"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurt garşy alsyn!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan 2021-nji ýyl turuwbaşdan şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenjek ýylynda garşy alýan her günümiz buýsançly wakalardan doly. Mary şäheriniň Nury Halmämmedow adyndaky köçesiniň ugrunda gurlan 4 gatly, 24 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň 16-njy ýanwarda geçirilen açylyş dabarasy hem şeýle buýsançly wakalaryň biri boldy. Bu döwrebap ýaşaýyş jaýyny Mary welaýatynyň polisiýa müdirliginiň buýurmasy esasynda, uzak möhletleýin berilýän karz puluň hasabyna, «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama edarasynyň gurluşykçylary bina etdiler. Täze jaýyň açylyp, ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabarany welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri özleriniň ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler. Dabaranyň dowamynda ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynda has gowy zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Täze jaý ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe harby gullukçylara ajaýyp sowgat boldy.

Altyn şuglaly ýyldyz

Beh, bu günleriň täsinligini diýseňizläň! Bir günüň buşlugynyň ýakymyny kalbyňa doly siňdirip ýetişmänkäň, ertirki gün täze bir buşluk bagyşlaýar. 14-15-nji ýanwar günleriniň ýakymy özüňize belli. 16-njy ýanwarda bolsa türkmenistanly türgen gyzyň agyr atletika boýunça dünýä çempiony diýlip yglan edilendigi baradaky hoş habary aldyk. Özi-de bu ýakymly wakalaryň her biri bir milletiň, bir döwletiň serhedinden has giň. Ählisi hem halkara çäkler bilen baglanyşýar. Görüň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýyly nähili şanly, nähili mertebeli ýyl! 16-njy ýanwar güni «Watan» habarlar gepleşiginde eşiden hoş habaryňyz her biriňiziň kalbyňyzda begenç oýarandyr. Hawa, türkmenistanly agyr atletikaçy türgen Ýulduz Jumabaýewa dünýä çempiony boldy. Özi-de bu derejä ýetip bilen ilkinji zenan türgenimiz. Munuň üstesine-de, 28 ýyldan soňra, ýurdumyza agyr atletika boýunça dünýä çempionlygyny getiren türgen. Bu — diýseň uly waka! Türkmen sportunyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylmaga tüýs mynasyp waka.

Myhmanyna güler ýüzli

Merdana halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelen iň ajaýyp däpleriniň biri-de, öýüne gelen myhmany hormatlap, ony söwüş bilen garşylamak dessurydyr. Bu dessur örän irki döwürlerden bäri heňňamlaryň dowamynda öz ähmiýetini ýitirmän, has-da kämilleşdirilip gelnipdir. Ylaýta-da, türkmen toý tutmakçy bolanda, goluny çyzgap, dowar soýmagyň ugruna çykýar. Tagam taýýarlanlarynda goýnuň kellebaşaýagy hormat bilen ýaşulularyň öňünde goýulýar. Haýal otda mazaly gaýnadylyp, çorbasy goýalan kellebaşaýakdan dadan ýaşulular tagamyň hormatyna töwir galdyryp, ýagşy dilegler edýärler. Lukman Hekimiň: «Aýda bir gezek iýmeli» diýen tagamlarynyň hataryna girýän kellebaşaýagyň ynsan saglygyny, süňňüni berkitmekde ähmiýeti örän uludyr. Goýnuň böwregidir öýkeni körpe paýy hasap edilipdir. Goşa böwrek çagalara paýlanylyp, öýken öýkelek oglanlaryň öýkesinden ýazylmagy üçin berlipdir. Goýnuň döşi gudalar myhmançylyga gelende berlip, ol guda paýy hasap edilipdir. Ýaşulularyň gudalary myhmançylyga gelende: «Gudam — döşüm, oňurgam. Gudaçylygyň gadyry barmakda hem gelmekde» diýip garşy almagy-da sylag-hormaty aňladýar. Guda myhmanlar gaýdanlarynda hem olaryň saçaklaryna pişme, byzmyk, gatlama, çapady ýaly toý tagamlary salynýar. «Atadan gören söwüş soýar, eneden gören supra ýaýar» diýen paýhasly ýörelgä eýerýän ilimiz agzybir, döwletli ojagynda myhmanyň hormatyna soýulýan malyň etinden uly höwes bile

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalarda geleşikleriň 158-si baglaşyldy. Şweýsariýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Maltadan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtomobil benzinini, gidro- usul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, ýakylýan mazudy, nebit bitumyny satyn aldylar. Şeýle hem BAE-den, Özbegistandan, we Owganystandan gelen işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ECO-93 awtomobil benzinini, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... -8 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +15... +20 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7... +12 gradus maýyl bolar.

Ojaga — ot, ýürege — ýalkym

Wagta emriň ýetse, ony biraz saklap, taryha şan berýän günleriň lezzetini ine-gana duýasyň gelýär. Ýöne oňa onuň özünden başga höküm ýöredýän ýok. Şeýle-de bolsa, taryhy günleriň ýakymy terliginde, täzeliginde gursagyňda hemişelik ýaşaýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem, turuwbaşdan, ykbal özgerdiji beýik işlere, ynsanperwer başlangyçlara, hakydalara däl, ýüreklere, kalplara ýazylýan ajaýyp wakalara beslenýär. Düýn hem şeýle taryhy günleriň biri boldy. Kuwwaty ýylda 30 milliard kub metr bolan «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi bu taryhy wakanyň şaýatlarynyň hem-de bagtyýar watandaşlarymyzyň ýüregine gyşyň ortaky aýynda ýazyň ýylysyny berdi. Şatlyk GULMYRADOW, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň inženeri:

Taryhy günde täze bina

Hormatly Prezidentimiziň gündogar sebitde iş saparynda bolýan günlerinde Türkmenabat şäherinde Ýangyna garşy göreş gullugynyň täze edara binasy hem açylyp, ulanmaga berildi. Bu Lebap welaýatyndaky taryhy wakalaryň döwresinde ýene bir açylyş toýuna öwrüldi. Şäheriň Alty Garlyýew adyndaky köçesiniň ugrunda ýerleşýän täze bina mundan beýläk welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyna garşy göreş gullugynyň esasy dolandyryş merkezleriniň biri bolar. Munuň üçin onda ähli şertleriň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek.

Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşigindäki üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

Daşoguz we­la­ýa­ty: döw­let­li iş­le­r, ro­waç gadamlar

Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek ba­bat­da­ky mil­li mak­sat­na­ma­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­tan — Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da-da yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, ola­ra öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si­ni or­naş­dyr­mak hem-de san­ly ul­ga­ma geç­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Ila­tyň aba­dan­çy­ly­gy, bag­ty­ýar­ly­gy üçin, şol san­da ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş ýa­ly dur­muş ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek bi­len bag­ly ne­ti­je­li çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gyç­la­ry hem-de he­ma­ýat-gol­daw­la­ry esa­syn­da, de­mir­ga­zyk se­bit­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ýer­li dü­züm­le­ri saz­la­şyk­ly ös­ýär we tä­ze kuw­wat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. Döw­re­bap oba­lar­da, ýur­duň çäk-do­lan­dy­ryş bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ýan tä­ze şä­her­çe­de, tä­ze ýa­şa­ýyş jaý we des­ga­lar top­lu­myn­da hä­zir­ki za­ma­nyň ösen is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil dur­muş düzümleri ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Bu aja­ýyp­lyk­lar eg­sil­mez eş­ret­le­riň hö­zi­ri­ni gör­ýän, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­si bi­len üp­jün edi­len bag­ty­ýar adam­la­ryň kal­byn­da buý­sanç hem söý­gi, mi­ze­mez ynam duý­gu­la­ry­ny dö­red­ýär, ola­ry zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ne, tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­ýar.

Milli medeniýet we döwür

Milli medeniýetiň ata-baba gelýän kämil mekdebini geçen, türkmeniň şirin dessanlaryndan, «Görogly» şadessanynyň gahrymançylykly sahypalaryndan, hoşowaz bagşylaryň börňüldäp duran mukamlaryndan ruhy dünýäsi kemsiz ganan hormatly Prezidentimiz çagalykda gursagynda şinelän söýgi-hormatynyň nyşany hökmünde turuwbaşdan medeniýete we sungata, bagşyçylyk kimin sungat akabalaryna täzeden badalga berdi. Sungat ussatlaryna serpaý ýapýar, derejeleýär. Milli medeniýetimize, sungatymyza, däp-dessurdyr ýörelgelerimize bagyşlanan «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» we «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplaryny peşgeş berdi. Medeniýeti öwreniş ylmynda: “Medeniýetleşmek — munuň özi, birinjiden, medeniýetiň gurallary tarapyndan tebigy ýagdaýda üpjün edilip bilner, ikinjiden, adamyň ahlak we döredijilik tagallalaryny talap edýän şahsy iş hem bolup biler” diýlip aýdylýar.

Halypa sapagy

«Çagakam-da artist bolmagy arzuw edýärdim. «Ulalaňda kim boljak?» diýip sowal berenlerinde, «Artist boljak» diýip, käte-käte arzuwymy daşyma çykaraýmam bardy. Elbetde, Biribar adamyň gursagyna salýandyr-da...». Göwnüme bolmasa, ýürekden aýdylýan bu sözler gulagyma täze bir sahna eserinden halypa artistiň monology ýaly bolup eşidilýär. Gürrüň berlişi çeper bolanda, söz ýürekden çykanda, mydama üýtgeşik täsir galdyrýar. Iň esasy zat şol. Sungat hakda Türkmenistanyň halk artisti, geçen 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» ýubileý medalyna mynasyp bolan Çary Berdiýew hakdaky makalany onuň öz sözleri bilen başlamagymyz ýöne ýere däl. Ol turuwbaşdan özüniň bile işleşen halypalaryny birin-birin adyny tutup ýatlaýar. Olar bolsa, tüweleme, gaty kän. 1974-1975-nji ýyllarda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral institutynda bilim alan Çary Berdiýewiň sungatda döreden keşpleri hem kän, hem saldamly. Olar tomaşaçynyň kalbyna siňen keşpler. Oguz hanyň, Salyr Gazanyň, Däli Domrulyň atlary biziň gündelik gürrüňimizde hem häli-şindi ýatlanyp dur. Hakyky ussatlyk şeýle bolýan bolaýmasyn?! Beýleki tarapdan, ol gülküli keşpleri döretmegiň hem ussady. «Sen söýseň meni» sahna oýnundaky Bally mollanyň keşbini bilmeýänimiz, bu sahna oýnuna tomaşa etmedigimiz ýok bolsa gerek.

Kadaly ukynyň peýdasy

Adamyň sagdyn we netijeli zähmet çekmäge ukyply bolmagy üçin kadaly uky zerur. Uky öz wagtynda we doly alynmaly. Uly adamlar günüň dowamynda 8, çagalar bolsa 10 sagat uklamaly. Adam uklap ýatan wagty onuň merkezi nerw ulgamynyň işjeňligi seljerme tapgyryna girişip, dürli gyjyndyryjylara täsirini peseldýär. Ukudaky adam belli bir sesleri, yşyklary saýgarmaýar. Ýürek, gan-damar, dem alyş we iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işi sazlaşykly hereket edýär. Gündizki arakesme-de adam 15 — 45 minudyň dowamynda gözlerine dynç bermeli ýa-da uklamaly. Uky döwründe beden rahatlanýar we onuň ähli ulgamlarynyň işjeňligi kadalaşýar. Hut şonuň üçin hem zähmet bilen dynç alşy sazlaşdyryp, öz wagtynda doly ukyňy almak zerur. Sebäbi uky beden üçin kislorodyň zerur bolşy ýaly, merkezi nerw ulgamynyň kadaly işlemegi üçin hökmandyr. Ukynyň rahat bolmagy üçin agşam ýatmazdan öň, agyr siňýän tagamlary iýmezlige çalyşmaly. Ýatmazdan öň, azyndan bir bulgur arassa agyz suwuny ýa-da gatyk içmek, arassa howada pyýada gezelenç etmek saglyk üçin peýdalydyr. Kadaly uky bedeniň kesellere garşy göreşijiligini ýokarlandyrýar. Ukynyň kadaly bolmagy sagdynlygyň girewidir. Şeýle-de häzirki wagtda howanyň sowamagy we ondaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy sebäpli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynyň, jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklaň, arassaçylyk kadalaryny berk ber

Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açdylar

Halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar LEBAP WELAÝATY, 14-nji ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenabatda Akina — Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanmaga berilmegi, Kerki (Türkmenistan) – — Şibirgan (Owganystan) ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar boldy.

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň guwandyryjy görkezijileri

Düýn diňe bir Türkmenistan bilen Owganystan üçin däl-de, eýsem, sebit, hatda dünýä ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Şol gün birbada iri üç desganyň — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşygy tamamlanyp, olaryň açylyş çäreleri geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu wakalaryň ähmiýetini nygtap, şeýle diýdi: «Biziň maksatlarymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenendir».

Duýgular dünýäsi — güller

Güller — Zeminiň zynaty, dünýäniň ýaraşygy. Hudaý tarapyn Zemine eçilen bu gözellikde ýaşaýşyň iň kämil alamatlary, göwünleri galkyndyrýan, ruhuňy tämizleýän, durmuşa höwesi, duýgy jomartlygyny oýarýan aýratyn bir güýç bar. Güller — dünýämiziň, durmuşymyzyň päkligi, näzikligi, gözelligi. Ömrüňe şypa bolup dolýan bu gözellige göwünler hemişe teşne. Her biriniň özboluşly gözelligi, hoşroý ysy bolan güller ýüreklere joşgun, kalba rahatlyk berýär.

Itburnuň peýdasy

Ýurdumyzyň «ýaşyl dermanhanasy» adamyň saglygy üçin peýdaly ösümliklere örän baý. Häzirki wagtda howanyň sowamagy, şeýle-de howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly döreýän möwsümleýin ýiti respirator keselleriň öňüni almakda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplarynda beýan edilýän ösümlikler örän netijeli serişdeleriň biridir. Şolaryň hatarynda itburun ösümligi adam bedeni üçin peýdaly witaminlere baýdyr. — Onuň bary-ýogy birnäçe miwesi adam bedeni üçin 1 gije-gündizlik gerek bolan C witamini (askorbin turşusy) bilen üpjün edýär. Bu witamin bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar.

Taryhy-medeni miras — milletiň ruhy baýlygynyň binýady

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgyryny dowam edýär. Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna — taryhy senä bagyşlandy, geçen ýylyň ähli çäreleri onuň nyşany astynda geçirildi.

Kanunçylyk ulgamynyň ösüşli ýoly

Hormatly Prezidentimiz döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlaryny üstünlikli kämilleşdirmäge ýardam berýän hukuk namalaryny işläp düzmek, dünýä täzeliklerini we häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny nazara almak bilen, hukuk ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň möhümdigini nygtaýar. Şunda hukuk kadalarynyň, serişdeleriniň ýurdumyzyň ösmegine we täzeçillige hyzmat etmegi üçin kanunçylygyň pugta berjaý edilmegine, hukugyň amala aşyrylyşyna, hereket edýän kadanamalary wagyz etmegiň, düşündirmegiň wajypdygyna uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanda konstitusion ýörelgelere, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk taglymatyna esaslanyp, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryndan ugur alnyp, milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Deň hukuklar we mümkinçilikler ýörelgesini amala aşyrmak üçin kanunçylyk we guramaçylyk çäreleri geçirilýär. Adamyň raýatlyk, syýasy, ykdysady we medeni hukuklarynyň amala aşyrylmagynyň, raýatyň kanuny bähbitleriniň goralmagynyň hukuk kepilliklerini pugtalandyrmak baradaky durmuş çelgili döwlet syýasaty ýurdumyzy durnukly durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, döwletimiziň hukuk esaslaryny berkitmegiň hem-de türkmen jemgyýetini has-da demokratiýalaşdyrmagyň wajyp ugry bolup durýar.

Ýylyň şygaryna bagyşlandy

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygaryny il içinde wagyz etmek, dabaralandyrmak we mahabatlandyrmak maksady bilen, şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olara gatnaşýan ildeşlerimiz, ylaýta-da, ýaşlar ýylyň şygarynyň many-mazmun taýdan tüýs ýerine düşendigi dogrusynda buýsançly sözleri aýdýarlar. Ýakynda şeýle dabaraly maslahatlaryň biri Mary şäherinde ýerleşýän «Mary» myhmanhanasynda geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýanyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ýurtda we dünýäde parahatçylygy berkitmek, birek-birege ysnyşmak arkaly ykdysady ösüşleriň täze belentliklerine çykmak dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän dünýä nusgalyk başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň barha jebisleşýändigini aýratyn bellediler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şygarynyň düýp many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde, onuň maksatlaryny wagyz etmekde alnyp barylmaly giň gerimli çäreler, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilmeli onlaýn duşuşyklardyr maslahatlar barada durlup geçildi. Öz halkynyň erkana durmuşy,