Nesil terbiýesinde gymmatly gollanma

1 Awgust 2023
632

Çaga — ene-atanyň göz-guwanjy, durmuşynyň bezegi, ömrüniň manysy, dowamat dowamy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, olar biziň geljekki özümiz, biziň geljegimiz. Körpejäniň dünýä inmegi bilen maşgalada süýji aladalar başlanýar. Çagalaryň hersi bir gyzykly erteki kimin ynsan durmuşyny bezeýär, uly şatlyga besleýär. Her bir türkmen maşgalasynda ene-ata perzendini söýgi-mähir bilen gurşap onuň edep-ekramly, ylymly-bilimli, ilhalar, zähmetsöýer ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda aladalanýar. Maşgala ojagynda başlanýan terbiýe mekdebi soňra çagalar baglarynda dowam edýär.

Milli Liderimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda halkymyza peşgeş beren «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň nesil terbiýesinde her birimiz üçin gymmatly gollanma, ruhy çeşmedigini bellemeli. Bu ajaýyp kitapda nesil terbiýesi baradaky öwüt-ündewlere, nesihatlara, rowaýatlara, tymsallara, ýatlamalara aýratyn orun berlipdir. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde: «Her gezek ýüzleri gülüp duran körpe balalary, ýaş çagalary görenimde, olaryň didarynda Ýaradanyň nury-nygmatyny görýärin. Olaryň her biri berkarar döwleti bezejek özboluşly bir ajaýyplyk. Şeýle gymmatlyga gadyr gözi bilen garamak üçin olaryň edep-terbiýesine ymykly üns bermeli» diýip belleýär.

Ogulkeýik Ýollyýewa,
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynyň müdiri.