Nusgalyk gymmatlyklarymyz ÝUNESKO-nyň sanawynda

27 Iýul 2023
827

Halkymyzyň örän gadymdan gelýän şöhratly taryhy, baý milli mirasy bar. Ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly işler halkyň medeni mirasy barada döwlet derejesinde edilýän uly aladalaryň netijesidir. «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» atly köptaraplaýyn hödürnamalar boýunça zerur bolan çäreler hem ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň agzalan hödürnamalara goşulan döwletler bilen hyzmatdaşlygy esasynda bilelikde amala aşyryldy.

Ähli welaýatlaryň keşdeçileri, ýüpek taýýarlaýjylary, boýagçylary, Hoja Nasreddin Ependi hem-de onuň şorta sözleri boýunça ylmy-barlag işlerini alyp barýan alymlar bilen pikir alyşmalar, maslahatlar, söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilip, gerek bolan gymmatly maglumatlar toplanyldy. Şol maglumatlar esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda Konwensiýasynyň talaplaryna laýyklykda resminamalar taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň hökümetara komitetiniň degişli bölümine ugradyldy. Netijede, Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde 2022-nji ýylyň 28-nji noýabry — 3-nji dekabry aralygynda geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça komitetiniň 17-nji mejlisinde «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» atly köptaraplaýyn hödürnamalaryň resminamalarynyň Konwensiýanyň talaplaryna laýyk gelýändigi gözden geçirilip, hökümetara komitetiň ähli agzalarynyň biragyzdan goldamagy esasynda bu hödürnamalar ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ogultäç HOJANAZAROWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.