Sebitara gatnaşyklarda täze çemeleşme

21 Ýanwar 2021
2202

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýyl hormatly Prezidentimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň dabaralanýan ýyly hökmünde badalga aldy. 14-15-nji ýanwarda ýurdumyzyň gündogar sebitinde — Lebap welaýatynda işe girizilen täze taslamalar üstümizdäki ýylyň möhüm çäreleriniň we taryhy wakalarynyň başlangyjy boldy.

Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Liderleriniň teleköpri arkaly gatnaşmagynda, Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň goňşy Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam bermek we sebitara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça tagallalarynyň uly netijeleri berýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynda birbada üç sany iri desganyň işe girizilmegi diňe bir taslama gatnaşyjy ýurtlaryň bähbitlerini göz öňünde tutman, eýsem, kontinental derejede ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmak ýaly, uzak möhletleýin wezipeleri amal etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde energetika we serhetüsti ulag-kommunikasiýa üpjünçilik ulgamlarynyň bir wagtda gurulmagy biziň döwletlerimiziň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň netijeli şerti bolup durýar. Bu adamlaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagynyň, goşmaça iş orunlaryny döretmegiň, iri möçberli daşarky maýa goýumlary çekmegiň örän möhüm esasy bolup hyzmat edýär. Munuň özi BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ähli ugurlarda sazlaşykly ösüşi üpjün etmekde netijeli çemeleşmedir.

Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.