"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen keçesi — öýüň zynaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy we dünýä çykarylmagy, halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Şonuň bilen birlikde, taryhyň altyn sahypalarynda öçmejek yz goýan, nesilleriň aňyna baky ornan pederlerimiziň şan-şöhratly, mertebeli ýoly milli ýörelgelerimizde, medeni-ruhy mirasymyzda öz beýanyny tapýar. Bu günki gün Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ol ýer ýüzüne ýaň salýar, dünýä ýüzüne seýran edýär. Gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň taryhy diýseň baý we köptaraplydyr. Parasatly ata-babalarymyz taryhyň dürli ýyllarynda medeni, ruhy, maddy gymmatlyklary döredipdirler, olary geljekki nesillere dowamat dowam bolmagynyň ygtybarly ýollaryny agtarypdyrlar. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň gadyr-gymmaty, gözelligi, ajaýyplygy hiç hili ýitirilmän, ýoýulman biziň häzirki günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesi üstünden ýyllaryň aşmagy bilen kämilleşipdir, olar belent derejä göterilip, synmaz sungata öwrülipdir. Şeýle gymm

Mirasgäriň ýandepderçesinden

Bulutly gün agyz beklense... Remezan aýynda agyz beklemek aý kalendaryna esaslanýar. Şonuň üçin ol her ýyl on, on bir gün süýşmek bilen, ýylyň dürli pasyllaryna gabat gelýär.

Ýaýym — ýyldyrym

Bir sapar merwşynas Azym Ahmedowdan «Garagumdaky Kömürçide gandym ýakylyp kömür gaplanan, Düýeçide düýe saklanan, Jeýrelide oklykirpi köp bolansoň dakylan atlar dogry. Ýöne Gutlynyň Gurtly, Kuşmeýhanyň Kişman, Gençguranyň Geçigyran bolşy ýaly, Ýaýly alanyň hem Ýaýlag ýa Ýaýlym bolan bolaýmasyn?» diýip soranymda, Ýaýly barada şu gadymy gürrüňi aýdyp berdi. ... Hökümdara çöl içindäki çarwa obada guşuň gözünden urýan mergen köp diýen habar gelýär. Ýaýçy mergenlerden goşunyna gaba toplaýan hökümdar, guma tarap «täjir» edip, dana weziri bilen wekillerini ugradýar. «Habar okdan tiz geler» diýlişi ýaly, özlerinden öň habary gelen «täjirleri» üç gün myhman alan çarwalar ýaýçy syryny pynhan saklaýarlar. Az oturyp köp synlan dana wezir, oglanly öýde ogurlygyň ýatmaýandygyny bilip, ol ýerde oglanjyklaryň, hatda gyzjagazlaryň hem oýnagynyň ok-ýaýdygyny aňlaýar. Parahatsöýüji dana wezir «Uzak ýoly ýakyn eden atyňa rehmet, ýady garyndaş eden gyzyňa rehmet» diýip, ýaýçylar bilen guda gatnawyny açansoň, galada ýaý ýasaýan ussahana açylyp, kirşi içegedir siňirden, saçuzyndyr, teletinden ýasalýan ýaýlara derek, kirşi kyrk çilleden (kyrk gat ýüpekden) örülen sary ýaýlar, ujy oda gorsalan oka derek, ujy demirden peýkamlar peýda bolýar. Täze ýaýlaryň eýelerine köne mergenler halypalyk etmek bilen «Oguz hanyň sylagy sary ýaý, synagy peýkam bizdedir» diýip, özleriniň aslynyň Ogurjyk Alpyň üçünji eki

Söz ma­ny­sy

DäsirAta-babalarymyz durmuşda dürli ölçeg birliklerini ulanypdyrlar. Däsir hem şolaryň biri. Ol bir batmanyň dörtden birine barabardyr. Has takyk aýdylanda, ol 5  kilograma deň bolan agyrlyk ölçegi. Eden— «Edende tapsaň, töre geçme» diýen bir nakyl bar welin, şol nakyldaky «edende» sözüne düşünmedim — diýip, märekede oturan ýaş ýigit oba mugallymyna ýüzlendi.— Söhbet jan, ol «eden» sözünden — diýip, mugallym düşündirmäge durdy. — Öýüň işigine, gapysyna golaý ýere eden diýilýär. Bu söz indi seýrek ulanylandygy üçin könelişen sözleriň hataryna girdi. BalamanTal agajyndan içi köwlüp ýasalan gaba okara diýilýär. Okaradan uluragyna tabak, tabakdan ula kersen, kersenden ula balaman diýilýär. Balamanda, kersende hamyr edilýär. Wagtyň geçmegi bilen olar çyzylýar. Ökde ussalar ony galaýy kakyp çüýläp, ýamaýarlar. Şol ýama çeňk diýlip atlandyrylýar. Lahat Merhum jaýlananda iki jaý gazýarlar. Oňa daşky we içki jaý diýip at berýärler. Merhumy içki jaýda ýerleýärler. Oňa ir döwürlerde lahat diýer ekenler. Magtymguly atamyzda şeýle setirler bar.Lahat atly dar, düşeksiz öý bardyr,Ol öý içre tä kyýamat ýatar sen. Käbir ýerlerde içki jaýy gazmak mümkin bolmandyr. Onsoň daşky jaýyň ortasyny gazyp öý edipdirler. BoýraAta-babalarymyz ýaşaýan ýerine we mümkinçiliklerine görä, dürli düşekleri ulanypdyr

Ýankitaba öwrülen gymmatlyk

Kitap ruhy hazyna hasaplanylýar. Ylma, ylym ägirtlerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şöhratly taryhymyzda çeper sözüň ussady bolan meşhur şahsyýetlerimiziň nesillere miras galdyran dürdäneleri, kalplarda orun alan eserleri täzeden neşir edilip, halkymyza ýetirilýär. Egsilmez ruhy çeşme bolan ol kitaplarda türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döwlet gurmakda bitiren ägirt uly işleriniň, ata Watanymyz üçin şirin janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň edermenliginiň, gaýduwsyzlygynyň beýany bar. Eziz Diýarymyzda beýik halypalaryň döredijiligine bagyşlanyp, halkara derejesinde ylmy maslahatlar, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Munuň özi çeper söze, halk döredijiligine goýulýan çuňňur hormatdan nyşandyr. Gündogary günbatara birikdiren Beýik Ýüpek ýoly bilen ata Watanymyza gelen bakgallar, söwdagärler uly-uly kerwensaraýlarda ýük ýazdyrypdyrlar. Olar del harytlar bilen birlikde, kagyz, kitap söwdasyny hem edipdirler. Şeýdip, kitaplar dünýä ýüzüne ýaýrapdyr. Ylym ägirdi, dana atamyz Magtymguly Pyragynyň öz eli bilen ýazan golýazmasy Britaniýanyň muzeýinde saklanýar. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen Oguz han döwründen bäri kitaby iň ýokary ruhy gymmatlyk, mukaddeslik saýypdyr» diýip belleýär. Daşa oýulyp, derä ýazylan ýazgylar, kitaplar adamzat paýhasynyň beýany bolup, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçi

Nesil terbiýesinde gymmatly gollanma

Çaga — ene-atanyň göz-guwanjy, durmuşynyň bezegi, ömrüniň manysy, dowamat dowamy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, olar biziň geljekki özümiz, biziň geljegimiz. Körpejäniň dünýä inmegi bilen maşgalada süýji aladalar başlanýar. Çagalaryň hersi bir gyzykly erteki kimin ynsan durmuşyny bezeýär, uly şatlyga besleýär. Her bir türkmen maşgalasynda ene-ata perzendini söýgi-mähir bilen gurşap onuň edep-ekramly, ylymly-bilimli, ilhalar, zähmetsöýer ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýar. Maşgala ojagynda başlanýan terbiýe mekdebi soňra çagalar baglarynda dowam edýär. Milli Liderimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyza peşgeş beren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň nesil terbiýesinde her birimiz üçin gymmatly gollanma, ruhy çeşmedigini bellemeli. Bu ajaýyp kitapda nesil terbiýesi baradaky öwüt-ündewlere, nesihatlara, rowaýatlara, tymsallara, ýatlamalara aýratyn orun berlipdir. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde: «Her gezek ýüzleri gülüp duran körpe balalary, ýaş çagalary görenimde, olaryň didarynda Ýaradanyň nury-nygmatyny görýärin. Olaryň her biri berkarar döwleti bezejek özboluşly bir ajaýyplyk. Şeýle gymmatlyga gadyr gözi bilen garamak üçin olaryň edep-terbiýesine ymykly üns bermeli» diýip belleýär.

Heýkellerde zenan mukaddesligi

Ata-babalarymyzyň döreden ilkinji medeniýetleri, şol sanda sungat eserleri hakyndaky taryhy maglumatlar häzirki wagtda bahasyna ýetip bolmajak çeşmedir. Pederlerimiz öz dini ynançlaryny, ruhy dünýäsini sungat eserleriniň üsti bilen beýan edipdirler. Olaryň hatarynda ýurdumyzda ýerleşýän arheologik ýadygärliklerden tapylan zenan keşpli heýkeller aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bu zenan keşpli heýkeller has irki döwürlerde (b.e.öňki VI-V müňýyllyklar) ýurdumyzyň çäginde ýaşan iň gadymy ilatyň meşgullanan kärleri, ruhy dünýäsi, maddy we medeni durmuşy hakynda gymmatly maglumatlary özünde jemleýär. Islendik beýleki zatlar ýaly, gadymy ata-babalarymyzyň döreden sungaty halkyň dünýägaraýşy hakynda maglumat berýär. Alymlar Änew-Namazga döwründe miladydan öňki V-IV müňýyllyklarda gadymy türkmen topragynda däneli ekinleriň, şol sanda ak bugdaýyň ekilendigini subut etdiler. Şonuň üçin hem jemgyýetde dürli dini baýramçylyklar bilen utgaşykly geçirilen hasyllylyga uýmagyň gülläp ösendigini, esasan-da, hasylyň, bolelinligiň çeşmesi beýik Ýere bolan ynam-ynanjyň güýçli bolandygyny aňmak bolýar. Ýer diňe dörediji hem ekleýji däl-de, eýsem, ýaşaýşyň özeni hasaplanypdyr we ony adamzady dünýä inderýän, mährini siňdirip, ak süýt berýän enä deňäpdirler. Ynama görä, Ýer — ähli ösümlikleri, jandarlary döreden bolsa, ene — dünýä ynsanlarynyň döremeginiň gözbaşydyr. Geçmişde Ýer we

Wagtyň we adam ömrüniň şahyrana beýany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyran gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, döwlet-hukuk taglymatlaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyrymyzyň edebi mirasynda wagt, wagtyň geçmegi, adamyň ömri, onuň many-mazmuny barada filosofik oýlanmalara, pelsepe garaýyşlaryna örän ähmiýetli orun berlipdir. Esasan hem şahyryň «Nahana geldiň», «Jana geldiň», «Joşa ýetdiň», «Many bilmez ýaşynda», «Sana geldiň» ýaly goşgularynda çaganyň ene  göwresinde kemala gelmegi, dokuz aý, dokuz günden soň onuň jahana inmegi, ýörjen-ýörjenlikden saýlanyp, oglanlyga, ýigitlige ýetmegi, orta ýaş, kämillik ýaş, garrylyk ýaly tapgyrlary geçişiniň ahwaly uly ussatlyk bilen beýan edilipdir.

Akyldar şahyryň hormatyna

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň hem-de serginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bu medeniýet ojagy bilen bilelikde guramagynda geçirilen çärä bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda çykyş eden döredijilik işgärleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň etdiler. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen goşgular çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Türkmen keçesiniň güli owadan

26-njy iýulda paýtagtymyzda ýerleşýän “Toý mekany“ dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden  “Gülüň owadan!” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda welaýat tapgyrlaryndan ýeňiji bolup gelen gelin-gyzlar şertleriň üçüsi boýunça bäsleşdiler. Öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak, asyrlaryň synagyndan geçen keçe sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesillere onuň taýýarlanylyşyny öwretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy.

Nusgalyk gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawynda

Halkymyzyň örän gadymdan gelýän şöhratly taryhy, baý milli mirasy bar. Ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly işler halkyň medeni mirasy barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalaryň netijesidir. «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» atly köptaraplaýyn hödürnamalar boýunça zerur bolan çäreler hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň agzalan hödürnamalara goşulan döwletler bilen hyzmatdaşlygy esasynda bilelikde amala aşyryldy. Ähli welaýatlaryň keşdeçileri, ýüpek taýýarlaýjylary, boýagçylary, Hoja Nasreddin Ependi hem-de onuň şorta sözleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlar bilen pikir alyşmalar, maslahatlar, söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilip, gerek bolan gymmatly maglumatlar toplanyldy. Şol maglumatlar esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda resminamalar taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň degişli bölümine ugradyldy. Netijede, Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde 2022-nji ýylyň 28-nji noýabry — 3-nji dekabry aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependi

Ezberlige ýetiren erjellik

Aýdyma yhlasyny, höwesini gaýgyrmadyk her bir adam hiňlenip biler. Emma saz çalmak welin, hyýal edeniň bilen her kime başartmaýar. Ýekeje-de perdesi bolmadyk gyjak saz guralyna erk etmek ýeňil däl. Yhlasyň, ýiti zehiniňdir ýatkeşligiň, gowşamaýan erjelligiň bolmasa, ondan erkiň asgyn gelýär. Şoňa ýürek bilen ýapyşanlara «Berekella!» diýäýmeli. Atajanyň gyz dogany Seregül Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkezinde aýdymçy bolup işleýärdi. Ol öz ýany bilen jigileri Agajany we Atajany etrapda geçirilýän aýdym-sazly çärelere ýygy-ýygydan äkiderdi. Seregülüň dutardyr gyjagyň owazlarynyň sazlaşmagynda ýanamaçy bagşy hökmünde ýerine ýetirýän «Tüni derýa», «Selbinyýaz», «Öwezim», «Nowgül» ýaly belent çeküwli aýdymlary jigileriniň göwünlerinden turdy. Soňabaka olaryň özlerem aýdym aýtmaga, saz çalmaga gyzygyp başladylar. Agajan gitarany, Atajan bolsa gyjagy saýlady.

Akyldar şahyryň sözi gudrat-keremdir

Söz — adamlaryň arasyndaky iňňän derwaýys aragatnaşyk serişdesi. Biz aňymyzda dörän düşünjeleri, pikirleri sözüň üsti bilen beýan edýäris. Jemgyýetçilik gatnaşyklarynda sözi ýerlikli ulanmak, ondan many çykarmak, saýhallamak möhüm wezipedir. Bu babatda Magtymguly atamyzyň goşgulary bize görelde mekdebi bolup hyzmat edýär. Akyldar şahyrymyzyň çeperçilik serişdelerini ulanyp, döreden goşgulary durşuna genji-hazynadyr. Magtymguly Pyragy özara gatnaşyklarda birek-birege hoş söz aýtmagy, mährem bolmagy ündeýär. Ol: «Ýürekde ýok sözi tile getirme» diýen goşgy setirinde gürleşýän adamyňa göwnüňde ýok sözleri beýan etmezligi nesihat berýär. Hakykatdan-da çyn ýürekden aýdylan söz ýürege ýetýändir. Ol ynsanyň ýürek duýgularyny äşgär edýän köprüdir. Ýokardaky ýaly goşgy setirleri adamlarda hoşniýetli, mylakatly, sypaýy sözleýşi kemala getirýär.

Dünýä belli ussat

Türkmen milli aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran, manyly ömrüni opera sungatyna bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bilbil owazy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň milli medeniýetine uly goşant goşan ägirtleriň biridir. Medeniýet Şahberdiýewa doganlyk halklaryň dillerinde ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatçylygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy. Ol belent sesli şirin aýdymlary bilen diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda uly tagallalary eden ussat. “Dünýäniň saýrak bilbili” adyny alan halypa aýdymçy ajaýyp aýdymlary bilen ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza sarpa goýmagy ugrunda mynasyp işleri alyp bardy. Onuň kalbyndaky Watan söýgüsinden joşgun alýan ylhamy, göwünlere ganat berýän owazy ýüreklere mähir, söýgi bagyşlaýar.

Nepisligiň nusgasy

Türkmen zenanlarynyň kalbynyň gözelligini olaryň on barmagynyň hünäri bolan keşdelerinde görmek bolýar. Keşde gaýtalanmaýan sünnäli el işidir. Ol zehin-başarnygy, sabyrlylygy, ýadawsyz zähmeti talap edýär. Gelin-gyzlarymyzyň çäksiz yhlasyndan dörän keşde-nagyşlar daşary ýurtly alymlary, mirasy öwrenijileri hem mydama gyzyklandyryp gelipdir. Etnografiýany öwreniji alym A.S.Morozowyň ýazgylarynda şeýle setirler bar: «Türkmen zenanlarynyň başyna atýan kürtelerine we çyrpylaryna salynýan durnukly bezeg däpleri, ylaýta-da, ösümlik şekilli nagyşlar bilen bezemek ýöne ýerden döremän, eýsem, ol türkmen halkynyň yslamdan öňki gadymy ynamy — tebigaty janlandyrmaga bolan mukaddes isleg-arzuwy bilen baglanyşykly dörän bolsa gerek». Ine, şu setirlerden hem görnüşi ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň beýleki halklaryňka meňzemeýän keşdelerinde «Alaja», «Tegbent», «Dagdan», «Gülýaýdy» ýaly giňden peýdalanan nagyşlary olaryň tebigata bolan söýgüsini, zenan dünýäsiniň gözelligini açyp görkezýär.

Ak öýleriň bezegi

Dünýäni haýrana goýýan gözel görkli halylarymyz ýaly, bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan keçelerimiz hem ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň miwesidir. Gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň durmuşynda keçeler iň zerur önümleriň biri bolupdyr. Gülli keçeleri düşek hökmünde ulanypdyrlar. Gülsüz keçeleri bolsa gara öýleriň daşyna örtüpdirler. Mundan başga-da, türkmen keçesinden namazlyk, düýeler üçin halyk, atlara içirgiler, atkeçeler, tazylara jul ýaly önümler edilipdir. Gyş güni üsti gor ýaly keçeler jana ýaramlydyr. Olar çygy özüne çekensoň, guragyra örän peýdaly hasaplanylýar. Dürli ölçeglerde taýýarlanylýan keçeler reňk öwüşginliligi, nagyşlary bilen biri-birinden tapawutlanýarlar. Welaýatymyzyň gelin-gyzlarynyň taýýarlaýan keçeleri iki ýan tarapy nagyşly hem-de göwrümi taýdan ulurak bolýar. Uly goşma keçeleriň gara reňkde edilýän gyrasy “Gyragara” diýlip atlandyrylýar. Işine ussat ene-mamalarymyz onuň guzy ýüňünden edilse, hasam sykdan oklaw ýaly göni bolýandygyny aýdýarlar. Keçe  gamşyň ýüzünde nagşyň ýeri alynmak bilen başlanýar. Ilki umumy daşy alnyp, soň içki bölekleri bölünýär we nagyşlar bilen bezelýär. Nagyşlamak işi gutarylandan soň, ony düýrleýärler. Içi keçeli düýrlenen gamşyň üstünden gaýnan suw guýulýar. Ýüp salnyp, iki ýana togalanýar. Bu iş köp güýç talap edýär. Şonuň üçin keçe çekmegi erkek adamlara ynanýarlar. Keçe çekmek işi tamamlan

Saçbagy

Gyz-gelinlerimiziň gözelligine gözellik goşýan, olary bezeýän zatlaryň biri-de saçdyr. Şonuň üçin-de olar saçlaryny darap, örenlerinde saçbagylara uly ähmiýet beripdirler. Milli bezeg lybaslarymyzyň, gymmatlyklarymyzyň biri bolan saçbagy baradaky setirler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem bar: Saçbagyň ujunyň simdir işmesiÜstünden ýol düşse kyndyr aşmasy

Gyjagyň geçmişi we şu güni

Halkymyzyň medeni durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly we özüniň ähmiýeti babatynda halkara derejesinde bähbitli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselesinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we onuň sekretariatynyň «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar bilen durmuşa geçirýän işleri barmak büküp sanardan köp. Amala aşyrylýan şol işleriň hatarynda türkmen saz sungaty bilen baglanyşyklylary-da bar. Meselem, Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky buýsançly habary halkymyzyň uly şatlyk bilen kabul edenine köp wagt bolanok. Onsoň, ýene bir milli saz guralymyz bolan gyjagy hem bu abraýly sanawa girizmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygy baradaky habar bizi diýseň begendirdi. Şeýle bolansoň, saz sungatyny öwreniji hökmünde gyjagyň taryhy ýoly, halkymyzyň saz sungatynda tutýan orny barada gürrüň etmegi özüme parz bildim. Gyjak saz guraly hakda gürrüň etmekçi bolsam, bada-bat geçen asyryň segseninji ýyllarynda «Türkmen halk instrumental saz sungaty» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýa işime maglumat toplap ýören ýyllarym başdan geçiren bir wakam ýadyma düşýär. Şonda gyjak barada ýazan ylmy makalama syn ýazdyrmak üçin TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işleýän belli edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowy

Milli gymmatlyklarymyz — umumadamzat mirasy

22-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen özara gatnaşyklaryň giň meselelerine garaldy we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary, şol sanda milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerine we tabşyryklaryna laýyklykda şu ýylyň alty aýynda topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri, 2023-nji ýyl üçin meýilnamada kesgitlenen wezipeler, 2024-nji ýylda Aşgabatda Türkmenistanyň bu guramanyň düzümine girmeginiň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçiriljek halkara maslahata taýýarlyk barada maglumat berildi.

Halypalaryň ýaşlyk albomyndan

Suratda: (çepden) Rejepbaý Şiriýew, mekdep mugallymy Badam Taganow, (oturanlar çepden) ýazyjy Kömek Kulyýew, Ahmet Bekmyradow we Röwşen Tagan (1972 ý.).