Nepisligiň nusgasy

26 Iýul 2023
518

Türkmen zenanlarynyň kalbynyň gözelligini olaryň on barmagynyň hünäri bolan keşdelerinde görmek bolýar. Keşde gaýtalanmaýan sünnäli el işidir. Ol zehin-başarnygy, sabyrlylygy, ýadawsyz zähmeti talap edýär.

Gelin-gyzlarymyzyň çäksiz yhlasyndan dörän keşde-nagyşlar daşary ýurtly alymlary, mirasy öwrenijileri hem mydama gyzyklandyryp gelipdir. Etnografiýany öwreniji alym A.S.Morozowyň ýazgylarynda şeýle setirler bar: «Türkmen zenanlarynyň başyna atýan kürtelerine we çyrpylaryna salynýan durnukly bezeg däpleri, ylaýta-da, ösümlik şekilli nagyşlar bilen bezemek ýöne ýerden döremän, eýsem, ol türkmen halkynyň yslamdan öňki gadymy ynamy — tebigaty janlandyrmaga bolan mukaddes isleg-arzuwy bilen baglanyşykly dörän bolsa gerek». Ine, şu setirlerden hem görnüşi ýaly, türkmen gelin-gyzlarynyň beýleki halklaryňka meňzemeýän keşdelerinde «Alaja», «Tegbent», «Dagdan», «Gülýaýdy» ýaly giňden peýdalanan nagyşlary olaryň tebigata bolan söýgüsini, zenan dünýäsiniň gözelligini açyp görkezýär.

Amansoltan Ataýewa,
Balkanabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.