşginleri barada oýlandyrýar. Eýsem, nirede asudalyk we parahatlyk bolsa, şol ýerde gowulyklaryň hem şowlulyklaryň, rowaçlyklaryň jeminden hasyl bolýan ak ýollar ynsanlary ösüşlere, parlak geljege tarap ynamly öňe äkidýär. Şol ak ýol bolsa milli Liderimiziň adybir eserinde belentden beýan edilen baky Bitaraplygymyzdyr. Ýaşaýşyň buşlukçysy

Täze syýasy gurluş — täze wezipeler

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary hakynda söhbet «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinde, 2-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsümine badalga berildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary esasynda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu saýlawlar syýasy ulgamyň işiniň has-da döwrebaplaşdyrylyp, hil taýdan täze, iki palataly parlament gurluşynyň ýola goýulmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginde täze sepgidi alamatlandyrýar. Täze şertlerde ilkinji gezek geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň raýatlaryň syýasy işjeňligini ýokarlandyryp, olaryň syýasy-hukuk medeniýetini has-da kämilleşdirmekde möhüm waka öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar.

Döwrebap özgertmeler

Mälim bolşy ýaly, 14-15-nji ýanwarda bolup geçen taryhy wakalar — Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň hem-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Şeýle taryhy wakalaryň many-mazmunyny hem-de ähmiýetini wagyz etmek boýunça indi birnäçe gün bäri ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda geçirilip gelinýän maslahatlaryň jemleýjisi düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde boldy. Ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilen maslahata ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda ata Watanymyzyň täze taryhy döwürde ýeten belent sepgitleri buýsanç bilen wasp edildi.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Watan goragçylarynyň gününi bellemäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri esasy işiniň daşyndan şanly ýyllarymyzy sport üstünliklerine hem besleýärler. Olaryň fiziki taýdan hemişe taýýarlykly we sagdyn bolmagyny üpjün edýän sport ýaryşlary netijeliligi bilen hem guwandyrýar. Bu işlerden ýurdumyzyň kazyýet işgärleri hem çetde duranok. Hormatly Prezidentimiziň, Belent Serkerdebaşymyzyň sport hereketiniň esasy wagyzçysy bolup durýandygy nygtalmaga mynasypdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanmakda milli Liderimiziň hut özi belent görelde görkezýär. Bu göreldä eýerýän watandaşlarymyz sporty ýaran edinip, ukyp-başarnyklaryny halkara ýaryşlarda hem ykrar etdirýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar ýokarda agzalan hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň sportuň bu ýeňil bolmadyk görnüşi boýunça dünýä çempiony bolmagy köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň ajaýyp miweleriniň biridir.

Älem gözelligini özünde jemlän

Ynha, paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbine aýratyn bezeg beren, milli binagärligi, döwrebap keşbi bilen göreni haýran edýän täze döredijilik merkeziniň «Jahan» diýlip atlandyrylmagynyň özboluşly manysy bar. «Jahan» diýlende, eýýäm göz öňüňe älem giňişligi gelýär. Onda ýaşaýyş bar, ol adamzat durmuşynyň ähli ajaýyplyklaryny özünde jemleýär. Älem gözelligini özünde jemleýän ol ajaýyplyklar bolsa, ilkinji nobatda, asuda hem parahat ýaşaýyş, sagdyn durmuş üçin zerur. Merjen şäherimiziň iň gözel künjeginde gurlan bu döredijilik merkezine aýlananymyzda, biz onuň mysalynda mähriban Arkadagymyzyň amal edýän işleriniň ählisinde ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwürmek, sagdyn jemgyýeti döretmek meselesiniň esasy orunda durýandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris. «Jahan» döredijilik merkezi ýaş nesliň döwrebap terbiýesiniň, döredijilik başarnygynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi bilen birlikde, olaryň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagynda-da möhüm ähmiýetlidir. Onda döredilen aňrybaş şertler ýurdumyzda döredijiligiň dürli ugurlaryndan zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna, olaryň diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda geçirilýän döredijilik bäsleşiklerine-de gatnaşyp, baýrakly orunlary almagyna itergi berer.

Paýhas oýnunyň ýaş ussatlary

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Küşt federasiýasynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky onlaýn ýaryş geçirildi. Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşa dürli ýaşdaky ildeşlerimiz gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Biz bu ýaryş barada gürrüň bermegini sorap, paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň müdiriniň orunbasary Näzik AMANOWA ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Küşt — paýhas oýny. Küşt tagtasynyň başyna geçen oýunçynyň etjek hereketi, her bir göçümi onuň bu oýundaky ýeňşiniň ykbalyny çözýär. Pähim-paýhas eleginde elenip, pikir bir ýere jemlenilip edilen göçüm oýunça üstünlik getirýär. Küştçini küşt oýnunyň ussadyna öwürýär. Türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sportuň bu görnüşini hem ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda türgenleşip, kämillige gol berýän ýaşlarymyzyň onlarçasy halkara ýaryşlarda öz ussatlyklaryny ykrar etdirmegi başardylar.

Pasla görä geýniň, sagdyn boluň!

Häzirki wagtda howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň derejesiniň peselmegi arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, daşary çykylanda, agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen bir hatarda, geýnilýän egin-eşikler hem aýratyn üns bermekligi talap edýär. Sowuk howada ýeňil-ýelpaý geýinmek, doňaklykda aşagy typançak ýa-da uly ökjeli aýakgapda daşaryk çykmak, ýa bolmasa, aşa galyň geýinmek saglyk üçin howpludyr. Gyşda gat-gat geýnilýändigine görä, köpçülikleýin awtoulaglara münülende, derlemegiň öňüni almak maksady bilen, üstki egin-eşikleriň iliklerini ýazdyrmaly we başgaplary çykarmaly. Wagtlaýyn ýyly ýere girip derlenenden soň, daşaryk çykylanda, sowuk şemalyň kakmagy bilen, dürli sowuklama kesellerine sezewar bolunmagy mümkin.

Sebitleri toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen iş tejribesi alşyldy

MARY WELAÝATY, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar. Mälim bolşy ýaly, düýn geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitleriň işini guramakda oňyn tejribäni öwrenmegiň we ulanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekilleri bilen geçirilen nobatdaky onlaýn duşuşygyň çäklerinde “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň statistika we maglumat-tehniki mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly täze bilelikdäki taslamany işe girizmek boýunça guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taryhy wakalaryň şanyna

Ozal habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinde bolup geçen taryhy wakalar, ýagny Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda uzynlygy 30 kilometr demir ýoluň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçirijiniň, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň, şeýle-de Lebap welaýatynyň çägindäki «Malaý» käninde gaz gysyjy desganyň işe girizilmegi mynasybetli, şu günler Diýarymyzyň ähli ulgamlarynda maslahatlar geçirilýär. Düýn şeýle maslahatlar ýurdumyzyň medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik guramalary, söwda ulgamlarynda geçirildi. Paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda geçirilen maslahat «Parahatçylyk we ynanyşmak — bagtyýarlygyň goşa ganaty» diýlip atlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçy düzümi, döredijilik işgärleri, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi giňden belleniljek ýylyň başynda bolup geçen taryhy wakalaryň ähmiýeti, many-mazmuny, şeýle-de türkmen-owgan dost-doganlygynyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çeper edebiýatda, halk döredijiliginde, milli mirasda aýdyň şöhlelenen köpasyrlyk taryhy kökleri barada giňişleýin gürrüň etdiler. Maslahatda şu taryhy ýylyň başynda işe girizilen täze

Sebitara gatnaşyklarda täze çemeleşme

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dabaralanýan ýyly hökmünde badalga aldy. 14-15-nji ýanwarda ýurdumyzyň gündogar sebitinde — Lebap welaýatynda işe girizilen täze taslamalar üstümizdäki ýylyň möhüm çäreleriniň we taryhy wakalarynyň başlangyjy boldy. Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleriniň teleköpri arkaly gatnaşmagynda, Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň goňşy Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam bermek we sebitara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tagallalarynyň uly netijeleri berýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda birbada üç sany iri desganyň işe girizilmegi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutman, eýsem, kontinental derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ýaly, uzak möhletleýin wezipeleri amal etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy biziň döwletlerimiziň ykdysady taýdan çalt depginle

Mary welaýaty: döredijilikli zähmetiň miweleri

Diýarymyzyň Mary welaýatynyň ilaty döredijilikli we öndürijilikli zähmet çekmek bilen, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýyly uly üstünlikler bilen jemledi. Döwlet hem-de hususy eýeçilikdäki kärhanalarda zähmet çekýän işgärlerdir hünärmenler, telekeçiler ylmyň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmagyň hasabyna uly özgertmeleri geçirip, ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmäge saldamly goşant goşdular. Senagat kärhanalarynda alnyp barylýan oňyn işleriň netijesinde welaýatda senagat harytlarynyň öndürilişi görnetin artdy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän oba özgertmelerinden, obasenagat toplumynyň işgärlerine berilýän yzygiderli goldawdan ruhlanan welaýatyň oba zähmetkeşleri bugdaýy, pagtany, gant şugundyryny, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde we bereketli hasyly ýygnamakda ussatlyklaryny görkezdiler. Olar daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmekde köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Welaýatyň daýhanlarydyr hususyýetçileri özlerine bölünip berlen ýer böleklerinde bugdaýy, gowaçany, gant şugundyryny, ýeralmadyr, gök-bakja ekinlerini, miweli baglary hem-de banan ösdürip ýetişdirmek bilen, bazarlarymyzda bolçulygy has-da berkitmäge ýakyndan goldaw berýärler.

Köpetdag kyssalary

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda). Bürgüt

Şekillerde — Watan waspy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygarynyň şanyna Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Diýarym asuda, ýurdum parahat» ady bilen sergi guraldy. Onda ussat nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň ýerine ýetiren sungat eserleri görkezildi. Serginiň dowamynda Türkmenistanyň halk suratkeşleri Aýhan Hajyýewiň, Ýewgeniýa Adamowanyň, Annadurdy Almämmedowyň, Öwezmuhammet Mämmetnurowyň, şeýle-de ussat suratkeşler Rustam Abdullaýewiň, Şemşat Mämmedowanyň, Mekan Nurýagdyýewiň, Dmitriý Filipçenkonyň dürli ýyllarda ýerine ýetiren nakgaş eserleri görkezildi.

Çaý — jana şypa

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene — kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: 1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatyny artdyrmagyň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

AŞGABAT, 19-njy ýanwar (TDH). Ýurdumyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak hem-de olary aradan aýyrmak, arassaçylyk-epidemiologiýa abadançylygyny pugtalandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny Merkezi Aziýada bellige alan ilkinji döwlet boldy. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi degişli şahadatnamany gowşurdy.

Döwletiň daş ýarsyn!

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen bagly oýlanmalar Şu ýazgylary men hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserindäki şeýle setirler bilen başlamagy müwessa bildim: «Beýik geografiki açyşlar döwrüniň syýahatçylaryna ägirt uly bolup görnen hem bolsa, älem giňişligi özleşdirilýän häzirki zamanda, iş ýüzünde Ýer togalagy o diýen uly bolmadyk saýýara bolup çykdy. Dürli kontinentlerde ýerleşýän ýurtlar birek-birege has ýakynlaşdylar. Şeýle bolansoň, bizden müňlerçe kilometr uzakda bolup geçýän çökgünlikler bize-de azda-kände öz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem meniň çykyşlarymda we kitaplarymda häli-şindi duş gelýän «hoşniýetli goňşuçylyk» diýen jümläni ulanamda, men diňe bir Türkmenistan bilen serhetdeş ýurtlary göz öňünde tutmak bilen çäklenmän, eýsem, Orta Aziýadan uzakda ýerleşýän döwletleri hem göz öňünde tutýaryn. Adamzadyň medeni ösüşiniň häzirki döwri älem giňişligini özleşdirip, maglumat we beýleki IT-tehnologiýalaryň ýokary depginli ösmegine getiren nobatdaky ylmy-tehniki rewolýusiýasynyň täsiri bilen biziň hemmämizi birek-birege baglanyşykly edip goýdy. Özi hem, bu ýagdaýda geň görer ýaly zat ýok...».

Medeni gymmatlyklaryň hukuk goraglylygy

Medeni mirasy goramak meselesi toplumlaýyn häsiýete eýedir. Taryhy-medeni mirasy goramagyň konstitusion hukuk kadalary hem-de bu ugurdaky kanunlaryň düzgünleri medeni gymmatlyklary ýüze çykarmagyň, gorap saklamagyň kadalaryny hem-de düzgünlerini özünde jemleýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi arkaly durmuşa geçirilýär. Şeýle namalaryň biri-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 6-njy ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan taryhy, arheologik, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibi bilen baglanyşykly resminamadyr. Onda ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň goragyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler öz beýanyny tapýar. Munuň üstüni ýetiren möhüm ähmiýetli hukuk namalarynyň ýene-de biri hormatly Prezidentimiziň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň gozgalmaýan taryhy-medeni ýadygärlikleriniň goragyny üpjün etmegiň meseleleri hakynda» Kararydyr. Bu resminama ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Kararyň 1-nji bendine laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli we şahsy taraplar ýergurluşyk, ýer, ýolgurluşyk, gurluşyk, melioratiw, hojalyk we beýleki işleri geçirmegiň taslamalaryny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen yla