Türkmen keçesiniň güli owadan

27 Iýul 2023
932

26-njy iýulda paýtagtymyzda ýerleşýän “Toý mekany“ dabaralar merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň hem-de “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň bilelikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň çeper elli, zähmetsöýer zenanlarynyň arasynda yglan eden  “Gülüň owadan!” atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Onda welaýat tapgyrlaryndan ýeňiji bolup gelen gelin-gyzlar şertleriň üçüsi boýunça bäsleşdiler.

Öýlerimiziň törüniň bezegi bolan türkmeniň milli keçesiniň ajaýyp nusgalarynyň taýýarlanyş usullaryny açyp görkezmek arkaly ýaşlarda zenan edebini, tebigy gözelligi, asylly gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza, ene-mamalarymyzdan galan ajaýyp el işlerine bolan höwesi artdyrmak, asyrlaryň synagyndan geçen keçe sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesillere onuň taýýarlanylyşyny öwretmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşik diýseň çekeleşikli boldy.

Ogulgerek GANDYMOWA,
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň baş hünärmeni.