Ezberlige ýetiren erjellik

26 Iýul 2023
849

Aýdyma yhlasyny, höwesini gaýgyrmadyk her bir adam hiňlenip biler. Emma saz çalmak welin, hyýal edeniň bilen her kime başartmaýar. Ýekeje-de perdesi bolmadyk gyjak saz guralyna erk etmek ýeňil däl. Yhlasyň, ýiti zehiniňdir ýatkeşligiň, gowşamaýan erjelligiň bolmasa, ondan erkiň asgyn gelýär. Şoňa ýürek bilen ýapyşanlara «Berekella!» diýäýmeli.

Atajanyň gyz dogany Seregül Saýat etrabynyň Sakar şäher medeniýet merkezinde aýdymçy bolup işleýärdi. Ol öz ýany bilen jigileri Agajany we Atajany etrapda geçirilýän aýdym-sazly çärelere ýygy-ýygydan äkiderdi. Seregülüň dutardyr gyjagyň owazlarynyň sazlaşmagynda ýanamaçy bagşy hökmünde ýerine ýetirýän «Tüni derýa», «Selbinyýaz», «Öwezim», «Nowgül» ýaly belent çeküwli aýdymlary jigileriniň göwünlerinden turdy. Soňabaka olaryň özlerem aýdym aýtmaga, saz çalmaga gyzygyp başladylar. Agajan gitarany, Atajan bolsa gyjagy saýlady.

Ören ATAKOW,
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy.