Türkmen keçesi — öýüň zynaty

2 Awgust 2023
685

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol-ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy we dünýä çykarylmagy, halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Şonuň bilen birlikde, taryhyň altyn sahypalarynda öçmejek yz goýan, nesilleriň aňyna baky ornan pederlerimiziň şan-şöhratly, mertebeli ýoly milli ýörelgelerimizde, medeni-ruhy mirasymyzda öz beýanyny tapýar. Bu günki gün Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ol ýer ýüzüne ýaň salýar, dünýä ýüzüne seýran edýär.

Gözbaşyny asyrlaryň çuňluklaryndan alyp gaýdýan milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň taryhy diýseň baý we köptaraplydyr. Parasatly ata-babalarymyz taryhyň dürli ýyllarynda medeni, ruhy, maddy gymmatlyklary döredipdirler, olary geljekki nesillere dowamat dowam bolmagynyň ygtybarly ýollaryny agtarypdyrlar. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzyň gadyr-gymmaty, gözelligi, ajaýyplygy hiç hili ýitirilmän, ýoýulman biziň häzirki günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesi üstünden ýyllaryň aşmagy bilen kämilleşipdir, olar belent derejä göterilip, synmaz sungata öwrülipdir. Şeýle gymmatlyklaryň biri-de milli sungat derejesine ýetirilen, halkymyzyň senetçilik sungaty bolan türkmen keçeleridir. Ene-mamalarymyzyň akyl eleginden eläp, paýhas çeşmesinden süzüp, ýokary kämillik derejesine ýetiren keçeleri halkyň gündelik durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda «Taryhy-etnografik maglumatlar keçäniň diňe bir düşek hökmünde ulanylman, eýsem, ondan öý goşlary, hojalyk enjamlarynyň örtgüsi, ýagyşdan, sowukdan goranmak üçin ýapynja, başgaplaryň we beýleki milli egin-eşikleriň dürli görnüşleriniň taýýarlanylýandygyny habar berýär» diýlip aýdylýar. Şeýle hem, suwy we beýleki azyk önümlerini talabalaýyk saklamakda, mal-garany tomsuna yssydan, gyşyna bolsa aňzakdan goramakda hem keçelerden giňden peýdalanylypdyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Kelteminarlylar Amulda ýasalan 40-50 litre çenli suw ýerleşýän mis çelekleri (suwdan) dolduryp, daşyna-da ýörite taýýarlanan keçe örtgüleri geýdirip goýýar ekenler. Munuň özi, tomus aýlarynda suwuň köp wagtlap sowuk saklanmagyna ýardam edipdir» diýlip bellenilýär. «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda bolsa türkmenleriň aw tazylaryna hem keçeden ýapynja, ýagny jul geýdirendikleri barada: «Güýzde, awyň öňüsyrasynda tazylara keçeden taýýarlanan jul geýdiripdirler, ol awa goýberilmegiň öň ýanynda çykarylypdyr» diýlip nygtalýar.

Gülälek HANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.