Saçbagy

25 Iýul 2023
661

Gyz-gelinlerimiziň gözelligine gözellik goşýan, olary bezeýän zatlaryň biri-de saçdyr. Şonuň üçin-de olar saçlaryny darap, örenlerinde saçbagylara uly ähmiýet beripdirler. Milli bezeg lybaslarymyzyň, gymmatlyklarymyzyň biri bolan saçbagy baradaky setirler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem bar:

Saçbagyň ujunyň simdir işmesi
Üstünden ýol düşse kyndyr aşmasy

Oguljennet ALLAMYRADOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.