Gyjagyň geçmişi we şu güni

25 Iýul 2023
934

Halkymyzyň medeni durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly we özüniň ähmiýeti babatynda halkara derejesinde bähbitli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselesinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň we onuň sekretariatynyň «Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» atly şygar bilen durmuşa geçirýän işleri barmak büküp sanardan köp. Amala aşyrylýan şol işleriň hatarynda türkmen saz sungaty bilen baglanyşyklylary-da bar. Meselem, Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi baradaky buýsançly habary halkymyzyň uly şatlyk bilen kabul edenine köp wagt bolanok. Onsoň, ýene bir milli saz guralymyz bolan gyjagy hem bu abraýly sanawa girizmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygy baradaky habar bizi diýseň begendirdi. Şeýle bolansoň, saz sungatyny öwreniji hökmünde gyjagyň taryhy ýoly, halkymyzyň saz sungatynda tutýan orny barada gürrüň etmegi özüme parz bildim.

Gyjak saz guraly hakda gürrüň etmekçi bolsam, bada-bat geçen asyryň segseninji ýyllarynda «Türkmen halk instrumental saz sungaty» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýa işime maglumat toplap ýören ýyllarym başdan geçiren bir wakam ýadyma düşýär. Şonda gyjak barada ýazan ylmy makalama syn ýazdyrmak üçin TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işleýän belli edebiýatçy alym Ahmet Bekmyradowyň ýanyna barypdym. Ol makalama göz gezdirdi-de: «Bolanok, beýle zada «gowy» diýip, syn ýazyp bilmerin» diýdi. Soňam: «Inim, Çaryýar, heý seniň «Oguznamadan» habaryň barmy?» diýip ýüzüme seretdi. Men «ýok» diýen manyda egnimi gysdym. Ahmet: «Of-f!.. Ony bilmänem, halkyň taryhyna ýüzlenip bolarmy? Bolmaz, inim, bolmaz!» diýdi-de, iş otagyndaky kitaplaryň arasyndan birini çykaryp, sahypalaryny waraklap başlady. Gözleýän maglumatyny tapansoň: «Ine, şu kitaba «Oguznama» diýýärler. Bilýäňmi, onda näme diýlip ýazylypdyr?! Geçmişde milletimiz içi köwlen agaja gypjak diýer ekenler. Bu kitapda häzirki gypjaklaryň taýpabaşy agajyň köweginde dünýä inipdir diýen maglumat bar. Içi köwlen agaçda dünýä ineni üçin Oguz atamyz oňa «Gypjak» diýip at beripdir. Eger-de sen gyjak saz guralynyň kädisine üns berseň, ol içi köwlen agajy ýatladyp durandyr» diýip, kagyzyň gyrasyndaky boş ýerlere birtopar bellik etdi. Şol bellikler esasynda makalany täzeden işläp, syn almak üçin soň gelmegimi tabşyrdy. Ýeri gelende aýtsam, Ahmediň bellikleri esasynda täzeden işlän makalam şol döwürde «Türkmenistanyň ýadygärlikleri» atly ylmy žurnalda çap bolupdy.

Çaryýar JUMAÝEW,
sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory.