Akyldar şahyryň hormatyna

27 Iýul 2023
655

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahatyň hem-de serginiň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bu medeniýet ojagy bilen bilelikde guramagynda geçirilen çärä bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden döredijilik işgärleri Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň etdiler. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen goşgular çärä gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Mahym AKYÝEWA.
Surata düşüren Döwletgeldi HUDAÝBERDIÝEW.