«Akylly» şäheriň döwrebap söwda merkezinde
Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygyna giňden taýýarlyk görmek, onuň bellenilýän günlerinde bazarlary dürli harytlar, azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatdaky tabşyryklaryna laýyklykda, Arkadag şäherinde hem söwda nokatlarynyň işi göwnejaý guraldy. Hususan-da, şu günler şäheriň «Gökdere» söwda merkezinde baýramçylyk söwdasy gyzgalaňly dowam edýär. Baýramçylyk bezegleri bu ýere gelýänleriň şatlygyny has-da artdyrýar. — Täze ýylyň barha golaýlaşýan şu günlerinde şäheriň ýaşaýjylary baýramçylyga uludan taýýarlyk görýärler. Müşderiler üçin Täze ýyl sowgatlyklarynyň dürli görnüşlerini taýýarladyk. «Akylly» şäheriň ýaşaýjylarynyň söwda merkezimiziň hyzmatyndan hoşal bolmaklary bizi örän begendirýär. Şeýle döwrebap şertlerde işlemek, halkymyza netijeli hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys — diýip, «Gökdere» söwda merkeziniň «Kuwwat» marketiniň hünärmeni aýdýar.