Wagtyň we adam ömrüniň şahyrana beýany

27 Iýul 2023
591

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyran gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, döwlet-hukuk taglymatlaryny öwrenmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şahyrymyzyň edebi mirasynda wagt, wagtyň geçmegi, adamyň ömri, onuň many-mazmuny barada filosofik oýlanmalara, pelsepe garaýyşlaryna örän ähmiýetli orun berlipdir.

Esasan hem şahyryň «Nahana geldiň», «Jana geldiň», «Joşa ýetdiň», «Many bilmez ýaşynda», «Sana geldiň» ýaly goşgularynda çaganyň ene  göwresinde kemala gelmegi, dokuz aý, dokuz günden soň onuň jahana inmegi, ýörjen-ýörjenlikden saýlanyp, oglanlyga, ýigitlige ýetmegi, orta ýaş, kämillik ýaş, garrylyk ýaly tapgyrlary geçişiniň ahwaly uly ussatlyk bilen beýan edilipdir.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, ýuridik ylymlaryň kandidaty.