2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygaryny il içinde wagyz etmek, dabaralandyrmak we mahabatlandyrmak maksady bilen, şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olara gatnaşýan ildeşlerimiz, ylaýta-da, ýaşlar ýylyň şygarynyň many-mazmun taýdan tüýs ýerine düşendigi dogrusynda buýsançly sözleri aýdýarlar.
Ýakynda şeýle dabaraly maslahatlaryň biri Mary şäherinde ýerleşýän «Mary» myhmanhanasynda geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýanyň işjeň agzalary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler ýurtda we dünýäde parahatçylygy berkitmek, birek-birege ysnyşmak arkaly ykdysady ösüşleriň täze belentliklerine çykmak dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän dünýä nusgalyk başlangyçlarynyň esasynda ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň barha jebisleşýändigini aýratyn bellediler. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynyň şygarynyň düýp many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmekde, onuň maksatlaryny wagyz etmekde alnyp barylmaly giň gerimli çäreler, sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilmeli onlaýn duşuşyklardyr maslahatlar barada durlup geçildi. Öz halkynyň erkana durmuşy, zähmet çekmegi, oňaýly dynç almagy barada bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden alkyş sözleri aýdyldy.